T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Gara Seýitliýewiň ömri we döredijiligi



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə23/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   19   20   21   22   23   24   25   26   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Gara Seýitliýewiň ömri we döredijiligi
(1915-1971)
Terjimehal maglumatlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew 1915-nji ýylda Baharly etrabynyň Garagan obasynda eneden bolýar. Şahyryň kakasynyň öňdebaryjy, täzeçil adam bolmagy oglunyň hatly-sowatly bolup ýetişmetine ýardam edipdir. Şahyr başlangyç bilimi obada alýar. Soňra Aşgabat mugallymçylyk mekdebini tamamlap, Aşgabatda, Gyzylarbatda mugallym bolup işleýär. Ol ýokary bilim almak üçin Bakuwa gidip, ol ýerdäki pedagogik instituta okuwa girýär. 1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşy başlanandan soňra Aşgabada gaýdyp gelýär.
Urşuň başlanmagy bilen G.Seýitliýew meýletinlik bilen urşa gidýär we Gazagystanda harby mekdepde okadylýar. Ýöne işlemäge hünärmenleriň ýetmeýänligi sebäpli ol goşun gullugyndan boşadylýar. Ilki Türkmenistanyň Sungat işleri boýunça uprawleniýesinde, soňra Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde işleýär.
Gara Seýitliýew soňky ýyllarda Türkmenistanyň Medeniýet ministri wezipesine saýlanýar.
G. Seýitliýew Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesidir. Şahyr edebi jemgyýetçilik hyzmatlary üçin birnäçe orden-medallar, Türkmenistan Ýokary sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglandy. Uly döwlet we jemgyýetçilik işgäri G.Seýitliýew ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministri wezipesinde işledi. Ol 1971-nji ýylda aradan çykdy.
Döredijilik häsiýetnamasy. G.Seýitliýew döredijilik işine 1938-njy ýylda başlaýar. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy «Şahyryň lirasy» ady bilen 1941-nji ýylda neşir edilýär. Bu ýygyndy many-mazmun baýlygy, çuň lirizmi bijen dessme okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
Şahyr ýurtdaşlary, galamdaşlary bilen bir hatarda durup, Watan ugrundaky söweşe gatnaşyp bilmese-de, ählihalk söweşinden çetde durmaýar. 1942-nji ýylda medeni brigadanyň düzümine goşulyp, Kalinin hem-de Demirgazyk-Günbatar фrontlarynda bolýar. Ol ýerde rus, ukrain özbek... doganlary bilen egin-egne berip söweşýän ildeşleri bilen duşuşýar, olaryň söweş gahrymançylyklaryna ýüregi joşýar. Şol şahyryna joşgunyň netijesi hem «Söweşjeň ylham» (1943) atly ýygyndy bolupdy.
Şahyryň bu ýygyndysynda anyk taryhy şahslara, gahrymanlara bagyşlanyp ýazylan goşgular-da bar. «Gurban Durdy», «Pogonly gyz» ýaly goşgulary muňa mysal getirmek mümkin. Bu goşgularda düýnki parahatçylykly zähmet çekip ýören adamlaryň uruş ýagdaýynda görkezýän gahrymançylyklary wasp edilýär.
G. Seýitliýew döredijilik işine duýpli berlip, soňra ençeme şahyrana eserler, goşgular kitaplaryny döretdi. «Goşgular» (1948), «Jeren» (1951), «Parahatlyk ýeňer» (1953), «Saýlanan goşgular» (1955), «Goşgular» (1957), «Kemal» (1957), «Hindistapyň gülleri» (1960), «Ganatly döwür» ("1962), «Bir tomluk» (1970) we başga-da käbir eserleri G. Seýitliýewiň türkmen edebiýatyna uly goşant goşandygyny gurrüňsiz subut edýär.
Şahyryň «Halkym» (1941), «Gözel Moskwam» (1942), «Gahryman m:şaý» (1942), «Watan» (1942) şygyrlarynda ildeşlerimiziň watançylyk duýgulary obrazly açylyp görkezilýärdi. Şahyr urşuň betbagtlygyň, jebir-jepapyň öýjügidigini, parahatlygyň bolsa gezelligiň, eşretli-ýaşaýşyň çeşmesidigini çeper detallar, oýlanmalar arkaly okyjylara ýetirýärdi. Watanyň ene topragyn üstüne howp abananda, ata-babalarymyzyň gan döküp gazanan azatllygyna dawa edilýän pursatynda ýürekleri ar-namysdaň il-günune bolan söýgüden doly ýigitleriň ganym duşmanyň garşysyna aýaga galmalydygyny şahyr hyjuwly setirlerde teswirleýärdi.
Şahyryn «Hoşlaşyk» (1941) goşgusynda Watan goragyna ugraýan ýigit öz söýgülisine ahyrky demine çenli göreşjekdigini, söýgüsiniň, ene topragynyň adyna ysnat getirmejekddgini ýürekden syzylyp çykýan sözler bilen ynandyrýar. «Pogonly gyz» (1942) şygrynda bolsa, janyny aýaman söweşýän gaýduwsyz esgerlerimiziň ýaralaryna em edip kyn pursatlarda kömege ýetişip Watan öňündäki borjuny ödeýän sanitarkanyň oý-hyýallaryny, hereketlerini synlap bilýäris. «Gurban Durdy» (1942) atly goşgy bolsa türkmen halkynyň edermen ogly, Sowet Soýuzynyn Gahrymany Gurban Durdynyň, gaýduwsyzlygy dogrusynda şahyranalyk bilen gürrüň berýär. Görnüşi ýaly, G. Seýitliýewiň «Söweşjeň ylham» atly ikinji kitabynyň tutuş süňňi Watany jan-dilden söýmeklige ýugrulypdyr.
Şahyryň poeziýasy haýsy temada bolsa bolsun, çuňňur watançylyk duýgusyna ýugrulan.
G.Seýitliýew parahatçylygyň jarçysy, azatlygyň, dostluk-doganlygyň joşgunly aýdymçysydyr. Onuň dostluk-doganlyk temasyndan ýazan eserleriniň arasynda rus halkyna bagyşlan goşgulary aýratyn orun tutýar. «Rus gardaşym», «Iki dogan», «Puşkin», «Gorkiniň portretiniň öňünde», «Salam, Moskwa!» goşgularynda iki halkyň doganlyk-dostlugy hakda şahyrana söz açylýar. Bulardan başga-da şahyr özbek, täjik, azerbaýjan, gyrgyz, ukrain, eýran, hindi halklaryna bagyşlap hem goşgulary döretdi. Halklaryň doganlygy-dostlugy temasy şahyryň «Hindistanyň gülleri» diýen kitabynda has hem ösdürilýär.
G.Seýitliýewiň döredijiliginde zähmet temasy, tebigat gözelliginiň waspy, syýasy-publisistik, satiriki goşgular uly orun tutýar. Şahyr tebigat gözelligini inçe ynsan duýgulary bilen berk baglanyşykda suratlandyrýar.
Şahyr tebigat temasyndan ýazan goşgularynda tebigat gözelligini gorap saklamaga, tebigatyň gözelligine gözellik goşmaga çagyrýar:
Dünýäden gitmesin hiç kim bergidar,
Iň bolman bir agaç eksin ýadygär.
Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar…
Gara Seýitliýew söýgi liřikasynyň iň gowy nusgalaryny döreden şahyrlaryň biridir. Şahyryň yşky-liriki goşgularynda zenan gözelligi, söýgüsi ynsanyň iň päk, iň belent, iň mukaddes duýgusy hökmünde uly joşgun bilen wasp edilýär.
«Gaşy sürmeli» goşgusynda ynsan duýgulary çeperçilik serişdeleriniň üsti bilen täsirli açylyp görkezilýär:
Dogaňda dogupsyň gaşy sürmeli,
Zülpleriňi ogşap-ogşap örmeli,
Bagty görmek islän seni görmeli,
Düşümlidir, gülüm, aýagyň seniň.
Görsem, ýüregimde bir tupan turar,
Görmesem, ýüregim mydam ah urar,
Alkymyňdan atyr ysy bark urar,
Gülabyň gaýmagy dodagyň seniň.
G.Seýitliýew Eýran, Hindistan hakda onlarça goşgulardyr poemalary döretdi. Olardan «Kemal» poemasy, «Eýran eneleri gul dogurmaýar», «Altyn adasynda aç» goşgulary eýran halkynyň durmuşyndan söz açsa, «Hindistanyň gülleri» goşgular toplumyna girýän «Kelkette», «Tagoryň myhmany», «Çökýän minara», «Täçmahal», «Ýylan tansy» we beýleki birnäçe goşgulary hem-de «Turşuja ot» poemasy gözel ülke Hindistana we onuň merdana halkyna bagyşlanýar.
Şahyr «Hindistanyň gülleri» goşgular toplumynda bu ülkäniň ajaýyp tebigatyny, dünýä belli taryhy ýadygärliklerini, taryhy şahsyýetlerini, beýik hindi halkynyň gyzgyn ýüregini, ynsansöýüjilikli ajaýyp häsiýetlerini şahyrana wasp edýär.
«Hindistanyň gülleri» goşgular toplumyndaky «Gözlerimde saklansyn» atly goşgy şahyryň söýgi lirikasynyň dürdäneleriniň biri hökmünde türkmen poeziýasynyň naýbaşy eserleriniň birine öwrüldi:
Owadandan owadan gyzlar gördüm dünýäde,
Emma seniň ýüzüň dek nurly ýüzi görmedim.
Owadandan owadan gözler gördüm dünýäde,
Emma seniň gözüň dek nurly gözi görmedim.
Emma senden hem garyp harly gyzy görmedim.
Ýörişiň messan-messan,
her bakyşyň bir dessan,
Seni dünýä bagş eden
gözel ülke Hindistan.
Seniň röwşen gözleriň gözlerimde saklansyn,
«Gara saňa aşyk!» diýip, goý, çaklansa çaklansyn. G. Seýitliýew ömrüniň soňky ýyllarynda «Adam we dünýä» atly pelsepewi goşgular toplumyny döretdi. Şahyr bu goşgularynda adam we dünýä, adam we döwür, adam we onuň borjy, Watan, ene toprak, wepa, ynsap, ene, söýgi, gözellik we beýleki meseleler barada filosofik-şahyrana pikir ýöredýär.
G. Seýitliýew şahyr hem dramaturgdyr. Onuň häzirkizaman temasyndan söz açýan «Jahan», Güseýin Muhtarow bilen ýazan «Kümüş gapyrjak», «Çopan ogly», «Bagbanyň gyzy», Taňryguly Taganow bilen döreden «Ebedi diriler» we beýleki birnäçe drama eserleri ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnasynda goýuldy.
Gara Seýitliýewiň ahyrky kitaby «Bir tomlugy» (1970) bolupdy. Şahyr tarapyndan janypkeşlik bilen sünnälenip taýýarlanylan bu ýygyndy onuň ýarym asyrdan agan ömür ýolunyň, otuz ýyldan gowrak döredijilik işiniň aýdyň beýany bolupdy. Ol küti kitabynda şahyryň gyzykly, şahyrana duňýäsine syýahat etmek juda ýakymly. G.Seýitliýew edebiýatymyzy ölmez-ýitmez eserler bilen baýlaşdyran kämil şahyrdyr.
G. Seýitliýewiň poeziýasynyň tematikasy örän giň. Şahyr döwür bilen deň gadam basyp, durmuşyň sesine ses goşdy. G.Seýitliýewiň köp goşgulary aýdym edilip aýdylýar. Şahyryň «Şat Watanymyň aşygy», «Aşgabat», «Balykçynyň aýdymy», «Jos, kanalym», «Gaşy sürmeli», «Daň şemaly», «Gözleriň», «Zor oglan», «Aýdymyň menden», «Leýla» we beýleki birnäçe aýdymlary hut halk aýdymlary ýaly il arasynda giňden meşhurdyr.
Şahyryň onlarça goşgular ýygyndysy türkmen hem rus dillerinde dürli ýyllarda neşir edildi.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   19   20   21   22   23   24   25   26   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin