Wagt – hiç bir zady saklap duranok. Halk arasyndaky “iki aýakly iki günde” diýen pähimli sözleri hem ýöne ýere däldir. Ata Gowşudowyň hem Ogulgerek ejeden hüwdi diňläp ýören wagty edil düýn ýalydy. Ogulgerek ejäniň ogluna hüwdi, erteki aýdyp berip Atanyň kalbynda edebiýata bolan söýgüni döreden bolsa, bugün Atanyň kalbyndaky bu söýgi uçgun alyp edebiýat atly uly ýörelgä gadam basmagyna sebäpçi boldy. Ata, kämillik ýaşyna ýetdi agy-garany saýgaryp başlady, ol toý-dabaralara gatnaşyp bagşylaryň dilinden halk dessanlarymyzy ýygnap, kagyza düşürip başlady.