119
Şonda kagyz bölejikleriniň daraga çekilip
ýapyşýandygyny görýäris (83-nji surat).
83-nji surat.
Edil şeýle hadysany şarikli ruçkany ýüňden
ýasalan zada sürtüp kagyz bölejiklerini, başga
ýeňil predmetlere we hatda inçy suw akymyna
täsir edýändigini görmek mümkin (84-nji surat).
1
2
3
84-nji surat.
Şokolad dolanan ýaldyrawuk metal kagyzy 2 sm giňlikde kesip
ony galama dolap silindr ýasalyň. Soňra onuň ujundan deşip ýüpüň
kömeginde asyp goýalyň. Çüýşe taýajygy ýüpege sürtüp asyp goýlan
silindre ýakynlaşdyrsak ol taýajyga dartylýar we taýajyga degenden
soň ondan iteklenýär! Ikinji bir ýüpe asylan silindre ýüňe sürtülen
ýantar taýajygy ýakynlaşdyralyň. Silindr ýantar taýajyga dartylyp oňa
degenden soň ondan iteklenýär (85-nji surat). Bulara sebäp silindrler
taýajyklara degenden soň elektriklenmegidir.
85-nji surat.
Indi silindrlere taýajyklaryň ýerini çalşyryp ýakynlaşdyralyň.
Silindrleriň ýene taýajyklara dartylýandygyny görmek mümkin.
Tejribelerden aşakdaky netijeleri çykarýarys:
1. Elektriklenen jisimler başga elektriklenmedik jisimleri,
meselem, maýda kagyz bölejiklerini, saçyň tüýlerini
özüne
çekýär.
2. Elektriklenen birmeňzeş taýajyklardan zarýad alan jisimler bir-
birinden iteklenýär. Çüýşeden we ýantar taýajyklardan zarýad alan
jisimler bir-birine dartylýar.
120
Diýmek, ýüpege sürtülen çüýşe taýajykda bir görnüşdäki
elektrik
zarýadlary, sütüge sürtülen ýantar taýajygynda ikinji görnüşdäki
elektrik zarýadlary bolýan eken.
Fransuz alymy Ş. Dýufe we amerikan alymy B. Frankliniň
teklibine görä birinji görnüşdäki zarýady şertli ýagdaýda
Dostları ilə paylaş: