Matallar.
Bir alaja ýüpüm bar, nirä uzatsam ýetýär.(göz)
Gider-gider yzy ýok daýanmaga dyzy ýok.(Suw)
Gatlak –gatlak gatlama, gatlamadan ätleme (kitap).
Ýerden çykan nyşana, meňzär işana.(Kömelek).
Açylmadyk sandykda dogulmadyk bal ýatyr.(Çaga).
Syry üstünde syzy men, yrty gyzyl tazy.(Ýüzük).
Bir itim bar üýrmezek, öýe adam goýbermezek.(Gulp).
Agzy gyzyl alamat düýbi gyzyl kyýamat, hassa girer sag çykar,
sagsyzlara salamat.(Tamdyr).
Gaýradan gelýär hekek, boýny uzyn gözi gök baý baý onuň
parlaýşyn sazsyz, dilsiz sözleýşin.(Saz tüýdik).
Çeper edebiýat çagalary akyl, ahlak we gözellik taýdan
terbiýelemekde hem-de sözleýiş dilini ösdürmekde bahasyna ýetip
bolmajak serişdeleriň biridir. Ertekileri, hekaýalary, goşgulary we
matallary diňlemek çagalaryň iň gowy görýän işleriniň biri hasaplanýar.
Çagalary çeper edebiýat bilen tanyş etmek boýunça hemme
taraplarda ýörite meşgullanma geçirilýär. Çagalary çeper edebiýat bilen
tanyş etmek boýunça köp işler meşgullanmadan başga wagtlarda
geçirilýär.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
62
Köpçülikleýin sapaklar toparyň ähli çagalaryny öz içine alýar
(gezelenç döwri synlamak, hereketli oýunlar, çagalaryň döredijiligini ýa-
da tomaşalary synlamak).
Beýleki işler toparlaýyn geçirilýär (toparlary gezekleşdirmek
bilen). Çagalar bilen ýekelikdäki işler hem göz öňünde tutulmalydyr
(goşgy, matal, ýatlamak we ş.m).
“Çagalar bagynda terbiýeçilik işleriň maksatnamasynda” körpelere
okap, gürrüň edip hem-de ýat tutdurmaly eserleriň sany berlendir. Her bir
terbiýeçi öz işleýän toparlarynda “Maksatnamada” görkezilen eserleri
örän gowy bilmelidir. Terbiýeçi bulardan başga-da täze neşir edilen eser
bilen gowy tanyş bolup durmalydyr.
Terbiýeçi her bir eseriň mazmunyny öz toparyndaky çagalaryň
aňyna, duýgularyna örän ussatlyk bilen ýetirmelidir. Her bir eşidiş çeper
mazmuny terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Terbiýeçi şol zatlary her bir
çaganyň aňyna ýetirmelidir.
Her bir çaga çeper eseri okaýjy däl-de, diňleýji hasaplanýar. Şonuň
üçin terbiýeçi okan ýa-da gürrüň edýän eserlerini örän düşnükli, sada we
çeper dil-de okamalydyr we gürrüň etmelidir. Eseriň çagalar üçin has-da
düşnükli
bolmagy
üçin
degişli
suratlardan,
diafilimlerden,
plastinkalardan ýerlikli peýdalanylsa gowy bolardy.
Çagasy çagalar bagyna gidýän ýagty ata-eneler gapma-garşy
duýgulary başdan geçirýärler. Bir tarpdan körpäniň ulalanlygy üçin şatlyk
bar. Çagalar bagynda ol biraz wagt ozbaşdagrak bolar, täze adamlar
bilentanyşar, täze dostlary tutunar we siz özüňiz üçin biraz wagt aýryp
bilersiň.
Çaganyň hereketleriniň kadaly ösmegi üçin, onuň beden we aň
taýdan ösüşiniň kadaly ösmegi üçin, onuň beden we aň taýdan ösüşiň
kadaly ýagdaýda bolmagy zerur. Çaganyň sagatlygyna, kadaly ösüşiniň
şaýatlyk edýän üç alamatynyň-hereketiniň, bedeniň we aňyň ösüşi özara
berk bagly bolup durýar
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
63
Rowaç
Rowaçlygy buşlap gelen
Ýyllaryň salamy Rowaç!
Göwünleri hoşlap gelen
Ýyllaryň kemaly Rowaç!
Pederleriň tagzym-togaby,
Geçmişiň ertä dowamy,
Kişňeýşiň – arşyň owazy,
Kalbymyň senasy, Rowaç!
Dostları ilə paylaş: |