Sürtülme güýjüni ölçemegiň jedweli
Ýüksüz dinamometriň
görkezişi (N)
Tagtajyga goýlan ýüküň
massasy (kg)
Ýükli ýagdaýdaky dina-
mometriň görkezişi (N)
Maýyşgaklyk güýjüni ölçemegiň jedweli
Ýük asylandaky dina-
mometriň görkezişi (N)
Ýük hereketlenendäki dina-
mometriň görkezişi (N)
Rezin goýlandaky dina-
mometriň görkezişi (N)
1. Näme sebäpden tagtajygyň üstüne ýük goýlanda sürtülme
güýji artýar?
2. 3-nji tejribede rezin iki eplenip daňylsa, dinamometriň
görkezişi nähili üýtgeýär?
3. Agyrlyk güýjüni tereziniň kömeginde ölçemek bolarmy?
56
23-nji TEMA
BASYŞ WE ONUŇ BIRLIKLERI
Bir sany çüýi alyp, ýuka tagta ujuny goýup, arkasyndan çekiç
bilen urulsa, çüý tagta aňsatja girýär. Eger tagta çüýi telpekli tarapy
bilen goýup çekiç bilen urulsa, çüý tagta girmeýär. Iki ýagdaýda-da
çekijiň zarba güýji bir meňzeş bolsa-da, netije her hili bolýandygynyň
sebäbi nämede? Onuň sebäbi, çüýüň tagta girmegi güýjüň
ululygyndan daşary, goýlan üste hem baglylygyndadyr.
Üst birligine dik ýagdaýda goýlan güýje dogry gelýän fiziki
ululyga
basyş
diýilýär
Basyş =
Basyş güýji
Güýjüň goýlan üsti
.
p =
F
S
,
p
– basyş,
F
– basyş güýji,
S
– güýjüň goýlan üsti.
Basyş
p
[ ]
=
1 N
1 m
2
=
1
Paskal
bilen ölçelýär. Gysgaça
1 Pa.
Bu
birlik fransuz alymy B. Paskalyň (1623–1662) hormatyna
goýlan.
Basyş tebigatda we tehnikada uly ähmiýete eýedir. Pyçaklaryň we
gaýçylaryň ýagşy kesmegi üçin, basyşy artdyrmak maksadynda, üsti
çalnyp durulýar.
Iňňeleriň uçlarynda, knopkada hem basyşy artdyrmak üçin ujy
ýiteldilýär (27-nji surat).
Tersine, basyşy kemeltmek üçin üsti ulaldylýar. Agyr ýük göterýän
maşyn laryň balonlary, ýeňil maşynlaryňka garanda inliräk bolýar.
Galyň garda ýörände batyp gitmezlik üçin aýaga çana daňylýar. Köp
etažly binalaryň fundamenti hem giň edilip gurulýar.
27-nji surat.
|