Italmaz Nuryýewiň ömri we döredijiligi9 (1938-1985) Mirasgär Ümür Eseniň makalasy esasynda taýýarlanyldy.
Terjimehal maglumatlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Italmaz Nuryýew 1938-nji ýylyň 20-nji fewralynda Sakarçäge etrabynyň Çöňür obasynda eneden dogulýar. Ol orta mekdebi tapawutlanan bahalar bilen gutarýar. Şahyr goşgy düzmeklige mekdep ýyllaryndan başlaýar.
Şahyr lukmançylyk institutyna okuwa girip, iki ýarym ýyl okap okuwyny taşlaýar. Bütin barlygy bilenem, şygryýet älemmiň jadyly dünýäsine düşýär.
Soňra 1964-nji ýylda Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyna okuwa girýär. Italmaz institutyň poeziýa seminarynda okanda Oşanin, Kowalenkow, Smelýakow ýaly ussatlardan halypalyk sapagyny alýar. Dünýä edebiýaty, onuň atly wekilleriniň döredijilik aýratynlyklary bilen içgin tanyşýar.
Italmaz institut ýyllarynda doganlyk türk halkynyň beýik ogly Nazym Hikmet (1963) bilen halypa-şägirtlik gatnaşygyny saklaýar.
Italmaz Nuryýew institut ýyllarynda kemsiz kämilleşýär. Dünýä edebiýatynyň iň oňyn ýörelge-däpleri bilen içgin tanşyp, dünýä derejesindäki ezber dörediji hökmünde iline dolanmanyň aladasyna berilýär.
Şahyr 1964-nji ýylda okuwyny gutaryp, Aşgabat kinostudiýasyna işe durýar. Edil şol ýylyň özünde ol 1964-nji ýyldan «Edebiýat we sungatda» işläp başlaýar.
Italmaz Nuryýew 1964 – 1975-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde edebi işgär bolup işleýär.
1976 -1980-nji ýyllar aralygynda «Magaryf» neşirýatynda işlän Italmaz Nuryýew diňe bir şahyr, ezber edebiýatçy, oçerkçi-publisist, terjimeçi, taýýarlykly žurnalist däl, eýsem, döwre kämil redaktordygynam äşgär edýär.
Şahyr 1977-nji ýylda «Halasgär», «Şygyr okap bereýinmi?» ýygyndylary üçin Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy.
Şahyr 1980-1984-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde işleýär. 1985-nji ýylda ýowuz dert ony biziň elimizden aldy.
Italmaz Nuryýewe 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at dakyldy.