Türkmenistanym (Watan hakynda goşgy)



Yüklə 0,82 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə9/11
tarix03.05.2020
ölçüsü0,82 Mb.
#31058
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11
Berdinazar Hudaýnazarow~Saýlanan goşgylar

Sen bolsa ataňy güýmemäge gel. 
 
Seni gutlap iki ýyljagaz bilen, 
Başyňy täçläli güljagaz bilen. 
Düşünip bolmaýan diljagaz bilen 
Geň-enaýy söhbet eýlemäge gel. 
 
Men dünýäde täsinligiň gurbany, 
Indi sen öwredýäň maňa gülmäni. 
Özüň iýip ardylanja almany, 
Ataňa-da az-kem emlemäge gel. 
 
Ýaş arzuw edeli uzakdan-uzak
Gaşyňdan ogşaly gezekme-gezek. 
Biz saňa gerek däl, sen bize gerek, 
Ýanymda näzijek saýramaga gel. 
 
Hem tans bilýäň, hem ylgap bilýäň, 
Täsin gülüp bilýäň hem ýyglap bilýäň. 
Hossarlary diňe sen ýygnap bilýäň, 
Biziň başymy jemlemäge gel. 

 
Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň 
 
Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň 
 
Gel, eý dünýe, bu söwdany oňlasaň, 
Seniň bilen alyş-çalyş edeýin. 
Sen-ä garyp ýaşlygymy gaýdyp ber, 
Men baýlygmy saňa bagyş edeýin. 
 
Ýetmiş ýylda der saçyplar gazanan 
Sylag-serpaýlarym seniňki bolsun. 
Üstesine hiç zat talap etmäýin, 
Diňe on sekiz ýaş meniňki bolsun. 
 
Elimden al derejämi, çinimi, 
Ä-ä diýmen: iň bir zabun işi ber. 
Ýöne ýetde-gütdelikde geçirlen 
Düýşe dönen şo-ol on sekiz ýaşy ber. 
 
Seňki bolsun, içi ýumşak maşynym, 
Seňki bolsun, gatbar-gatbar otagym. 
Maňa besdir, şo-ol on sekiz ýaş bilen 
Garyp çatmam — şol köneje ketegim. 
 
Müň bir aladadan hum bolan kelläm 
Deşik pökgi ýaly bolup ýeňlesin. 
Kakabaş günleri küýsän ýüregim 
Porhan bolup, gursagyma sygmasyn. 
 
Öňümdäki mele-myssyk nany al, 
Deregine ýylçyr gara daşy ber, 
Daş çeýnäpler, gum ýalaplar oňaýyn, 
Emma maňa şol on sekiz ýaşy ber. 
 
Öwezin almaga ýitirlen ömrüň 
Hakym barmy, ýokmy, hany aýdyp ber. 
Men bu dok durmuşy saňa bereýin 
Sen garny aç ýaşlygymy gaýdyp ber! 

 
Garrylyk mukamy 
 
Güýç gadyryn bilmediň sen, 
Güýçlüleriň biri wagtyň. 
Ala dagyň aç arslany, 
Dereleriň şiri wagtyň. 
 
Ýylgyrýarsyň käte-käte, 
Geçmişiňi salyp ýada. 
Başga gyz ýok bu dünýäde, 
Bir gözeliň ýary wagtyň. 
 
Ýeňdi, ýyllar seni ýeňdi, 
Gaýnap duran ganlar doňdy. 
Gije bilen gündiz deňdi... 
Ak geliniň äri wagtyň... 
 
Goňras takyr, akja alaň — 
— Ine, seniň ýatlamalaň. 
Güýçden galan garry peleň 
Kaýda galdy böri wagtyň?! 
 
Ýaş indi bir çene ýetdi, 
Ýatdy, gardaş, howruň ýatdy. 
Ýalan düýşe döndi gitdi, 
Arassaja — gury wagtyň. 
 
Sen gidersiň — ýurduň galar, 
Ýygyp-düýren zadyň galar. 
Galsa diňe adyň galar — 
Ýagşylyk et diri wagtyň. 
 
Dost hatyrasy 
 
Hemmesi gutardy. 
Hemmesi geçdi. 
Ömür tamam boldy, düşünýärmisiň? 
Bu daş köçelerde ýaňlanmaz indi 

Meniň adym tutup gygyrýan sesiň. 
 
Seniň şo-ol haýbatly gadamlaryňa 
Mundan beýläk gadamymy goşma ýok. 
Bu şäheriň meşhur çaýhanasynda 
Çişligiň başynda ikileşme ýok. 
 
Älemgoşarsypat şahy köýnekli 
Inçe billi, bakyşlary humaýy 
Gözelleri taşlap nirä gitdiň sen, 
Nirä gitdiň, Abdylhalym Ýumaweý?! 
 
Seniň ýoklugyňda galmazmy ýetim 
Biziň ýaşlygymyzyň şäheri Kerki? 
Göwnüme bolmasa, ine, şeýdibem 
Gaçyp barýar dünýäň görmegi-görki. 
 
Ýoluny saklajak bolamok häzir 
Gözlerimden gaçan goşa düwmäniň. 
Başga näme edip biljek zadym bar
Ýaşlyk dostum, hemra bolsun imanyň. 
 
Iňirdi 
 
Eger saçlar wagtyndan öň agarsa, 
Tebigata igenmezden öňürti, 
Bilip goýuň, gara saçyň jellady 
Garrylyk däl, iňirdidir iňirdi. 
 
Eger saçlar düşüberse irgözin, 
Bir bahana gözlemeden öňürti, 
Bilip goýuň: saçsyz goýan Peläket 
Igesypat iňirdidir iňirdi. 
 
Eger duýman durkaň dökülse dişler, 
Körügini agtarmazdan öňürti, 
Bilip goýuň: bu derejä ýetiren 
Gargyş däl-de, iňirdidir iňirdi. 
 

Günleriň bir güni bükülse biliň, 
Haka nalyş etmeziňden öňürti, 
Ganymyňy gaty pugta tanap goý, 
Bili büken iňirdidir iňirdi. 
 
Ajaldan gutuljak ýokdur, elbetde, 
Ýöne, biliň, ölmezden has öňürti: 
Öňde-soňda şirin jany aparjak 
 
Dert däldir-de iňirdidir iňirdi. 
 
Sanjara seredip ýazylan goşgular 
 

 
Bu gün ýigit çykdyň on ýedi ýaşap, 
Ýylgyrýaň sähelçe dodagy dişläp. 
Hernä bagtyň çüwüp, ykbalyň işläp, 
Ýörejek ýoluňda ýaran tapylsyn. 
 
Bereketli gelsin ýaşyl ýazlaryň, 
Düýşüne gir gözel-gözel gyzlaryň. 
Möhür bolup galsyn basan yzlaryň, 
Aklyňa, şekliňe haýran tapylsyn. 
 
Gök ýaýlada ak bedewiň kişňesin, 
Ak ýyldyzyň ýanyp dursun, ýaşmasyn. 
Owal-ahyr başyňa iş düşmesin, 
Düşäýse, beladan goran tapylsyn. 
 
Çykan çeşmäň halal, arassa aslyň, 
Ala meýdanlarda bolmagyn asgyn. 
Hak sylasyn, kem bolmasyn rysgyň, 
Mydam maňlaýyňdan dirän tapylsyn. 
 
Bu dünýäni tutup bolmaz harsuryp, 
Ýöne ykbal galawersin gobsunyp. 
Mele gelin gujagyňda owsunyp, 
Gapdalyňda ganat gerýän tapylsyn. 

 
Pikir etmek gerek, oýlanmak gerek, 
Dünýäni saklap dur bir döwüm çörek. 
Hernä çep gursagyň bolmasyn gurak, 
Göwni gülletmäge seýran tapylsyn. 
 
Men arzuw etsemem, edemok aşa, 
Bagtyýar bol oglum, är kimin ýaşa. 
Zabun zamanlar öwrülsin düýşe, 
Sür, köşek, sürmäge döwran tapylsyn. 
 
2. 
 
Ýylçyr daşy ýalap ýeller geçende, 
Daglaryň depesin bürände duman. 
Ýolda-yzda galan bolsaň, ezizim, 
Öz öýüňe sag-aman bar, sag-aman! 
 
Sary tomsuň ak alnyna çydaman, 
Salgym atýan çagy Çöl atly umman. 
Uzak ýola düşen bolsaň, ezizim, 
Öz obaňa sag-aman bar, sag-aman! 
 
Agzy ak köpükli goja Hazaryň, 
Al-asmana atylşyna garaman, 
Hallan atýan bolsaň gomlar içinde, 
Kenaryňa sag-aman bar, sag-aman! 
 
Bulutlary böwsüp barýan uçaryň 
Çal ümüre çümen bolsa bu zaman, 
Men çagyrýan, senem çagyr Hudaýy, 
Uçar guşuň ýere gonsun sag-aman! 
 
Men dünýä bakýaryn howatyr bilen, 
Kalbymda howsala, göwnümde güman. 
Eý ezizim, çarkandakly ýollaryň 
Synagyndan sag-aman geç, sag-aman! 
 
Eger-de köşegim, seniň kastyňa, 

Çenelse keseden şar-gara keman, 
Özümi oklaýyn onuň öňüne, 
Sen yzymda galsaň bolýar sag-aman! 
 

 
Men saňa seredip özümi görýän, 
Ömrüň on ýedinji ýazyny görýän. 
 
Kyrk bäşinji ýyldy — Ýeňiş ýylydy, 
Asmanyň, Zeminiň tanyş ýylydy. 
 
Lebabyň topragy, Günorta çöllük, 
Çopanlar polkunda edýärdim gulluk. 
 
Geljegim, görjegim öňümde heniz, 
Duýdurman gursaga giripdi bir gyz. 
 
Iň uly baýlygym — entek Enem bar, 
Serde hyýal, ýüregimde ynam bar. 
 
Ýassygym gazýetdir, owkadym kitap, 
Dünýäň gözeldigni duýýardym okap. 
 
Kagyz tapyldygy — ýazýardym goşgy, 
Söýgüçeräk bardy onuňam yşgy. 
 
Ýatlaýan o döwri ýatlan dek düýşi, 
Ah, garyp günleriň on ýedi ýaşy! 
 
Şöhrat näme gerek? 
At näme gerek? 
Oglanlyk bar ahyr olara derek. 
 
Gaýgy näme gerek? 
Gam näme gerek? 
Olary hiç biri tutanok derek! 
 
Baýlyk näme gerek? 

Zat name gerek? 
Başga maksat üçin urýarka ýürek! 
 
Günä, sogap bilen ýok meniň işim, 
Ah, Aklyň öýjügi — on ýedi ýaşym. 
 
Soň-soňlar aladaň agralýar barha, 
Peýda bolup Nebis atly ýuwdarha. 
 
Düýn ir bilen bäşdiň, bu gün on gerek, 
Kän gerek, kän gerek, örän kän gerek. 
 
Zatdan başga zadyň gaçypdyr weji, 
Dek düýn sen Adamdyň, bu gün allajy. 
 
Gözüň doýanokmy — diýmek sen gedaý, 
Nädip ýasaýypsyň adamy Hudaý?! 
 
...Men saňa seredip batýaryn oýa, 
Hem içimden ýalbarýaryn Hudaýa: 
 
— Eý Biribar, garaşyk et, kömek ber, 
Ýalançyda ýaşar ýaly rahat. 
Hor etme, har etme, zada zar etme, 
Ýöne gözi gedaýlykdan halas et! 
 
Men bolsam, salgyma meňzeş dünýäde 
Pul goýjak bolmadym. 
Goýjak boldum yz. 
Hawa, men biri kem ýetmişe ýetdim. 
Indi seň kalbyňa girendir bir gyz... 
 
Guwançly goşgy 
 
Jahana geleňde dokuzyň düzüw — 
El-aýakly, gözli-göreçli boldum. 
Ak çägesin düşek berdi Garagum. 
Gollarymy gerdim — gulaçly boldum. 
 

Ýüregime ornap-ornap günsaýyn, 
Enäniň ak süýdi boldy ynsabym. 
Ir öwrenip algy-bergiň hasabyn 
Il bilen ümeli-üleşli boldum. 
 
Gep diňledim — özenini gözledim, 
Depä çykdym — guzaýyny gözledim. 
Dost ýitirdim — öwezini gözledim, 
Dosta-ýara hernä ynançly boldum. 
 
Ak ýagyşlar mawy ýazy getirdi, 
Çypar tomus — közi getirdi. 
Keltejik ak gyşlar buzy getirdi, 
Olardan eý alyp, berdaşly boldum. 
 
Jerenler sürlenip indiler kaka, 
Ellerim zowalsyz uzaldy oka. 
Gözlerim at! diýdi, 
Ýüregim ýalka! 
Ýalkadym. Birhili begençli boldum. 
 
Ejeme aýdamda bu ahwalaty 
Hopugyp, gumry deý gerdi ganaty: 
Guba jeren guba sähraň zynaty — 
Oňarypsyň, oglum! – 
Alkyşly boldum. 
 
Kakam bolsa diýdi: Gulak goý, iner, 
Owadan zat kändir, gözüň eglener. 
Sen şonda göze däl, ynsaba eýer, 
Bu pende kanun dek garaşly boldum. 
 
Garaguma ýagyş ýagdy, gar düşdi, 
Ýüregime bir çümmüjek gor düşdi. 
Onsoň töre gara gözli ýar düşdi. 
Gelim-gidim, baryş-gelişli boldum. 
 
Ojak ojak ýaly. 
Öýüň öý ýaly. 

Hemme zat ýerbe-ýer, elipbiý ýaly. 
Magtymguly döwlet başy diýýäni — 
Ogla gözüm düşdi
Buýsançly boldum. 
 
Ýene ýagyş ýagýar, ýene gar düşýär. 
Tüýnügimden Gün jyklaýar — nur düşýär. 
Arman, ýöne saça gyraw ir düşýär — 
Ýigit ýüreklikäm çal saçly boldum. 
 
Aýdanyň diňlense, goýulsa gadyr, 
Çal baş şahyr! 
Başga islegiň nedir? 
Gelişiňi gözüň öňüne getir — 
Sopbaşdym. 
Il-günli, gardaşly boldum. 
 
Ýalaňaçdyň, 
Egin-eşigiň bitdi. 
Biakyldyň. 
Aklyň äleme ýetdi. 
Bir arzuwyň bardy — olam perzentdi, 
Goç ogluň bar — 
Yzym tirkeşli boldum. 
 
Kän zat bilýän. 
Ýene bir zada düşün: 
Birje ömrüň bolsa, birje-de başyň, 
Şol baş amanatdyr. 
Başga kimmişiň? 
Men kaýyl: ynsana degişli boldum. 
 
Indi öz ogluma diýýärin Iner, 
Owadan zat kändir, gözüň eglener. 
Sen bolsa, göze däl, ynsaba eýer — 
Açyk ýaşap, göwni güneşli boldum! 
 
Sen eneňi juda söýýändigiňi 
 

Sen eneňi juda söýýändigiňi 
Bildirjek boluplar oda düşýärsiň. 
Gijeler hekaýa ýazýaň o hakda, 
Gündizler o hakda goşgy goşýarsyň. 
 
Meniň welin, saňa nebsim agyrýar: 
Näme üçin çekýäň sen munça azap! 
Eneňe söýgiňi bildirmek üçin 
Bar ahyr başga bir ýönekeý hasap: 
 
Säher bilen turup ýüzleriňe syl; 
Maňlaýyndan ogşap, gaşynda otur. 
Şuny göz üçin däl, ýürek bilen et, 
Yssy bolsun yhlas, çyn bolsun gadyr. 
 
Eneler bildirmez ejizlänini. 
Gözlerine garap ony biljek bol. 
Ol seň üçin ýüz ölüp, ýüz direldi, 
Senem bir gezejik gurban boljak bol. 
 
Ene halky seniň göwnüň gülüdir, 
Ýöne olarda-da bolýandyr göwün. 
Oňa erte goşjak goşgyňa derek 
Birje ýyly sözi aýdaý sen bu gün. 
 
Ýogsam birden gijä galmagyň mümkin. 
Eneleriň ömri — iň gysga ömür. 
Ene bolup biweç ogla syn etmek 
Eý Allam! Nähili agyrdyr agyr. 
 
Ýetmiş bosagasynda ýazylan goşgy 
 
Geljege göz dikip barsa-da adam, 
Geçeniň tiz-tizden düşüp dur ýada. 
Menzilleri sökdüň paý-u-pyýada, 
Indi elden beýle-beýle iş gelmez. 
 
Ýaşlyk çagyň meňzese-de ýalana, 
Göwnüň gider geljege däl — ozala. 

Sataşarsyň ýene müň bir gözele 
Ýöne welin, başky söýgiň duş gelmez. 
 
Dilgir bolma, bir salymjak ýaşansyň, 
Ak alkymdan, al ýaňakdan ogşansyň... 
Bagtyň çüwse, belki, ýüz hem ýaşarsyň, 
Ýeser ýeri, şo-ol ýigrimi ýaş gelmez. 
 
Bihudalyk etme, çapma zyýana, 
Gudurap meňzejek bolma juwana. 
Arrygyň gynama, mundan buýana, 
Akyl gelse geler, ýöne huş gelmez. 
 
Ýürekler suwludy, her ýerde ýörsek, 
Göwün ganatlydy, otursak-tursak. 
Däli-porhan bolup kükräpdiň, gursak, 
Indi saňa onuň ýaly joş gelmez. 
 
Bu günler ýeteniňe kaýyl bol, 
Müzzerme-de, gaýratly bol, gaýym bol. 
Bu — pelekdir, urgulara taýyn bol, 
Ikindiň bolupdyr, gaýdyp çäş gelmez. 
 
Häli-häzir gulak barka eşdewer, 
Solar gözüň ýagyn iýen keşdeler. 
Ahyr bir gün guraýandyr çeşmeler — 
Aglajak bolarsyň — göze ýaş gelmez. 
 
Entek öz ykbalyn özi ýazan ýok, 
Uçýan kän-de, Ýerden örkün üzen ýok. 
Aý, ýyllardan öňe düşüp ozan ýok, 
Katumyt bol, dördüň dolman, bäş gelmez. 
 
Tanyşlyk 
 
Tanaman çiňňerlip dursuň ýüzüme, 
Eý Dünýe, menem bir ynsanyňdyryn. 
Bu pany jahanda, bu ýalançyda 
Diňe dogry sözi küýsäniňdirin. 

 
Özüm-özümiňki däl dogup-döräp, 
Şer iş köpeldikçe meň halym harap. 
Öňýeten ýylpylda biperwaý garap, 
Mal däl — mylakata suwsanyňdyryn. 
 
Seret, pese tagzym edýär beýikler, 
Çyn egsilip, 
Ersip barýar galplar. 
Adam dälem adam etjek boluplar 
Ýören sähnesypat Gulhanyňdyryn. 
 
Çoýmaga Gün, aňkarmaga Aý berip, 
Garra kellä müň bir pikir — oý berip, 
Şarpykdan, ýumrukdan ýetip paý berip, 
Maňlaýymdan seýrek sypanyňdyryn. 
 
Bolandyryn saňa şeýle bir belet
Ýylgyrşyň ýasama, gurluşyň galat. 
Şonda-da gözüme pugtarak seret: 
Yşga düşen däli-porhanyňdyryn. 
 
Şahyrlar harlasa öz senedini, 
Tabşyrdygy bolar amanadyny. 
Eý Dünýe, henizem tanamadyňmy — 
Kem-kem sabap barýan ynsabyňdyryn. 
 
Ýylgyr adam, bu günüňe hoş bolup 
 
Ýylgyr adam, bu günüňe hoş bolup, 
Ýöräp bilýäň, uçup bilýäň guş bolup. 
Gudurama Ýaradandan daş bolup — 
Gara daglar gagşar zora çydaman. 
 
Görüp dursuň, kalbyň welin duýanok, 
Sen akmysyň, garamysyň diýenok. 
Ýuwdup ýatyr, ýuwdup ýatyr — doýanok, 
Ýer çaýkanýar ahy-zara çydaman. 
 

Seret, külli adamzady durşuna 
Bugdaý başy göterip dur gerşine. 
Tüp yssyda meňzäp erän gurşuna 
Ak çäge garalýar gora çydaman. 
 
Bagt diýilýän ynjyk närse ýatanda, 
Burnuň ganar agzyň aşa ýetende. 
Keç ykballar gazabyna tutanda, 
Bende eňrär Biribara çydaman. 
 
Dünýe porhan bolýar ala ýazlarda, 
Gudrat gördüm ýönekeýje näzlerde. 
Göz dokunan bereketli güýzlerde 
Şaha synar gyzyl nara çydaman. 
 
Gursagymda dyňzap dur bir monolog. 
Pese beýik diýjek bolýan — bolanok. 
Çyn şahyrlar ajalyna ölenok, 
Ölýär olar namys-ara çydaman. 
 
Dünýä, seni söýýärin men 
 
Dünýä, seni söýýärin men, 
Ýaşap ýörün ine-gana. 
Ýöne seniň oýnuň deň däl, 
Sen bir ýana, men bir ýana. 
 
Hanha, iki adam gelýär, 
Biri nadan, biri dana. 
Dana kişä ýüz bereňok, 
Nadana-da diýýäň jana. 
 
Menem muny ýokuş görýän, 
Aň-düşünjäm diýseň köne. 
A sen bolsa öňe gitdiň, 
Sen bir ýana, men bir ýana. 
 
Belki, mamla däldirin men, 
Ynjykdyryn çenden aşa. 

Dogry gepli boljak bolup
Ýetdim ine, ýetmiş ýaşa. 
 
Gara görsem gara diýýän, 
Agy görsem ak diýýärin. 
Bar zada-ha bar diýýärin, 
Ýok zada-da ýok diýýärin. 
 
Sen başyňy ýaýkaýarsyň, 
Bu bolşumy alma sana. 
Ine, şeýdip gidip barýas, 
Sen bir ýana, men bir ýana. 
 
Jedelleşsek sen ýeňersiň, 
Seň ýanyňda men kimmişin? 
Özüm ýeke, ömrüm çäkli, 
Amanat bu ýalňyz başym. 
 
Gujagyňda ýaşap ýörün, 
Ne öýke bar, ne-de kine. 
Diňe görüp durşuň ýaly, 
Sen bir ýana, men bir ýana.  
 
Keselhanada edilen ýazgy 
 
Ejizi göremde elinden çekdim, 
Gözýaşlyny görsem durup bilmedim. 
Günleriň bir gün özüm ýykyldym, 
Ýykyldym — ýerimden turup bilmedim. 
 
Sebäbini biljek bolup nädeýin — 
Bu dünýäniň nämesi kän — derdi kän. 
— Edýäniň ýagşylyk, eýsem, nämüçin, 
Alla saňa bu emgegi berdikän? 
 
Gara çyny bilen şeý diýýär biri, 
Bar güýjümi jemläp ýygyrýan çala. 
Men mydama lezzet alýan otursam, 
Ýöntemräk pikiri adamlar bile. 

 
Ertesi gün başujumda oturyp 
Bir ýaşuly adam göwünlik berdi: — 
— Şeýle, inim — biler bolsaň Biribar 
Halan bendesine berýändir derdi. 
 
Her gelen ýeňletjek bolýar ýüküňi, 
Men bu ýerde gyşyk gürlän görmedim. 
Jepasy kän bu ýalançyň ýüzünde 
Ýyly sözden güýçli derman görmedim. 
 
Pelegiň oýunlary 
 
Daglaryň başynda sowuk gar ýatyr, 
Daglaryň düýbüniň göm-gök oty bar. 
Entek-entek düşünmeýän dünýämiz 
Seretseň, her hili gudraty bar. 
 
Obaň gaýrasynda ala meýdan bar, 
Deň ýaryna gökden düşüpdir yzgar. 
Gapdaldaky gumlar gitdikçe gyzýar, 
Onda çypar tomsuň alamaty bar. 
 
Akly haýran edýär Ussadyň eli: 
Gollaryň howry bar, gerşiňem ýeli. 
Garynja, elbetde, garynja weli, 
Durmuşda onuňam delalaty bar. 
 
Gül, eger, gülmäge bahana bolsa, 
Harydam harytdyr, bahaly bolsa, 
Dünýäniň Gyş diýen gahary bolsa, 
Ýaz diýenem mähir-mylakaty bar. 
 
Perişdeden kem dälsiň öz ýanyňda, 
Haram gatanjy bar iýýän nanyňda. 
Diňe o dünýäň däl, bu dünýäniň-de 
Jenneti, dowzahy, kyýamaty bar. 
 
Awdan galyp ah çekmeli wagtlar, 

Özün daga urup ölýär bürgütler. 
Bir gapydan girip çykýar ýigitler, 
Içinde äri bar, peläketi bar. 
 
Bir adam bar, ady-sory çykanok, 
Baýlygy ýok, emma sahawaty bar. 
Onuň dyrnagyna degmeýän kişiň 
Ýasama dag ýaly mahabaty bar. 
 
Güýç-gurbatyň aýlanyp dur ganyňda, 
Geň-taňlyk görersiň her bir ýanyňda, 
Mal bakýanyň däl-de, mal soýýanyň-da 
Seret, sag boly bar salamaty bar. 
 
Belli däldir, näçe ömür sürjegiň. 
Adam ogly, gowy bolsun görjegiň. 
Bir eýýamlar geçen-giden gerçegiň 
Şindem ýaşap ýören rowaýaty bar. 
 
Ene-ata gaçyberse yhlasyň, 
Goý, ýakaňdan tutsun seniň ynsabyň. 
Kerwen-kerwen geçip barýan ynsanyň 
Herne dowamy bar-dowamaty bar. 
 
Şygryýet 
 
Gadrym gaçýar diýip alma göwnüňe, 
Iller gudratyňy duýýandyr, şygrym. 
Adamataň nesli döräli bäri, 
Adam saňa gulak goýýandyr, şygrym. 
 
Sensiz aýdym bolmaz, sensiz saz bolmaz
Olarsyzam şire bolmaz, duz bolmaz. 
Gülsüz-güläleksiz ýazdan ýaz bolmaz, 
Bu hakykat hemmä aýandyr, şygrym. 
 
Şöhle bolup haýyr-sahawat ýaýýan, 
Sensiň — gursaklara gözellik guýýan. 
Meger, bu dünýäde özüni söýýän 

Seni-de, gürrüňsiz, söýýändir, şygrym. 
 
Sen zerur bu alabeder dünýäde, 
Garaňky günde-de, ýagty günde-de. 
Umydyny elden beren bende-de, 
Saňa sygynýandyr, uýýandyr, şygrym. 
 
Ine, iki gudrat çykýar meýdana, 
Bir tarapda saçak, bir çetde dana. 
Kim söze topulýar, kimse-de nama, 
Kim ýaşap, kim diňe iýýändir, şygrym. 
 
Her hili ýagdaýda, her hili halda, 
Hemaýat berýärsiň bu agyr ýolda. 
Aslynda adamzat tilsime däl-de, 
Keramatly söze haýrandyr, şygrym. 
 
Şahyr däl — bäş sözüň başyny taslan, 
Biz awçy, sen bolsa elýetmez asman. 
Gündogarda seni şöhrata beslän, 
Pyragydyr, Omar Haýýamdyr, şygrym. 
 
Gülzar bolup, gyýlan göwnümi açýaň, 
Birden ganatlanyp, asmana uçýaň. 
Seniň gapdalyňdan sygyryp geçýäň — 
Ynsan sypatlyrak haýwandyr, şygrym. 
 
Öz güýjüňi, öz görküňi ýitirme, 
Ýakut ýaly ýansyn dursun setirler. 
Hem-de hiç bir zady göwne getirme, 
Bu bir şeýleräjik eýýamdyr, şygrym. 
 
Eý, erkin ruhum! 
 
Şahyr — Allaň mähri siňen oglany. 
Haýyr-sogap gursagyna guýlany. 
Aýak däl —.agyzda bol diýleni — 
Alkyşly dillerden dile gideli. 
 

Ömür bir närse däl köýdürer ýaly. 
Agşamyň şemaly hüwdüler ýaly. 
Az-kem aýnar ýaly, guwdurar ýaly, 
Ýumşak ýorunjaly pele gideli. 
 
Ýaş hem indi kyrk däl, ýa-da elli däl, 
Baryp ýetjek menzilleriň belli däl. 
Arzuwym çökder däl, pälim uly däl — 
Aýlary alkyşlap, ýyla gideli. 
 
Hernä pelek gyssamasyn ýaşmaga, 
Guba depelere münüp-düşmäge. 
Oglanlygym bilen salamlaşmaga, 
Egni gök kürteli çöle gideli. 
 
Eý, erkin ruhum — göwnümiň güli, 
Gitmelidir bir gün Taňrynyň guly. 
Behişde barylsa has gowy weli
Dowzaha gitsegem, bile gideli. 
 
Keteni köýnek 
 
Durmuş gitse gidibersin ileri, 
Biz bolsa ýatlaly öteni, köýnek. 
Gujaga salypdyň gyzlar içinde, 
On dörde, on bäşe ýeteni, köýnek. 
 
Ömri uzak bolsun ýüpek süzeniň. 
Seýilgähi bolduň goşgyň, gazalyň. 
Seni geýen her bir gumly gözeliň, 
Bar ýalydy peri gatany, köýnek. 
 
Şowurdyň öz-özi gürlär durardy, 
Gülýaka alkymy zerlär durardy. 
Täjihoraz bolup parlar durardy, 
Türkmeniň şahandaz Watany, köýnek. 
 
Gyz-gelinler sypanjyrar, sallanar, 
Şemal degse, etekleriň ýellener. 

Gobsundygyň — apbasylar dillener, 
Tisgindirip öýde ýatany köýnek. 
 
Gyz gülmüräp bir ýigidi ýalkap dur, 
Göz astynda ýüregini okap dur, 
Şol tarapdan jennet yzy kükäp dur, 
Gözüň ýagyn iýen keteni köýnek. 
 
Dost barada ballada 
 
Ine, ýene bir dostumy ýitirdim, 
Walla, işim ugruna däl, ugruna. 
Duşan çagym görüşerdim gujaklap, 
Olam meni basar ýördi bagryna. 
 
Aramyzdan gyl geçmezdi diýmäýin, 
Ýöne adam kän bir geçip bilmezdi. 
Ýagly palaw bişirende aýaly 
Men barýançam agzyna zat almazdy. 
 
Onuň jaň edýänin duýar durardym, 

Yüklə 0,82 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   11




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin