T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty


Ata Atajanonyň ömri we edebi mirasy



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə28/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Ata Atajanonyň ömri we edebi mirasy
(1922-1989)
Terjimehal maglumatlar. Görnükli ýazyjy, şahyr, dramaturg Ata Atajanow 1922-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Mary etrabynyň ikinji Gökje obasynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlap, Daşkent mugallymçylyk tehnikumynda (1934-1938), Aşgabat mugallymçylyk institutynda (1938-1939) okaýar. Şondan soň şahyr Ýokary partiýa mekdebinde, Ýokary edebiýat kursunda okap, bilimini artdyrýar.
A.Atajanow ilki orta mekdepde, soňra metbugat işinde işleýär. Mary welaýat (1941-1942) gazetinde, soňra türkmen radiosynyň Mary welaýaty boýunça habarçysy wezipesinde (1943-1945) esli ýyllap işläp, žurnalistlik tejribesini toplaýar. Soňky döwürde şahyr «Ýaş kommunist» gazetiniň redaktorynyň orunbasary, redaktory, Balkan welaýat gazetiniň (1952—1953), «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaktory, «Sowet edebiýaty» žurnalynyň bölüm müdiri, redaktorynyň orunbasary wezipelerinde işleýär. Şahyr Türkmenistanyň Neşirýat, poligrafiýa we kitap söwdasy işleri baradaky Döwlet komitetiniň baş redaktory (1964-1971), Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary (1971-1972) ýaly jogapkärli wezipelerde-de zähmet çekdi. Ýazyjy ömrüniň soňky ýyllarynda Türkmenistanyň kitapsöýüjiler jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi.
Zehinli ýazyjy hem şahyr, kämil halypa Ata Atajanow 1989-njy ýylda aradan çykdy.
Döredijilik häsiýetnamasy. Geljekki şahyra çagalyk ýyllary, ýaňy goşgy ýazyp ugran döwri ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanow bilen bolan duşuşygy köp zatlar berýär.
A.Atajanowyň edebiýat meýdanyna ilkinji gadam basan döwri Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. Onuň ilkinji goşgusy «Täze ýyl geldi» ady bilen Tagtabazaryň etrap gazetinde çap edilýär.
Şahyryň şol döwürde döreden goşgularynda Watany duşmandan goramak meselesi esasy orun tutýar. Şahyryň «Alma ýene gülleýär» diýen ilkinji gosgular ýygyndysyna giren goşgularyň ençemesi Watany goramaga çagyryş bolup ýaňlanýar. Onuň 1941-nji ýylda ýazan „Jarnama― goşgusy muňa mysal bolup biler:
Galkynalyň gaýrat bile,
Watan üçin,
Ýeňiş üçin!
Ar gylyjyn alyň ele,
Watan üçin,
Ýeňiş üçin!
Watan üçin, ýeňiş üçin, gije-gündiz zähmet çekmek, gerek bolsa, şirin janyňy hem gaýgyrmazlyk baradaky pikirler şahyryň bu döwürlerde ýazan «Dagdan», «Setdar aga», «Saklan, uçup barýan akja kepderi», «Çyk-da, seret ýollara» we beýleki birnäçe goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýan edilýän pikirleriň duýga ýugrulyp berilmegi bu eserleriň çeperçiligini has-da artdyrýar.
Ukrain topragyny duşmandan goramak üçin janyny gurban eden türkmen esgerine bolan çuňňur hormaty şahyryň «Näbelli gahrymana» goşgusynda täsirli beýan edilipdir:
Ukrain çölünde, ýapyň üstünde,
Ak şelpeli derek ygşyldap otyr.
Gan öýülen gara toprak astynda,
Türkmen esgeriniň mazary ýatyr...
A.Atajanow Watan topragynyň hakyky manysyndaky aşygy hem waspçysydyr. Türkmen tebigatynyň gözelligi, türkmen topragynyň sahawaty, egsilmez baýlyklary şahyrda buýsanç hem guwanç duýgularyny döredýär, ony bu gözelligi duýmak bagtyny okyjysyna ýetirmäge höweslendirýär:
Men seniň şöhratly-şanly
Adyňa aşyk, Watan.
Men seniň öndümli zähmet
Badyňa aşyk, Watan.
Bereketli gaz-nebitli
Oduňa aşyk, Watan.
Atly ülkäm,
Batly ülkäm,
Türkmenistanym meniň.
Şahyryň goşgulary dürli temadan söz açýar, dürli meseleleri gozgaýar. Şahyr goşgularynyň birnäçesinde dünýäniň, durmuşyň, ömrüň manysy hakda söz açsa, beýleki birnäçesinde zähmet, ynsan häsiýetleri, ýaşlyk, dostluk, söýgi, ene hakda söz açýar. Şahyr haýsy temadan goşgy ýazsa-da, onuň many-mazmunyny durmuşdan alýar.
Şahyryň mylaýym lirikasynda söýgi temasynyň uly orna eýe bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Onuň söýgi lirikasynyň esasy keşbini çekýän «Siziň köçäňiz», «Takatsyz seredýän tanyş ýollara», «Saýrama, guş», «Salam haty», «Görüşmäge gelseň, Suraý», «Al öýmäň ujuny ykjadyp ýele», «Gözüm gözleriňe düşende weli...», «Ýagsana ýene-de, ýagsana, ýagyş!», «Seni gözleýän», «Sen. Sen. Sen...» we ýene-de onlarça goşgulary türkmen şygryýetinde söýgi temasyna bagyşlanan şygyrlaryň arasynda özboluşly näzikligi bilen tapawutlanýar.
Şahyryň päk söýgini, wepalylygy wasp edýän, inçe lirizme ýugrulan, owazly goşgularynyň ençemesine türkmen kompozitorlary saz ýazyp, ilhalar aýdymlary döretdiler. Şahyryň sözlerine döredilen «Bolmaz, oglan», «Aýnaňyzy kaksam agşam», «Nirde sen?», «Goňşy gyz», «Aýly agşam», «Goşa tar», «Seslen, sonam!», «Aşyk men», «Daşlaşma» ýaly aýdymlar bu sungata gaty ýürekdeşlik bilen sarpa goýýan halkymyzyň ýürek owazyna öwrüldi.
Şahyryň «Aýly agşam» goşgusyna döredilen aýdym üstünden onlarça ýyllaryň ötenligine seretmezden şu günlerem terligini,näzikligini hen ruhuňa ýakynlygyny saklap gelýär:
Ala ýazym,
Aýdym-sazym,
Alkyş etsin owazym!
Aýly agşam,
Aýy gördüm,
Gaýyp boldy bu derdim.
Kalbymyň hany sen,
Hany, soltany sen,
Adyňa men gurban.
Seniň sapaň üçin,
Seniň wepaň üçin
Ölsem, etmen arman.
A.Atajanow «Sallançagym – sähram meniň», «Gyzyl alma rowaýaty», «Guşgy galasy» ýaly iri göwrümli şahyrana eserleriň awtorydyr.
«Sallançagym – sähram meniň» liriki poemasynda boz toprakly sähralara suw eltmek, ol ýerleri özleşdirip, bereket çeşmesine öwürmek meselesi gozgalýar. Şahyr şu meseleleriň üsti bilen türkmen tebigatynyň gözelligmi, türkmen topragynyň baýlyk-bereket çeşmesidigini wasp edýär.
Rowaýat esasynda döredilen «Gyzyl alma rowaýaty» poemasynyň baş gahrymany Çetili örän zähmetsöýer, halal, garyp hem bolsa kişi zadyna göz gyzdyrmaýan çopan ýigit.
Çopan ýigit bir gün taýagyna söýenip, derýany synlap durka akyp gelýän goçak gyzyl alma gözi düşýär. Çetili ol almany taýagy bilen suwdan çekip alýar we iýmekçi bolýar. Şol wagt onuň paýhasy, wyždany ony bu hyýalyndan el çekmäge mejbur edýär.
Öz bolşuna ejap eden Çetili
Tapyndyny torbasynda gizledi.
Umman bilen akyp gelen almanyň
Eýesini uly ilden gözledi...
Çopan ýigit sorap-idäp ahyrsoňunda almanyň bagbanyny tapýar. Bagban gowy adam bolup çykýar we Çetiliniň öz bagtyny tapmagyna hemaýat edýär. Şeýlelikde, Çetili bagbanyň ýegençisine – örän edep-terbiýeli, görkli-görmekli, eli çeper, adamkärçilikli gyza öýlenip, maksat-myradyna ýetýär.
Şahyr eserinde şu wakalary beýan etmek bilen kalby päklik, halallyk ýaly ajaýyp ynsan häsiýetlerini taryplaýar, okyjyny belent adamkärçilige ündeýär.
A. Atajanowyň iri şahyrana eserleriniň biri-de «Guşgy galasy» poemasydyr. Şahyr bu poemasynda taryhy-rewolýusion tema ýüzlenýär. Poemada 1917-nji ýylyň Oktýabr rewolýusiýasyndan soňky Türkmenistanyň iň günorta künjegi bolan Guşguda bolup geçen çylşyrymly wakalar beýan edilýär.
Şahyryň daşary ýurt temasyndan söz açýan «Gözüňiz aýdyň» atly kitabyndaky «Müsüriň baýdagy», «Täçmahal» atly goşgulardan başy başlanan ugur awtoryň «Tähran depderi» atly goşgular toparynda giň beýanyny tapypdy. Şahyr Eýrana syýahat edip, özünde galan täsirler barada bu goşgular tapgyryny döredipdi.
A. Atajanowyň «Ädimme ädim» (1961) atly kitaby onuň ilkinji saýlanan eserler ýygyndysydy. Onda awtoryň şundan ozalky çykan kitaplaryndaky goşgularyň iň gowulary, täzeden işlenen nusgasy orun alypdy. Kitap şahyryň poeziýasynyň öz ösuş ýodasyna ymykly düşendigini görkezdi. A.Atajanow şol kitap bilen döredijiliginiň ikinji ösüş etapyny jemledi.
Şahyryň poeziýasynyň üçünji ösüş etapy «Sallançagym sähram meniň» (1963) atly kitabyndan başlanýar. Bu döwürde türkmen poeziýasy çuňňur filosofik pikirlere ýykgyn eden şahyrana ugur bilen baýlaşdy. Şahyr A. Atajanow hem goşgularyny filosofik pikirlere ýugurmaga çalyşdy.
«Sallançagym sähram meniň» atly kitabynda özüni birahatlandyran zatlaryň köpüsi dogrusynda pikirini orta atyp ugrady. Ol şahyryň poeziýasyna täze siňen mazmunly goşgular getiripdi. Filosofik ähendäki goşgulary A. Atajanowyň poeziýasyna täze öwüşgin berdi.
Ata Atajanow prozada özüni başarnykly synap görüp, «Çakmak» (ilki ady «Batmanyň baýdagy») (1971), „Öz tanyşlaryň― (1977) romanlaryny döretdi.
Ýazyjynyň «Çakmak» romany ýigriminji ýyllaryň aýaklarynda we otuzynjy ýyllaryň başlarynda türkmen obasynda bolup geçen wakalara, kolhoz gurluşygyna bagyşlanypdyr. Şol ýyllarda ýurtda tolgundyryjy wakalaryň ençemesi bolup geçipdi. Ýurtda synpy we sosial garpyşmalar dowam edýärdi.
Ýazyjynyň «Öz tanyşlaryň» romanynda ýazyjy soňky döwürde türkmen halkynyň aň-düşünje we ylym-bilim tarapyndan öňe ädim urşunyň derejesini görkezmegi maksat edinýär. Ylym adamlarynyň arasynda gatnaşyklar, etiki we estetiki, ahlak sypatlarynyň beýgelişi, ylmyň söweşjeň häsiýete geçişi bu eserde esasy mesele edilip alnypdyr.
Romanyň içinde hereket edýän gahrymanlary birnäçe topara bölmek bolar. Has irkiräk döwrüň wekilleriniň hataryna Serdar Şadyýewiç girýär. Has sonrakky döwrüň wekilleriniň arasynda bolsa Salamguly bar.
Serdar Şadyýewiç öz-özüne örän göwni ýetýän adam. Muňa onuň Sa-lamguly bilen bolýan aragatnaşygyny yzarlasaň, aňsat göz ýetirip bolýar. Onuň ýaş ýigide salgy berýän ýollary uly adamyň dilinden çykjak sözler däl. Ine, şol ýagdaý hem okyjyny hopukdyrýar.
Salamgulynyň maksady wajyp temadan gowy iş ýazmak. Ençeme sebäplere görä, bu mesele bir bada başa barmaýar. Emma ol ýadamazak, öz kemçiliklerine, töwereginde ýüz berýän başga hili nädogry hereketlere göz ýumup oturyp bilmeýär. Ahyr netijede, Salamgulynyň tutan ýagşy niýetleri birin-birin amala aşyp başlaýar.
Ýazyjynyň «Öz tanyşlaryň» romany jemgyýetiň hakyky keşgini açyp bermekde öwrenilýän asyryň prozasynda ilkinji hatarda durýar. Bu roman özüniň çuňňur filosofik gözlegleri, häsiýet açyş derejesi, çeperçilik ussatlygy boýunça asyryň prozasynda döredilen romanlaryň naýbaşysyna öwrüldi.
Ýazyjy A. Atajanow proza eserlerini döretmegiň üstünde tutanýerli iş alyp barýar. Ýadamany bilmeýän ýazyjynyň döredijilik mümkinçilikleri uly.
Ata Atajanow türkmen taryhyna bagyşlap hem iri göwrümli eserlerini döretdi. Şolaryň arasynda ýazyjynyň «Teke gyzy Tatýana» romany (1988) XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda ýaşan türkmen magaryfçysy Artykgül (Tatýana) Tekinskaýanyň ömür ýoluna bagyşlanýar.
Juda çylşyrymly ykbala duçar bolan türkmen magaryfçy zenany Artykgül Tekinskaýanyň ömür ýoly gowgaly ýyllaryň kyn hem elhenç wakalaryna gabat gelýär. Bu gahrymanyň ykbaly rus patyşasynyň goşunlary tarapyndan Gökdepe galasynyň basylyp alnyşy, ýerli ilatyň galany goramak üçin gahrymanlarça söweşişi, Türkmenistan Russiýa birikdirilenden soňky ýagdaýlar, rewolýusion wakalar, türkmen intelligensiýasynyň ilaty sowatly etmek üçin alyp baran tutanýerli işleri bilen dahyllylykda yzarlanylýar.
Taryhyň elhenç hadysasy – 1881-nji ýylda Rus patyşasynyň basybalyjy goşuny Gökdepe galasyny eýeleýär. Gazaply söweşlerde ata-enesini ýitirip, ýeke özi aglap-eňräp ýören üç ýaşlyja gyzjagaza Rodion atly bir rus esgeri hossar çykýar. Ol esger gyzjagaza esewan edip, mähir siňdirip, ony eneke ýaly saklaýar. Soňra rus generalynyň aýaly Ýelizaweta Dmitriýewna kyýamatlyk ene, general Mihail Dmitriýewiç Skobelew bolsa kyýamatlyk ata bolup, gyzjagaza öz adyny, familiýasyny berýär. Gyzjagazyň adyna Tatýana dakýarlar. Şeýlelikde, ata-eneden mahrum galan teke gyzy Tatýana Mihaýlowna bolýar.
Rus generaly teke gyzyny Moskwa alyp gidýär. Gyzjagaz Moskwada ösýär, ulalýar, bilim-terbiýe alýar. Harkow gimnaziýasynda mugallym bolup işleýär. Soňra ata Watany Türkmenistana gelýär.
Tatýana Türkmenistanda obalarda mekdep açyp, ilaty sowatly etmek üçin ýadawsyz iş alyp barýar. Bu işde ol Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlykda bolýar.
A. Atajanow dürli žanrlarda güýjuni synap gördi. Ol döredijiliginiň bütin dowamynda körpeleri hem täze-täze eserler bilen begendirip geldi. Onuň «Aman okuwa gidýär» (1953), «Permanyň mamasy» (1956), «Üçleriň syýahaty» (1962), «Ýene bir ýaş ösdük biz» (1963), «Atçapar» (1976) ýaly kitaplary çagalar edebiýatymyza özboluşly goşant boldy. Şeýle-de şahyr dramaturgiýa žanrynda yzygiderli işläp, birnäçe pýesalar döretdi. Olaryň köpüsi döwletimiziň teatrlarynda oýnaldy.
Dramaturgyň «Guşgy galasy» (1964), «Men size ynanýan» (197o), «Söýgini har etmäň» (1971), «Ýalynly ýürekler» (1974) ýaly pýesalary tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.
Şahyryň türkmen diline tejime eden eserleriniň sany hem ep-esli bar. Ol Puşkiniň, Isakowskiniň, Şipaçýowyň, Twardowskiniň, Orlowyň, Gamzatowyň, Grabowskiniň, Wurgunyň, Rudakiniň, Saýat-Nowanyň we beýleki şahyrlaryň goşgudyr poemalaryny ussatlyk bilen terjime etdi. Şeýle-de, ol B. Polewoýyň «Hakyky adam hakynda powest», Ş. Raşidowyň «Ýeňijiler» eserlerini türkmen okyjysyna ýetirdi. Ata Atajanow guýmagursak zehini, köptaraplaýyn döredijilik älemi bilen türkmen edebiýatynda uly mertebä mynasypdyr.

Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin