Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə45/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   131
fizika 6 turkman

utgaşyk gaplar kanuny
gelip çykýar. 
Islendik şekildäki 
utgaşyk gaplaryň tirseklerindäki bir jynsly suwuklyk sütünleriniň 
beýiklikleri birmeňzeş bolýar.
Eger utgaşyk gaplara dürli suwuklyklar guýulsa näme bolýar? 
Meselem, turbajyklardan birine ýag, ikinjisine suw guýulsa, 
suwuklyklaryň derejesi her hili bolýar. Munda suwuklyklaryň 
beýikliginiň gatnaşygy, suwuklyklaryň dykyzlyklarynyň gatnaşygy 
bilen aşakdaky ýaly gatnaşykda bolýar:
h
h
1
2
2
1
=
ρρ
ρρ
.
Şeýdip, dykyzlygy uly bolan suwuklygyň üstüniň beýikligi, 
dykyzlygy kiçi bolan suwuklygyň üstüniň beýikliginden kiçi bolýar. 
Diýmek, ýag guýlan turbajykdaky suwuklygyň sütüni suw guýlan 
tarapa görä uly bolýar.
Özüňiz ýerine ýetirjek boluň
Salkyn içgilerden boşan gaby (baklaşka) alyp, dürli beýiklikde 
temen ýa-da inçejik çüýüň kömeginde ýaryklary ýasaň. 
Ýaryklary kükürdiň çöpi bilen ýapyp, suw bilen dolduryň. Kükürdiň 
çöplerini nobat bilen alyp, suwuň çüwdürýän uzaklygyny anyklaň. 
Sebäbini düşündiriň.


63
1. Gidrostatik basyş nämelere bagly?
2. Utgaşyk gaplara mysallar getiriň.
3. Näme sebäpden utgaşyk gaplara salnan dürli suwuklyklaryň 
beýikligi dürlüçe bolýar?
6-njy gönükme
1. Gidrawlik presiň kiçi porşenine 10 N güýç bilen täsir etdirilende, 
uly porşenden 180 N güýç alyndy. Eger uly porşeniň üstüniň meýdany 
90 sm
2
bolsa, kiçi porşeniň meýdany nämä deň? (
Jogaby:
5 sm
2
.)
2. 33-nji suratdaky çüýşe turbajyklaryň bir tarapyna suw, ikinji 
tarapyna ösümlik ýagy guýulýar. Suwuň beýikligi 30 sm bolsa, ýagyň 
beýikligi näçe bolýar? (
Jogaby:
≈ 33,3 sm.)
3
*
. Ini 50 sm, boýy 40 sm we beýikligi 50 sm bolan akwa-
riumdaky suwuň gabyň düýbüne edýän basyşyny hasaplaň. (
Jogaby:
4900 Pa.)
4. Näme sebäpden futbol topuny agyz bilen üfläp çişirmek 
mümkin däl?
5. Kiçi üstli menzurkadaky suw giň üstli banka guýyldy. Suwuň 
gabyň düýbüne edýän basyşy nähili ütgär?

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   41   42   43   44   45   46   47   48   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin