Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə85/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   131
fizika 6 turkman

elektriklenen jisim 
diýilýän bolupdyr. Eger elektriklenen jisimi başga 
elektriklenmedik jisime degrilse, ol jisim hem elektriklenýär.
Häzirki günde dünýäni elektriksiz göz öňüne getirip bolmaýar. Bir 
gün adamzat we tebigat elektriksiz galsa näme bolar? Onda dünýä 
tümlüge öwrülip, telewizor, sowadyjy, telefon, plitkalar işlemedik bolardy. 
Ýaşaýy umuman togtan bolardy. Çünki ençeme ýaşaýyş prosesleri 
elektrik prosesleri bilen baglydyr. Maddanyň özi-de dargap giderdi. Çünki 
ony düzýän bölejikler elektrik özara täsir sebäpli saklanýar.
43-nji TEMA
JISIMLERIŇ ELEKTRIKLENMEGI
Elektrigi öwrenmek ýönekeý tejribeleri geçirmekden başlanypdyr. 
Şeýle tejribäni geçirip göreliň. Stoluň üstüne gaýçy bilen maýdalap 
gyrkylan kagyz bölejiklerini saçyp goýalyň. Plastmassadan ýasalan 
daragy alyp ony gowuja arassalap, guradalyň. Soňra ýagsyz gury 
saçymyzy daralyň we kagyz bölejiklerine ýakynlaşdyralyň.


119
Şonda kagyz bölejikleriniň daraga çekilip 
ýapyşýandygyny görýäris (83-nji surat).
83-nji surat.
Edil şeýle hadysany şarikli ruçkany ýüňden 
ýasalan zada sürtüp kagyz bölejiklerini, başga 
ýeňil predmetlere we hatda inçy suw akymyna 
täsir edýändigini görmek mümkin (84-nji surat).


3
84-nji surat.
Şokolad dolanan ýaldyrawuk metal kagyzy 2 sm giňlikde kesip 
ony galama dolap silindr ýasalyň. Soňra onuň ujundan deşip ýüpüň 
kömeginde asyp goýalyň. Çüýşe taýajygy ýüpege sürtüp asyp goýlan 
silindre ýakynlaşdyrsak ol taýajyga dartylýar we taýajyga degenden 
soň ondan iteklenýär! Ikinji bir ýüpe asylan silindre ýüňe sürtülen 
ýantar taýajygy ýakynlaşdyralyň. Silindr ýantar taýajyga dartylyp oňa 
degenden soň ondan iteklenýär (85-nji surat). Bulara sebäp silindrler 
taýajyklara degenden soň elektriklenmegidir.
85-nji surat.
Indi silindrlere taýajyklaryň ýerini çalşyryp ýakynlaşdyralyň. 
Silindrleriň ýene taýajyklara dartylýandygyny görmek mümkin.
Tejribelerden aşakdaky netijeleri çykarýarys:
1. Elektriklenen jisimler başga elektriklenmedik jisimleri, 
meselem, maýda kagyz bölejiklerini, saçyň tüýlerini özüne 
çekýär.
2. Elektriklenen birmeňzeş taýajyklardan zarýad alan jisimler bir-
birinden iteklenýär. Çüýşeden we ýantar taýajyklardan zarýad alan 
jisimler bir-birine dartylýar.


120
Diýmek, ýüpege sürtülen çüýşe taýajykda bir görnüşdäki elektrik 
zarýadlary, sütüge sürtülen ýantar taýajygynda ikinji görnüşdäki 
elektrik zarýadlary bolýan eken.
Fransuz alymy Ş. Dýufe we amerikan alymy B. Frankliniň 
teklibine görä birinji görnüşdäki zarýady şertli ýagdaýda 

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin