Durdymyrat REJEBOW XX ASYR TÜRKMEN EDEBIÝATY (Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň „Türkmen dili we edebiýaty“ hünäri üçin synag okuw kitaby)
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň okuw-usuly tarapyndan hödürlendi
Türkmenabat-2010
Rejebow D. XX asyr türkmen edebiýaty. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň
„Türkmen dili we edebiýaty― hünäri üçin synag okuw kitaby. – Türkmenabat, 2010.
Filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedowyň redaksiýasy bilen „XX asyr türkmen edebiýaty― atly synag okuw kitabynda edebiýatyň XX asyrda ýeten derejesini derňemeklige, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, dramaturglarymyzyň, edebiýatçy alymlarymyzyň, publisistlerimiziň hem terjimeçilerimiziň döredijilik aýratynlyklaryny açyp görkezmeklige uly üns berildi. Juda çylşyrymly döwri başdan geçiren XX asyr türkmen edebiýatynyň geçen taryhy ýoluna Beýik Galkynyş zamanasynda hakyky manysynda obýektiw baha bermäge, garaýyşlary aýdyňlaşdyrmaga synanyşyk edildi.
XX asyr türkmen edebiýaty boýunça okuw kitaby „Türkmen edebiýatynyň taryhy― köptomlugynyň esasynda taýýarlanyldy. Şeýle hem häzirki zaman okuw kitaplarynyň gowy nusgalygy derejesinde J.Allakow, T.Sadykow, R.Mustakow tarapyndan orta mekdepleriň X synpy üçin taýýarlanylan „Edebiýat― okuw kitabynyň materiallaryndan peýdalanyldy. Mundan başga-da edebiýatçy alymlarymyzyň dürli ýyllarda çap edilen monografiýalaryndan, ylmy-edebi makalaryndan ugur alyndy.
Okuw kitaby ýokary we orta mekdepleriniň edebiýat mugallymlaryna, edebiýatçy alymlara, talyplara we okuwçylara, şeýle hem çeper edebiýatyň taryhy bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenendir. 3
XX asyryň başlarynda türkmen halk şahyrlarynyň döredijiligi