T ü rkmenistany ň Bilimministrlig I Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty



Yüklə 217,13 Kb.
səhifə2/47
tarix28.09.2023
ölçüsü217,13 Kb.
#150139
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   47
XX asyr turkmen (3)

Edebi döwrüň häsiýetnamasy. XIX-XX asyrlaryň sepgidinde dünýäde syýasy gyzyklanmalaryň ýitileşmegi bilen türkmen halkynyň jemgyýetçilik durmuşynda hem düýpli öwrülişikler bolup geçdi. Türkmenistan Russiýa imperiýasynyň düzümine birikdirildi. Döwletsizligiň, pytraňňy ýaşaýyş şertleriniň täsirinden aýňalmadyk türkmenler täze syýasy baknalygy gerdenlerinde çekmeli boldular. Bu halkyň ruhy derejesine-de düýpli täsirini ýetirdi. Şonuň netijesinde täze asyryň başlarynda XVIII-XIX asyr türkmen nusgawy edebiýaty bilen aradaky edebi prosesde üzňelik döredi.
Hersi bir ýerde ýaşap, birek-biregiň döredijiliginden bihabar, özakymlaýyn döredýän şahyrlar bu döwrüň şygyrýetini kemala getirdiler. Döwletmämmet Balgyzyl, Molladurdy, Baýram Şahyr, Körmolla, Durdy Gylyç ýaly şahyrlary şu sanawa goşmak bolar.
Esenguly etrabynyň Bugdaýly obasynda dünýä inen Döwletmämmet Balgyzyl ýarym çarwa, ýarym daýhan maşgalasynda ösüp ýetişýär. Ol goşgy ýazmak bilen birlikde saz çalmaga-da ukyply bolupdyr. Halk aýdymlaryny hem ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir.
Döwletmämmet Balgyzyl türkmen halkyna umumy halda mahsus bolan agyr durmuş şertlerinde-de durmuşa bolan söýgüsini, ruhubelentligini saklamagy başarypdyr. Şahyr bu barada özüniň sadaja şygryýetinde ençeme gezek mesele gozgap, kynçylykly zamananyň agyr günlerinde hem mertligini, şatlygyny, ruhubelentligini saklamagy özüne-de, il-güne-de nesihat edipdir:
Däli göwnüm, melul bolma,
Şat eder men, göwnüm, seni.
Melul namardyň işidir,
Hoş edermen, göwnüm, seni.
Şahyryň lirikasynda gündogarda giň ýaýraw tapan söýgi temasy uly orun alypdyr. Onuň bu temadan döreden goşgularynyň arasynda «Aýrylmadymy?», «Bibiniň», „Arzyhan―, «Döneýin» ýaly ençeme şygyrlary ýokary çeperçiligi, duýga baýlygy bilen tapawutlanýar.
Döwletmämmet Balgyzyl öz eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň uçursyz gözelligini, ajaýyp gylyk-häsiýetlerini joşgun bilen wasp edipdir. Bu goşgularda gelin-gyzlaryň edep-ekramy, ejaplylygy, myhmana edýän hyzmatlary, giň göwrümliligi, belent adamkärçilik sypatlary şahyrana teswirlenipdir:
Myhman gelse, elli-ýüz diýp basylmaz,
Göwresi darygyp, köňli gysylmaz,
Suprasy ýazylgy, yzy kesilmez,
Ezelden ykbaly baýdyr Bibiniň...
Görşümiz ýaly, goşguda türkmene mahsus bolan myhmanparazlyk meselesi gozgalyp, myhmany güler ýüz bilen garşylaýan türkmen zenanlarynyň nurana keşbi çekilýär.
Türkmen klassyk şahyry Annagylyç Mätäjiniň ogly Molladurdy 1860-1861-nji ýyllarda Köşi obasynda dünýä inýär. Ol ilki mollada, soň Köşi we Bagyr medreselerinde bilim alýar. Ondan soň mollaçylyk edýär. Onuň daşyndan daýhançylyk bilen meşgul bolýar. Molladurdy Muhammetgylyç Biçäre, Durdy Gylyç, Hally hagşy dagy bilen gatnaşyk saklapdyr.
Molladurdy 1914-1918-nji ýyllarda Köşüdäki rus-tuzem mekdebinde türkmen dilinden sapak berýär. Şonuň bilen birlikde goşgular döretmek bilen hem meşgullanýar. Onuň on töweregi goşgusy 1914-1917-nji ýyllarda „Zakaspiýskaýa tuzemnaýa gazeta― gazetinde çap edilýär.
Şahyryň „Hojaguly― atly eserinde aldawçylygyň, yalançylygyň soňundan döredýän erbetligi ýiti gülki arkaly paş edilýär.
Molladurdy „Nury-imandyr okuw― atly goşgusynda atalaryň çagalaryny okuwa ibermegini sogap iş etdikleri hasaplamak bilen halky bilim, ylym almaga çagyrýar.
Şahyr dini ynançlary biri-birine garşy goýmagy nädogry hasaplaýar.
Molladurdy öz döwrüniň gündelik wakalaryna seslenen, il-güni tolgundyrýan möhüm meseleleri gozgan şahyrdyr.
Baýram şahyr 1871-nji ýylda Balkan dagynyň etegindäki Gargyjyk çeşme diýen ýerde garyp çarwa maşgalasynda dünýä inýär. Onuň çagalygy baýlaryň gapysynda geçýär. Ol il-ýurduny, onuň asylly däp-dessurlaryny hormatlaýan, töwerekde bolup geçýän wakalaryň many-mazmunyny ýitilik bilen seljerip bijen zehinli ýigit hökmünde özüni tanadýar.
Baýram şahyr ýaşlykda döredijilik işine başlap, birtopar durmuşy goşgulary döredýär. Ol goşgularda öz garyp güni, zähmetkeş halkyň agyr ýagdaýy çeper suratlandyrylýar.
Baýram ýaşlykda aýdym-saza uly sarpa goýupdyr. Ol ahlak, öwüt-nesihat, söýgi temasynda ençeme goşgy ýazyp, olary özi saza salyp, il arasynda ýaýradýar.
Şahyryň „Şaglap iner bürgütleri―, «Daglar», «Gyrat―, „Meläniň― ýaly il içinde uly meşhurluk gazanypdyr.
Baýram şahyryň „Garybyň― diýen goşgusy onuň döredijiliginiň iň gowy nusgalarynyň biridir.
Aýdaýyn, garyby -tükenmez dertde,
Ah çekdi, ýüregi doly garybyň.
Oba göçse, öýi galyp ýurtda,
Ýalňyz eşek bordy maly garybyň...
Baýram şahyryň Oktýabr rewolýusiýasyndan soňky goşgularynda düşünmese-de täze syýasaty aşa mahabatlandyrmak ýaly meýiller ýüze çykypdyr.
Halk arasynda ―Palaw‖, ―Çaý‖, ―Guýruk‖, «Ary» ýaly goşgulary halkyň arasynda uly meşhurlyk gazanan Körmolla (Suhanberdi Öwezberdi) 1872-nji ýylda Daşoguz etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Körmollanyň kakasy ilki Mara, biraz wagtdan soň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasyna göçüp barýar. Baknalyk döwri bolansoň olaryň maşgalasynyň täze ýurtda hem gün-güzerany gowulanyp gidibermeýär.
Suhanberdi ýaşlykdan zehinliligi, duýgurlygy bilen tapawutlanypdyr. Ol toý-meýlislere yzygider gatnaşyp, bagşylary, sazandalaty, olaryň aýdym-sazlaryny, gürrüňlerini uly höwes bilen diňläpdir. Toýlarda aýdylýan dessanlary, halk döredijilik eserlerini, gyzykly gürrüňleri ýat tutup, olary köpçüligiň arasynda özi hem aýdyp ugrapdyr.
Suhanberdi soň-soňlar goşgular ýazyp, olary aýdym edip, köpçüligiň arasynda aýdyp ugraýar. Şahyr 22-23 ýaşlarynda kör galyp, ýörejek ýoluny zordan saýgaryp bilýän adama öwrülýär. Onuň gep-gürrüňe biçak çeperligi, erteki-dessanlary, köp goşgyny, şorta sözleri ýatdan bilmegi onuň Körmolla lakamyny almagyna sebäp bolýar.
Kynçylykly agyr durmuş, il-gün bilen edýän ýakyn gatnaşygy onuň döredijiligine öz täsirini ýetirýär. Ol il arasynda döräp, soň kem-kemden timarlanan şorta sözleri, ýörgünli bolan gyzykly gürřüňleri, nakyllardyr atalar sözlerini, çeper aňlatmalary, rowaýatlardyr ýordumlary örän dykgatly öwrenýär.
Körmollanyň tematik örüsi köptaraplydyr. Ol „Palaw― goşgusynda türkmeniň milli tagamy bolan palawy taýýarlamagyň inçe syrlary täsirli, çeper beýan edipdir.
Owal-a şaly satandan ýagşysyn almak gerek,
Gaýnagan suwga salyp hem bir zaman goýmak gerek,
Hem ýene suwga salyp, aýlandyryp ýuwmak gerek,
Kir bilen bişgende görseň, reňňi betnamdyr palaw.
Gazanyňy ýagşy ýuwgul, ýagda lödere bolmasyn,
Guýruk olsun, künjüt olsun, ýagy maşyn olmasyn,
Ýagy ger maşyn olsa, ýanmaklygy kem bolmasyn,
Ýanmagy kem bolsa, görseň, buýy betnamdyr palaw.
Oduny aza ýakgyl, çykmasyn ýaga tütün,
Astyna salgan etiň towuk olsun ýa sülgün,
Agdaryp demge goýaňda, gapagy bolrun bitin,
Demini ýagşy alsa, iýseň, derde dermandyr palaw.
Körmolla söýgi temasyna-da ýüzlenip, „Gaşyn kakandyr bir gelin―, „Annabagt» ýaly yşky-liriki goşgulary hem döredipdir. Olarda gyz-gelinleriň görk-görmeklerini, näz-kereşmelerini, boý-syratlaryny wasp edipdir.
Körmollanyň mylaýym ýumora, ýiti satira ýugrulan goşgulary şahyryň ýaşan döwrüniň keşbini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.
Öz döwrüniň uly meşhurlyk gazanan şahyrlarynyň biri Durdy Gylyç 1886-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň häzirki Görogly etrabynyň Hojakümmet obasynda batrak maşgalasynda dünýä mipdir. Şahyr alty ýaşyndan ýetim galansoň, durmuşyň agyr hupbatlaryny başyndan geçirmeli bolupdyr. Iň erbet ýeri-de iki ýaşynda mama keseli zerarly iki göreçden mahrum bolmagy geljekki şahyryň ýagdaýyny has hem kynlaşdyrypdyr.
Durdy Gylyç çeper söze, saz-söhbete ýakyn bolup, ýaşlykdan bagşylary, has hem dessançy bagşylary diňlär ekeni. Soň özi şolaryň hataryna goşulyp, il arasynda tanalyp başlapdyr. Aýdymdyr dessanlary oňat öwrenen Durdy Gylyç halkyň başy jem bolan toýdur meýlişlerde, baýramdyr dabaralarda çeper sözüň ajaýyp nusgalaryna öwrülen aýdymdyr dessanlary aýdyp, köpçüligiň göwnünden turupdyr.
Durdy Gylyç 1915-1916-njy ýyllarda döredijilik işine başlapdyr. Ol „Çatma―, „Eşekli―, „Jykyr― ýaly goşgularynda öz döwrüniň zähmetkeş adamlarynyň durmuşyny dogruçyl beýan edipdir.
Şahyryň „Gözledi, ýarym gözledi―, „Garagözli gelin―, «Perim», „Döneýin», „Gyz―, „Boz gelin― ýaly yşky-liriki temada hem goşgular döredipdir. Ol goşgularda gelin-gyzlaryň ruhy dünýälerini, daşky keşplerini, söýgi duýgularyny beýan edipdir.
Durdy Gylyç türkmen gyzlarynyň käbirlermiň uçran keç ykballaryny-da suratlandyrypdyr. Muny onuň «Tumarly», „Ömri ýanan zaýa gelin― ýaly goşgulary kemsiz tassyklaýar.
Durdy Gylyç Köşüdäki Molladurdy şahyr bilen, Hally bagşy bilen dostluk gatnaşyklaryny saklapdyr.
Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy 1939-njy ýylda, ikinjisi 1941-nji ýylda, üçünjisi 1944-nji ýylda çykdy. 1952-nji ýylda bolsa şahyryň saýlanan goşgular ýygyndysy çap edildi.
Durdy Gylyja halk şahyry diýen hormatly at dakyldy.



Yüklə 217,13 Kb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   47




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin