Tema: logika we dil. Dil we pikirlenme. Dil we sözleýIŞ Meýilnama: Logika barada gysgaça maglumat



Yüklə 181,92 Kb.
tarix13.12.2022
ölçüsü181,92 Kb.
#74348
Logika we dil (1)


Berdak adyndaky Garagalpak döwlet uniwersiteti özbek filologiýa fakulteti Türkmen dili we edebiýaty bölüminiň 2- kurs talyby Otuzov Ruslaniñ Dilşynaslyk we tebigy ylymlar dersinden özbaşdak işi.
TEMA:LOGIKA WE DIL. DIL WE PIKIRLENME. DIL WE SÖZLEÝIŞ
Meýilnama:

Logika-filosofiki ylym bolup, adamzadyň pikirlenmek ukybyny öwrenyär. Logika-pikirlenmekligiň kanunlaryny we görnüşlerini öwrenyän ylymdyr.
Logika - (“logos” gr.-„pikir", „söz", „aň", „kanunalaýyklyk" adamzadyň pikirlenişi baradaky ylymdyr. Yöne adamzadyň pikirlenişini öwrenyän beýleki ylymlardan (ýokary nerw işjeňligiňiň fiziologiýasyndan ýa-da psihologiýadan) tapawutlylykda, logika pikirlenişe aň ýetirmegiň serişdesi hökmünde öwrenyär; predmeti- adamy gurşap alýan dünýä aň ýetirmäge ýardam edyän pikirlenişiň ýörelgeleri we tilsimleri, formalary we kanunlarydyr.
Logika we dil
Logikany öwrenmegiň predmeti hökmünde pikirlenşiň kanunlary we formalary, geljekde ideal obýekt bolmak bilen, dilde material formany edinýärler we diňe dil kontekstleriniň ýörite analizi ýaly yüze çykarylyp bilnerler.
Diliň esasy funksiýalaryna we düzümine, şeýle-de logikanyň diliniň aýratynlygyna seredeliň. Dil diýip, adamlaryň arasynda iş salyşmagyň serişdesi bolup çykyş edýän we maglumaty emele getirmek, saklamak we geçirmek wezipesini ýerine ýetirýän islendik nyşanly maglumat ulgamyna aýdylýar. Dili kompleksleýin öwrenýän ylym semiotikadyr (nyşanly ulgamlaryň umumy taglymaty). Ol dili 3 aspekt boyunça öwrenýär:
SEMANTIK
SINTAKTIK
PRAGMATIK
Sintaksis-diliň gurluşyny, döreýiş, üytgeýiş usulyny we nyşanlaryň arasyndaky baglanyşygy öwrenýär.
Semantika-interpretasiýa meselelerini, ýagny nyşanlaryň arasyndaky gatnaşygy öwrenýär.
Pragmatika-diliň kommunikatiw wezipesini, ýagny dili göterijiniň diliň özüne bolan emosional, psihologiki, estetiki, ykdysady we praktiki möhüm gatnaşygyny öwrenýär.
PIKIRLENME-DIL-SES
Dilçi Andre Martinet bolsa doly, durnukly ýagdaýa geçen pikiriň diňe dil arkaly hasyl edilip bilinjekdigini belläp, munuň jemgyýet bilen arabaglanyşygyna ünsi çekipdir. XIX asyryň dilçileri diliň we pikirlenmäniň biri-birinden tapawutlanýan iki işdigi, özbaşdak aýratynlyklara eýe bolan iki ruhy zähmetdigi baradaky pikiri goldapdyrlar.
Dil biliminiň logiki ugrunyň wekilleri bu düşünjeleri birmeňzeş zat hasaplapdyrlar (wagta degişli bolmadyk hem-de ählumumy zatlar laýyk gelmelidir diýen ýaly logiki kategoriýalar, olaryň pikiriçe uniwersal dil kategoriýalarydyr).
Pikirlenmek adamyň beýnisiniň işidir. Zähmet adama haýwanlaryň arasyndan saýlanmaga mümkinçilik berip, adamlarda aňyň (şol sanda pikiriň) we diliň döremegine esas bolupdyr. Pikir dil bilen aýrylmaz baglanyşykly. Dil pikiriň gös-göni hakykylygy.
Dil we pikirlenme
Dil we pikirlenmek bir-biri bilen aýrylmaz berk baglydyr. Dil ýaly pikirlenmek hem diňe adamzada has bolan häsiýetdir. Dil bilen pikirlenmegiň peýda bolmagy hem rowaçlanmagy bir wagta dogry gelýär. Sebäbi olaryň biri ikinjisiz ömür sürip bilmeýär. Pikirlemek adam beýnisiniň işjeňligi netijesinde amala aşyrylyp, ol diňe diliň ýardamynda ýüze çykýar we berkleşýär. Pikirlemek (oýlamak) dil birlikleri arkaly söz we sözlem görnüşinde aýdylyp, ol materiallyk (ses) görnüşine eýe bolýar
. Dil we pikirlenme dil biliminiň nazaryýetiniň çylşyrymly hem jedelli meseleleriniň biridir. Dil hakyndaky ylmyň taryhynyň dürli döwürlerinde bu mesele dürlüçe çözülipdir. Dil we pikirlenmäniň biri-birine gatnaşygy babatda iň gadymy filosoflardan häzirki döwrüň dilçi hem filosof alymlaryna çenli aralykda düýpli ylmy işler edilipdir.
Yüklə 181,92 Kb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin