Mowzuk:NURMUHAMMET Andalyp we onuň döredijiligi. MEÝILNAMA:
1.Nurmuhammet Andalybyň ömri we döredijiligi.
2.Andalybyň eserleriniň dili.
3. Andalybyň eserleriniň many aýratynlygy.
Taryhçy, terjimeçi, filosof türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji dessançy şahyr diýip tanalýan Nurmuhammet Andalyp alymlaryň täze bartlaglary boýunça Ýylanly etrabynyň Garamaz obasynda 1660-njy ýylda eneden dogulýar. Nrmuhammet türkmeniň Düýeçi tiresiniň Seýilhan neslindendir. Onuň atasynyň adyna Akmuhammet, kakasynyň adyna bolsa Seýit Muhammet ýa-da Seýit Ähmet we ejesiniň adyna bolsa Hansoltan diýer ekenler. Nrmuhammet ilki oba mekdebinde soň bolsa Hywada medresede bilim alypdyr. Onuň Bagdatda okanlygy barada-da maglumat bar.Nurmuhammediň esasy kesp-käri deýhançylyk we agaç ussaçylygy bolpdyr.Nurmuhammet ýaşaýyş –durmuş bilen baglanyşdyryp özüne”Garyp” lakamyny alypdyr. Gül atly gyzy söýüp , özüni onuň yşkynda saýraýan bilbil hasaplamak bilen Andalyp özüne “Bilbil” edebi lakamyny göteripdir. Ol 1740-njy ýylda aradan çykypdyr.
Nurmuhammet Andalyp türkmen edebiýat taryhynda ilkinji dessançy şahyr ady bilen galan görnükli şahyrdyr.Nurmuhammet Andalyp bize ölmez-ýitmez miras edip özünde dört sany dessan galdyryp gidendir olar “Leýli-Mejnun”, “Ýüsüp-Züleýha”, “Babaröwşen”, “Zeýnelarap” dessanlarydyr. Ýene-de Andalyp gazallary, muhammesleri, murapbaglary, müstezatlary ýazyp bize miras galdyran şahyrdyr.Şahyryň kimligi barasynda onuň öz dilinden eştmek ýakymly hem ynançlydyr:
Ismim idi Nurmuhammet Garyp,
Sözde tahallusym idi andalyp.
Ýa-da:
Şährimiz Ürgenç welaýat idi,
Hanymyz Şirgazy hemaýatidi.
Andalyp ýene-de “Oguznama”, “Nesimi”, “Sagdy-wakgas” ýaly poemalary döredýär. Onuň şeýle ajaýyp eserlerini görüp onuň şübhesiz beýik şahyrdygyna göz ýetirmek mümkin.
Nurmuhammet Andalybyň eserleriniň dili we çeperçiligi, dessanyň halk içinde meşhurlyk gazanmagy üçin gerekli bolan we dessanyň bagşydyr sazandalaryň diline düşmegini we şeýlelik bilen halkyň arasynda ýaýramagyna, dessanyň halk içinde uly şöhrata eýe bolmagyna itergi beren ýene-de bir çeperçilik usuliýetidir.
Şahyryň eserleriniň dili,onda şahyryň ulanan çeperçilik serişdeleri, dessanda ulanylýan sözleriniş hemmesi diýen ýaly häzirki türkmen dilinde hem hiç hili üýtgeşiksiz ulanylýan bolmagy, halkyň halamagy üçin eserleriň binýadyny berkitmek bilen birlikde düşnükli bolmagyny hem üpjün edýär.
Andalyp özüniň her bir eserinde meňzetme, deňeşdirme, ulaltma, kiçeltme ýaly birnäçe çeperçilik serişdelerine örän ýerli-ýerinde ulanyp bilipdir. Ol öz dessanlarynda bolsa gazl, ikileme, dörtleme hem bäşleme ýaly goşgy düzüliş formalaryndan peýdalanyp dessanyň gozelligine gözellik bagş edipdir.
beýik şahyr Nurmuhammet Andalybyň eserleri örän çeperçilik bilen döredilen bolup onuň many aýratynlygy hem pzüne mahsusdyr. Şahyr öz eserlerinde watançylyk, dostluk, wepalylyk, zähmetsöýerlik, öwüt-nesihat ýaly birnäçe tematik ideýalary öňe sürüpdir .Emma, onuň eserleriniň baş temasy ,baş manysy yşk-söýgidir.Nurmuhammet andalybyň “Leýli-Mejnun” dessanyny Gündogar edebiýatynda meşhur bolan halk rowaýatlaryn esasynda ýazylandyr.Munda şahyr başga ýazyjylardan tapawutly ýagdaýda gahrymanlaryň içki ekspressiwlik ýagdaýlaryny many jähtden hasda aýdyň açyp görsedendir
Şahyryň ähli dessanlarynyň manysy tematikasy we eserleriň içinde duş gelinýän toponomiki atlaryň meňzeşligi onuň eserlerini bir-birine hem tematika hem many tarapdan baglap durýar.Şahyryň ,eserleriniň manylary hakykata dogry gelýänligini “Babaröwşen” dessanyndaky şu setrlerden görmek bolar:
Şähri-Yklym hany-Tehräk,
Gamhorymdyr Katran, Ymlak,
Weýran boldy köşki rowak,
Ylgar döksün hysaryma.
Ynha şu setrlerdäki toponomiki atlar “Zeýnelarap” dessanynda hem duş gelýär.
ÜNS BERENIŇIZ ÜÇIN SAG BOLUŇ!!!