Alkogol zäherlenmesi: sebäpleri, OŇa mahsus bolan alamatlar we berilmeli ilkinji kömek



Yüklə 263,05 Kb.
Pdf görüntüsü
tarix31.01.2017
ölçüsü263,05 Kb.
#6736

ALKOGOL ZÄHERLENMESI: SEBÄPLERI, OŇA MAHSUS BOLAN ALAMATLAR WE BERILMELI ILKINJI KÖMEK

Ýazan: Lukman

Duşenbe, 23 Sentýabr 2013 17:00

   


Köp halklaryň medeniýetinde alkogol içgileriň kadaly kabul edilmeginiň däp bolup galmagy,

onuň täsiri bilen bedeniň zäherlenmesiniň has ýygy düş gelmeginiň sebäbi bolup durýandyr. Bu

zäherlenmäniň saglyga ýaramaz täsir edip, ençeme dowamly gaýraüzülmelere getirip bilme

howpy, oňa mahsus bolan alamatlary anyklamaga we ilkinji kömegiň berliş usullaryny bilmäge

bolan talaby ýüze çykarýandyr.

      


   Derman senagaty alkogol zäherlenmesiniň bejergisi üçin netijeli bolup biljek dermanlaryň dürli

görnüşini öndürýär. Ýöne zerur bolan wagtynda olaryň elýeterli bolmazlygy hem mümkindir.

Şonuň üçin, elýeterli serişdelerden we usullardan peýdalanyp, öý şertlerinde ilkinji kömegiň

berlişini bilmek wajypdyr.

  

   Alkogol zäherlenmesine mahsus bolan alamatlar



  

   Alkogol zäjerlendiriji möçberde kabul edilenden soň, narkotik serişdesi höküminde döredýän

keýpliligi düýma duýgusy çalt gecýär we zäherlenmäniň netijeleri ýüze çykyp başlaýar. Onuň

birinji tapgyry şu aşakdaky alamatlar bilen kegitlenilýär:

  

   ► Ele ýelmeşýän der;



  

   ► Adamyň ýüzüniň we gözüniň gyzarmagy;

  

   ► Gaýtarmak;



  

   ► Arterial we kelle gan basyşynyň ýokarlanmagy.

  

 1 / 5


ALKOGOL ZÄHERLENMESI: SEBÄPLERI, OŇA MAHSUS BOLAN ALAMATLAR WE BERILMELI ILKINJI KÖMEK

Ýazan: Lukman

Duşenbe, 23 Sentýabr 2013 17:00

   Ýarawsyzyň ýagdaýy barha beterleşip:

  

   ♦ Dem alşyn bozulmagy zerarly göz göreji giňelýär;



  

   ♦ Kislorod yetmezçiliginiň alamaty höküminde dodaklaryň gögermegi ýüze çykýar;

  

   ♦ Damar urgusy ýokarlanyp başlaýar;



  

   ♦ Gan basyşy peselýär;

  

   ♦ Ýüregiň işleýşiniň bozulmalary ýüze çykyp başlaýar;



  

   ♦ Gaýtarma netijesinde iýmit galyndylaryň dem alyş ýollaryna düşmegi sebäpli, köplenç

bogulma ýüze çykýp biler.

  

   Dem alyşyň durmagy we ýüregiň işiniň bozulmagy zerarly, ölüm ýagdaýy ýüze çykyp



biler.

  

   Ilkinji kömegiň berliş aýratynlyklary



  

   Lukmanlar gelmezden öň, alkogol bilen žaherlenen adamyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek

maksady bilen, ilkinji kömege degişli edilýän ähli çäreleri geçirmek zerurdyr:

  

   ► Ilkinji zerur geçirmeli çäre – alkogolyň gana düşmegini duruzmakdyr. Onuň üçin adamyň



gaýtarmagyny gazanmalydyr. Bu maksat üçin kaliý permanganatynyň erginini (margansowka)

ulanyp bolar. Birnjiden, margansowka ergini aşgazanyň nemli bardasyna berkidiji täsirini ýetirse,

 2 / 5


ALKOGOL ZÄHERLENMESI: SEBÄPLERI, OŇA MAHSUS BOLAN ALAMATLAR WE BERILMELI ILKINJI KÖMEK

Ýazan: Lukman

Duşenbe, 23 Sentýabr 2013 17:00

ikinjiden, ol gaýtarmak refleksini ýüze çykarýandyr.

  

   ► Alkogolyň galyndysyny aýyrmaga enterosorbentler, meselem, işjeňleşdirilen kömrüň



ulanylmagy kömek edip biler. Kömür beden agramynyň her 10 kg-na 1000 mg. mukdarda

berilýär. Öýdäki derman gutuda saklanmaga maslahat berilýän polifepan ýa-da polisorb has

hem netijeli täsir edýär.

  

   ► Aşgazan arassalanylandan son, 20-30 gram mukdarda natriniň sulfatyny kabul etmek hem



peýdaly bolup biler.

  

   ► Näsaga duz garylan suwy içmeklik maslahat berilýär. (1 litr suwa 4-6 çay çemçesi



möçberde duz goşmaly).

  

   ► Alkogol zäherlenmesiniň ýeňil görnüşlerinde kelle agyryny gowşadýan agyrsyzlandyryjy



serişdelerden peýdalanyp bejergi bermek bolýar. 

(parasetamoldan peýdalanmak

gadagan!)

  

   ► Bedende madda çalşygyny güýçlendirmek üçin askorbin, limon ýa-da ýantar turşusyndan



peýdalanylýar. Bu dermanlar, esasanda ýantar turşusy alkogol zäherlenmesiniň alamatlaryny

çalt aýyrýandyr.

  

   ► Alkogol zäherlenmesi netijesinde üşütmäniň ýüze çykmagy sebäpli, syrkawy ýylatmak üçin



gerekli bolan çäreleri görmek zerurdyr. Onuň üçin syrkawy gyzgyn zada dolamaklykdan we

grelkanyň (içi suwly rezin haltajyk) kömegi arkaly ýylatmakdan peýdalanylýar.

  

   ► Dem alyşy we ýüregiň kadaly işini ýola goýmaklyk üçin zäherlenen adama içgileri beriň:



goýy demlenen narpyz goşulan çaý ýa-da kofe, minerallaşdyrylan suw. Içgiler zeper ýeten

adamyň bedeninde toplanan zäherleri çalt çykarmaga kömek eder.

  

   Ýokarda häsiýetlendirilip geçilen howply ýagdaýdan başga-da, baýramçylyk günleriniň



 3 / 5

ALKOGOL ZÄHERLENMESI: SEBÄPLERI, OŇA MAHSUS BOLAN ALAMATLAR WE BERILMELI ILKINJI KÖMEK

Ýazan: Lukman

Duşenbe, 23 Sentýabr 2013 17:00

şagalaňly oturlyşyklaryndan soň, alkogol içgileriniň ýaramaz täsirini (halk arasynda bu ýagdaý 



"pohmelýe"

diýip atlandyrylýar) başdan geçirmeýän ýok bolsa gerek. Bu ýagdaý spirtiň suwsuzlandyryjy

täsiri bilen ýüze çykyp, ý

ü

rek bulanma, kellagyrylar, başyň aýlanmagy ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýändir. Bu



ýagdaý bilen göreşmekligiň köp usullaryny maslahat berip bolar:

  

   ♦ Gowy ukyňy alyp turma – iň peýdaly usullaryň biridir. Ukydan turup, gyzgyn suwly duş kabul



ediň we köpräk suw içiň. Nahar iýmäge, ylaýtada, gyzgyn çorbalary we gaýnatmalary kabul

etmäge çalşyň.

  

   ♦ Köplere oýandyryjy içgiler bolan kofe, goýy demlenen gara çaý, koka-kola içgisini içme



ýaramly bolup biler. Şonuň ýaly-da, arassa bal bilen pyrtykalyň, tomatyň şiresini garma,

duzlanan hyýar, yogurt, gatyk içme bu alamatlardan dynmaga kömek edip bilýändir.

  

   ♦ Biraz duz sepip ter pomidory iýiň.



  

   ♦ Bir çig ýumurtgany gowy edip garyň we oňa 1 çaý çemçe sirke, duz, burç goşup bir gezekde

içiň.

  

   ♦ Derman serişdelerinden, bu maksat üçin ýörite niýetlenen Alko-Zeltser, Antipohmelin,



Alko-Prim serişdelerini kabul edip bolar. Bu alamatlardan dynmaga eredilýän aspirin, sitramon

serişdeleri hem netijeli kömek edip bilýändir. Şagalaňly gijeden soň, kömrüň 6-8 gerdejigini,

no-şpanyň 2 we aspiriniň 1 gerdejigini kabul etme size alkogolyň täsirinden dynmaga kömek

eder. Bu maksat üçin Askofen, Kofisil-Plýus serişdeleri hem ulanylýandyr.

  

   ♦ Agyzdan gelýän ysy aýyrmak üçin B6 witamininiň 2 ampulasyny ýarym stakan suwa garyp



birden içmelidir.

  

   Alkogolyň ýaramaz täsirini azaltmak we onuň bilen zäherlenme alamatlaryndan dynmak üçin



birnäçe usullary sanap geçip bolar:

 4 / 5


ALKOGOL ZÄHERLENMESI: SEBÄPLERI, OŇA MAHSUS BOLAN ALAMATLAR WE BERILMELI ILKINJI KÖMEK

Ýazan: Lukman

Duşenbe, 23 Sentýabr 2013 17:00

  

   ► Öň bellenişi ýaly, kömrüň gerdejikleri alkogoly sorup alyp, onuň gana düşmeginiň öňüni



alýarlar. Aragyň birinji bulguruny kabul etmezden 10-15 minut öň onuň 2-4 gerdejigini kabul

ediň. Soňra her 1 sagatdan 2 gerdejigi kabul ediň. Almagel serişdesi hem edil şeýle täsirli bolup,

ony alkogoly içmezden 15 minut öň, 2-3 çemçeden kabul etme maslahat berilýär. Bu mukdary

her ýarym sagatdan içseňiz, siz asla serhoşlyk ýagdaýa uçuramaýarsyňyz.

  

   ► Alkogol içgileri içmezden öň süýdüň 1 stakanyny kabul ediň.



  

   ► Içgileri kabul etmezden ýarym-bir sagat öň ýarmaly, greçkaly, süleli bulamaklary iýseňiz, siz

asla-da serhoş bolmarsyňyz.

  

   Alkogol içgileriniň bedene ýetirýän ýaramaz täsirinden dynmagyň dürli usullary elýeterli



bolsa-da, olary kabul etmekden saklanmagyň ýa-da belli bir çäkliligi saklamagyň möhümdigini

belläsimiz gelýär.



 5 / 5

Yüklə 263,05 Kb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin