9-njy TEMA
MOLEKULALAR WE OLARYŇ ÖLÇEGLERI
Size mälim bolşy ýaly, her bir maddanyň özboluşly aýratynlygy bar.
Meselem, şeker – süýji, duz – şor we ş.m. Şekeri alyp, owradalyň. Şu
owradylan uny ýalap görsek, şekeriň süýji tagamynyň galandygyny
duýýarys. Öňki temada aýdylyşy ýaly, ony ýene-de maýda böleklere
bölübersek süýji tagam saklanyp galarmy? Tejribelerden görnüşi ýaly,
maddanyň häsiýeti onuň bölejigi mälim ölçege çenli bölünse, saklanýar
Maddanyň häsiýeti saklanyp galýan iň kiçi bölejige
molekula
diýilýär.
4-nji surat.
Molekula (latynça
moles
– massa)
bir sany atomdan ýa-da birnäçe
atomdan ybarat bolmagy mümkin.
Meselem, suwuň mole ku lasy 3 sany
atomdan düzülen. Onda 1 sany
kislorod we 2 sany wodorod atomy bar (4-nji surat).
Biziň dem alýan kislorodyň molekulasy iki sany bir meňzeş
kislorod atomyndan ybarat. Dem alanymyzda çykýan kömürturşy
gazy bolsa bir sany uglerod we iki sany kislorod atomyndan
ybaratdyr. Her bir atom we molekulany özboluşly harplar we sifrler
bilen bellemek kabul edilendir. Meselem, kislorod atomyny – O
harpy bilen, molekulasynyň iki atomdan düzülenligi üçin O
2
şeklinde
belgilenýär. Kömürturşy gazynyň molekulasy – CO
2
, suwuňky – H
2
O
görnüşinde belgilenýär.
Şoňa görä-de suwuň molekulasyny atomlara dargatsak, iki sany
wodorod we bir sany kislorod molekulasy aýratyn ýagdaýda suwuň
häsiýetini bermeýär. Örän köp atomlardan düzülen molekulalarda
atomlaryň özara ýerleşişi hem onuň häsiýetleriniň üýtgemegini sebäp
bolýan eken. Hat-da hut bir atly atomlardan käbirleri içki gurluşy
bilen beýlekilerden tapawutlanmagy mümkin eken.
Tebigatda edil birmeňzeş jisimler ýok. Hatda ekizler hem
nämesi bilendir tapawutlanýar. Şu tapawutlary bilen ata-enesi olary
tapawutlandyryp bilýär. Ýöne edil bir sany maddanyň molekulalary
bir-birinden tapawutlanmaýar. Meselem, garpyz dan, deňziň suwundan
arassalanan suwuň molekulasy, bulagyň suwundan alnan molekula dan
tapawutlanmaýar.
21
Atom
we
molekulalaryň
örän
kiçi
bolýandyklary üçin olary göz bilen görüp
bolmaýar. Ony hat-da ýönekeý mikroskop
5-nji surat.
beýlede dursun, iň kämil optik mikroskop (iň
kiçi görüş ölçegi 0,000002 mm) de hem görüp
bolmaýar. Onda onuň ölçeglerini nädip ölçäris?
Bir seredende ony ýerine ýetirip bolmaýan ýaly
duýulýar. Şeýle tejribe geçireliň. Giňräk gaba
(tarelka) suw salyp, oňa bir damja ýagy damdyralyň. Şonda ýagyň
damjasy suwuklygyň üsti boýunça ýaýylyp gidýär. Çünki iň üstki
gatlakdaky molekulalar «typanyp», beýleki ondan soňky gatlaklar
hem edil şeýle ýanyna düşüp ýaýylýarlar. Ahyrynda diňe bir gatlak
galýar. Ýaýylan ýag damjasy tegelek şekilde bolsa, onuň diametri
ölçelip, meýdany
S
hasaplanýar (5-nji surat). Bir sany damjanyň
göwrümini kesgitlemek üçin damdyrgyçdan 1 sm
3
göwrümdäki
suwuklyk aýry gaba damdyrylyp, damjalar sany anyklanýar. Damjanyň
göwrümi 1 sm
3
-y damjalar sanyna bölüp tapylýar.
Ýaýylan damjanyň göwrümi
V
=
d · S
-e deň bolanly gyndan ýag
gatlagynyň galyňlygy
d
V
S
=
bolýar. Mundan gatlagyň galyňlygy ýa-
da molekulanyň diametri hasaplap görülse,
d
= 0,0000002 mm-e
deň bolýar. Häzirki zaman usullary bilen ölçelen molekulalaryň
diametrleri hem şu tertipdeligi anyklanan. Bu sifriň kiçiligini
aşakdaky mysalda görmek mümkin. Bir sany wodorod molekulasyny
ulaldyp, alma görnüşine getirilse, Ýer almadan näçe esse uly bolsa,
alma wodorodyň molekulasyndan takmynan şonça esse uly bolardy.
Häzirki günde ýörite elektron mikroskoplaryň kömeginde uly
ölçegdäki molekulalar bilen bile käbir atomlaryň suratyny hem
almak mümkin. Wodorod atomynyň ölçegi 0,00000012 mm-
e, molekulasynyň ölçegi bolsa 0,00000023 mm-e deň. Belogyň
molekulasynyň ölçegi 0,0043 mm töwereginde eken.
1. Atom we molekula nämesi bilen tapawutlanýar?
2. Molekulanyň düzüminde näçe atom bardygyny nähili bilmek
mümkin?
3. Molekula ulumy ýa-da bakteriýalar? Bakteriýanyň ölçegini
botanika ýa-da zoologiya kitaplaryndan garap deňeşdirip
görüň.
|