Maddany ň gurlu


-njy TEMA MOLEKULALAR WE OLARYŇ ÖLÇEGLERI



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə14/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   131
fizika 6 turkman

9-njy TEMA
MOLEKULALAR WE OLARYŇ ÖLÇEGLERI
Size mälim bolşy ýaly, her bir maddanyň özboluşly aýratynlygy bar. 
Meselem, şeker – süýji, duz – şor we ş.m. Şekeri alyp, owradalyň. Şu 
owradylan uny ýalap görsek, şekeriň süýji tagamynyň galandygyny 
duýýarys. Öňki temada aýdylyşy ýaly, ony ýene-de maýda böleklere 
bölübersek süýji tagam saklanyp galarmy? Tejribelerden görnüşi ýaly, 
maddanyň häsiýeti onuň bölejigi mälim ölçege çenli bölünse, saklanýar
Maddanyň häsiýeti saklanyp galýan iň kiçi bölejige
molekula
diýilýär.
4-nji surat.
Molekula (latynça 
moles
– massa) 
bir sany atomdan ýa-da birnäçe 
atomdan ybarat bolmagy mümkin. 
Meselem, suwuň mole ku lasy 3 sany 
atomdan düzülen. Onda 1 sany 
kislorod we 2 sany wodorod atomy bar (4-nji surat).
Biziň dem alýan kislorodyň molekulasy iki sany bir meňzeş 
kislorod atomyndan ybarat. Dem alanymyzda çykýan kömürturşy 
gazy bolsa bir sany uglerod we iki sany kislorod atomyndan 
ybaratdyr. Her bir atom we molekulany özboluşly harplar we sifrler 
bilen bellemek kabul edilendir. Meselem, kislorod atomyny – O 
harpy bilen, molekulasynyň iki atomdan düzülenligi üçin O
2
şeklinde 
belgilenýär. Kömürturşy gazynyň molekulasy – CO
2
, suwuňky – H
2

görnüşinde belgilenýär.
Şoňa görä-de suwuň molekulasyny atomlara dargatsak, iki sany 
wodorod we bir sany kislorod molekulasy aýratyn ýagdaýda suwuň 
häsiýetini bermeýär. Örän köp atomlardan düzülen molekulalarda 
atomlaryň özara ýerleşişi hem onuň häsiýetleriniň üýtgemegini sebäp 
bolýan eken. Hat-da hut bir atly atomlardan käbirleri içki gurluşy 
bilen beýlekilerden tapawutlanmagy mümkin eken.
Tebigatda edil birmeňzeş jisimler ýok. Hatda ekizler hem 
nämesi bilendir tapawutlanýar. Şu tapawutlary bilen ata-enesi olary 
tapawutlandyryp bilýär. Ýöne edil bir sany maddanyň molekulalary 
bir-birinden tapawutlanmaýar. Meselem, garpyz dan, deňziň suwundan 
arassalanan suwuň molekulasy, bulagyň suwundan alnan molekula dan 
tapawutlanmaýar.


21
Atom 
we 
molekulalaryň 
örän 
kiçi 
bolýandyklary üçin olary göz bilen görüp 
bolmaýar. Ony hat-da ýönekeý mikroskop 
5-nji surat.
beýlede dursun, iň kämil optik mikroskop (iň 
kiçi görüş ölçegi 0,000002 mm) de hem görüp 
bolmaýar. Onda onuň ölçeglerini nädip ölçäris? 
Bir seredende ony ýerine ýetirip bolmaýan ýaly 
duýulýar. Şeýle tejribe geçireliň. Giňräk gaba 
(tarelka) suw salyp, oňa bir damja ýagy damdyralyň. Şonda ýagyň 
damjasy suwuklygyň üsti boýunça ýaýylyp gidýär. Çünki iň üstki 
gatlakdaky molekulalar «typanyp», beýleki ondan soňky gatlaklar 
hem edil şeýle ýanyna düşüp ýaýylýarlar. Ahyrynda diňe bir gatlak 
galýar. Ýaýylan ýag damjasy tegelek şekilde bolsa, onuň diametri 
ölçelip, meýdany 

hasaplanýar (5-nji surat). Bir sany damjanyň 
göwrümini kesgitlemek üçin damdyrgyçdan 1 sm
3
göwrümdäki 
suwuklyk aýry gaba damdyrylyp, damjalar sany anyklanýar. Damjanyň 
göwrümi 1 sm
3
-y damjalar sanyna bölüp tapylýar.
Ýaýylan damjanyň göwrümi 
V

d · S
-e deň bolanly gyndan ýag 
gatlagynyň galyňlygy 
d
V
S
=
bolýar. Mundan gatlagyň galyňlygy ýa-
da molekulanyň diametri hasaplap görülse, 
d
= 0,0000002 mm-e 
deň bolýar. Häzirki zaman usullary bilen ölçelen molekulalaryň 
diametrleri hem şu tertipdeligi anyklanan. Bu sifriň kiçiligini 
aşakdaky mysalda görmek mümkin. Bir sany wodorod molekulasyny 
ulaldyp, alma görnüşine getirilse, Ýer almadan näçe esse uly bolsa, 
alma wodorodyň molekulasyndan takmynan şonça esse uly bolardy.
Häzirki günde ýörite elektron mikroskoplaryň kömeginde uly 
ölçegdäki molekulalar bilen bile käbir atomlaryň suratyny hem 
almak mümkin. Wodorod atomynyň ölçegi 0,00000012 mm-
e, molekulasynyň ölçegi bolsa 0,00000023 mm-e deň. Belogyň 
molekulasynyň ölçegi 0,0043 mm töwereginde eken.
1. Atom we molekula nämesi bilen tapawutlanýar?
2. Molekulanyň düzüminde näçe atom bardygyny nähili bilmek 
mümkin?
3. Molekula ulumy ýa-da bakteriýalar? Bakteriýanyň ölçegini 
botanika ýa-da zoologiya kitaplaryndan garap deňeşdirip 
görüň.


22

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin