Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə17/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   131
fizika 6 turkman

11-nji TEMA
DÜRLI GUR
ŞAWLARDAKY DIFFUZIÝA HADYSASY
Öňki temada gazlar, suwuklyklar we gaty jisimlerde mole kulalaryň 
dyngysyz we tertipsiz hereketlenýändigini bildik. Ony tassyklaýan 
hadysalardan biri 
diffuziýa
(latynça 
diffuziýa
– dargamak, ýaýramak) 
hadysasydyr.
Diffuziýa 
diýip özara utgaşýan
 
bir maddanyň moleku-
lalarynyň ikinji madda, ikinji maddanyň moleku lalarynyň 
birinji madda özara geçmegine aýdylýar.
Diffuziýa hadysasyna mysal hökmünde otagda dökülen atyryň 
ysynyň ýaýramagyny, suwuklyga salnan şeker ýa-da duzuň ereýşini 
getirmek mümkin.
Otaga atyryň dökülen wagtyny bellik edip, ondan birnäçe metr 
aralykda oturalyň. Onuň ysyny derrew däl-de, eýsem mälim bir 
wagtdan soň duýarys. Näme sebäpden şeýle bolýar? Çünki atyr 
bugaranda molekulalara dargap, howanyň molekulalaryna aralaşýar. 
Molekulanyň tizligi uly bolsa-da (sekundyna birnäçe ýüz metr), ol 
öz ýolunda örän köp gezek howanyň molekulalary bilen çaknyşyp
öz ugruny üýtgedýär.
7-nji surat.
Suwuklyklardaky diffuziýa hadysasyna gözeg çilik 
etmek üçin aşakdaky tejribäni geçireliň. Stakan 
ýa-da käse alyp, bir çaý çemçe şeker salalyň. 
Soňra ýuwaşlyk bilen, şeker bilen aralaşmaz ýaly 
edip suw guýalyň. Bir sellemden soň stakanyň 
aşagyndaky suwuň bulanýandygyny göreris. 
Bu ezilen şekerdir. Stakany çaýkaman üstünden 
bir owurt içip görüň. 15–20 minutdan soň ýene içip görüň. Suwuň 
tagamy nähili üýtgäpdir? Indi tejribäni suw we margansowka (kaliý 


25
permanganat) bilen geçireliň. Munda diffuziýany stakandaky suwuň 
reňkiniň aşakdan başlap üýtgeýändigi arkaly göreris (7-nji surat).
Diffuziýa hadysasy gaty jisimlerde hem bolýar.
Şeýle tejribe geçiripdirler. Örän oňat edilip ýylmanan gurşun 
we altyndan ýasalan iki sany plastinany alyp, bir-biriniň üstüne 
goýupdyrlar. Olaryň üstünden ýük bilen basyp, otag temperaturasynda 
4–5 ýyl goýupdyrlar. Şondan soň olary alyp seretseler, plastinalar bir-
birine takmynan 1 mm girişip gidenligini görüpdirler.
Müsür piramidalary ýonulan daşlardan rejeläp gurlandyr. Ýöne bu 
daşlaryň birleşen ýerlerinden ýagyş geçmeýär. Çünki müň ýyllaryň 
dowamynda bir-birine ýük astynda birigip duran daşlar degiş 
gatlaklary özara 
diffu ziýalanyp
gidipdir.
8-nji surat.
Diýmek, diffuziýa hadysasy gazlar da çaltrak, suwuklyklarda 
haýalrak, gaty jisimlerde örän haýal geçýär.
Diffuziýanyň geçiş tizligi temperatura 
hem baglydyr.
Temperaturanyň artmagy bilen 
diffuziýa çaltlanýar.
Diffuziýa hadysasy tebigatda möhüm rol 
oýnaýar. Meselem, diffuziýa sebäpli howa 
senagat kärhanalaryndan çykýan zäherli 
gazlar dargap gidýär. Dem alnandaky çykýan kömürturşy gazy hem 
burnuň töwereginde toplanmaýar. Gök önümleri duzlamak hem 
diffuziýa hadysasyna esaslanandyr (8-nji surat). Diffuziýa adamyň we 
haýwanlaryň ýaşaýşynda uly ähmiýete eýedir. Meselem, howadaky 
kislorod diffuziýa sebäpli adamyň derisi arkaly organizme girýär. 
Diffuziýa arkaly ýokumly maddalar haýwanlaryň içinden gana geçýär.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin