Maddany ň gurlu


Gaty jisimler hususy göwrüme we şekile eýedirler



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə20/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   131
fizika 6 turkman

Gaty jisimler hususy göwrüme we şekile eýedirler.

1. Gaty jisimleri hem gaz halyna geçirmek mümkinmi?
2. Gaty halyna geçirlen howany gördüňizmi ýa-da eşiden-
dirsiňiz?
3. Sakgyç (žewaçka) gaty jisime degişli bolsa-da, aňsatja 
şeklini üýtgedýär. Munuň sebäbi nämede diýip pikir 
edýärsiňiz?
4. Gaty jisimler, suwuklyk we gazlaryň häsiýetlerinden dur-
muşda we tehnikada peýdalanylmagyna mysallar getiriň.
13-nji TEMA
SUWUKLYKLARDAKY DIFFUZIÝA HADYSASYNY 
 
ÖWRENMEK (ÖÝDE ÝERINE ÝETIRILÝÄR)
Gerekli esbaplar:
iki stakan, margansowka kristallary.
Işi ýerine ýetirmegiň tertibi.
1. Birinji stakana sowuk suw salyp sowadyja goýuň. Ikinjisine-de 
suw salyp, ýylyrak ýerdäki şkafda goýuň.
2. Stakanlardaky suwy çaýkandyrmazdan içine margansowka 
kristallaryny salyň.
3. Bir günde iki gezek stakanlardaky suwuň gyzarýandygyna 
gözegçilik ediň (näçe millimetr ýokary göterilýär).
4. Gözegçiligiň netijesine görä diffuziýanyň geçiş tizligini 
hasaplaň. 
D
h
t
~

h
– diffuziýa netijesinde gyzyl reňke geçen 
suwuklygyň beýikligi.
 t
– wagt.
5. Gözegçilikler barada netijeler ýazyň.


29
14-nji TEMA
MASSA WE ONUŇ BIRLIKLERI
Siz gündelik durmuşyňyzda ata-enäňiz bilen ýa-da özüňiz bazara 
barýansyňyz. Bazarda satylýan azyk önümleriniň köpüsiniň terezide 
ölçelip satylýandygyny-da bilýärsiňiz. Tereziniň kömeginde jisimler 
we zatlaryň nähili ululygy ölçelýär? Oňa düşünmek üçin aşakdaka 
üns bereliň. Çäge ýüklenen çagalaryň oýnawaç awtomobilini ýerinden 
gozgamak aňsatmy ýa-da çäge ýüklenen hakyky awtomobilimi? Bir deň 
tidirlenip gelýän oýnawaç awtomobili tutup togtatmak aňsatmy ýa-da 
hakyky awtomobilimi? Elbetde, her biriňiz soraga oýnawaç awtomobili 
diýersiňiz. Başga mysal alalyň. Sellofan halta salnan şekeri götermek 
aňsatmy ýa-da bir gap şekerimi? Munda-da haltadaky diýen dogry 
jogaby alarys. Diýmek, jisimler dynçlyk ýagdaýynda duran bolsa olary 
bu ýagdaýdan çykarmak üçin olara täsir etmeli. Netije çykaryp aýtsak, 
jisimler ýa-da zatlar dynçlyk ýagdaýyny saklamaga hereket edýän 
eken. Jisimler edil şeýle hereket ýagdaýyny-da saklamaga dyrjaşýar. 
Jisimleriň dynçlyk ýa-da hereket ýagdaýyny saklamak ukybyna 
inertlik
diýilýär. Ýöne bu ukyplylyk dürli jisimlerde dürlüçedir. Bu 
ukyplylygy ölçemek üçin 

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin