Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə28/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   131
fizika 6 turkman

15. Bir litr suw näçe sm
3
 -a deň?
A) 500. B) 100. C) 1000. D) 2000.
16. Jümläni dowam etdiriň. «Maddanyň dykyzlygyny kesgitlemek 
üçin... ».
A) ... massasyny göwrümine bölmeli
B) ... massasyny göwrümine köpeltmeli
C) ... massasyny göwrümine goşmaly
D) ... massasyny göwrüminden aýyrmaly


41
17. Suratda getirilen jisimiň massasy we göwrümi näçä deň? Dykyzlygy 
1500 kg/
 
m
3
.
A) 75000 kg; 50 m
3

B) 75000 kg; 100 m
3
.
C) 75000 kg; 30 m
3

D) 45000 kg; 30 m
3
.
JEMLEÝJI SÖHBET
Munda Siz I bapda öwrenilen temalaryň gysgaça netijeleri bilen 
tanyşýarsyňyz.
Fizik jisimler
Tebigatda duşýan dürli maddalardan ybarat ähli jisimler.
Fizik 
hadysalar
Maddany düzýän bölejikleri üýtgewsiz galdyrmak bilen bolup 
geçýän hadysalar.
Fiziki ululyk
Jisimleriň ýa-da fiziki hadysalaryň ölçemek mümkin bolan 
parametrleri.
Halkara 
birlikler 
sistemasy 
(HBS)
1960-njy ýylda girizilen. Onda esasy 7 birlik kabul edilen: 
uzynlyk (metr), massa (kilogram), wagt (sekunt), tok güýji 
(Amper), temperatura (Kelwin), ýagtylyk güýji (kandela), 
maddanyň mukdary (mol). Galan fiziki ululyklar esasy 
birlikleriň kömeginde alynýar. Meselem, 1 N = 1 kg ∙ 1 m/s
2
.
Metr (m)
Uzynlyk birligi. HBS esasy birligi. Baha taýdan ýagtylygyň 
wakuumda 1/299792458 sekundyň dowa myn da geçýän ýoluna 
deň. Nusgasy platina-iridiý garyndysyndan taýýarlanan bolup, 
Fransiýada saklanýar.
Sekunt (s)
HBS esasy birligi. Takmynan ortaça gün sutkasynyň 1/86400 
bölegine deň (1 sutka = 24 sagat = 86400 s).
Atom
Grekçe 
atomos
– bölünmeýän diýmek. Himiki element häsiýeti 
saklanyp galýan iň kiçi bölejik. 2016-njy ýylyò dekabr aýyna 
çenli bolan maglumata görä tebigy ýagdaýda 94 elementiň 
bardygy anyklanyp, 24 sanysy laboratoriýada alyndy.
Molekula
Maddanyň häsiýeti saklanyp galýan iň kiçi bölejik. 
Molekulalar 
atomlardan 
düzülendir 
Maddalardaky 
molekulalar birmeňzeş atomlardan ybarat bolýar. Latynça 
moles
– massa diýmekdir.


42
Diffuziýa
Özara utgaşan bir maddanyň molekulalarynyň ikinji madda, 
ikinji maddanyň molekulalarynyň birinji madda özara 
geçmegine aýdylýar. Gazlarda çalt, suwuklyklarda haýal, gaty 
jisimlerde örän haýal geçýär. Temperaturanyň artmagy bilen 
çaltlaşýar. Latynça 
diffuzio
– dargamak, ýaýramak diýmekdir.
Broun here-
keti
Suwuklyk ýa-da gazdaky örän kiçi bölejikleriň dyngysyz we 
tertipsiz hereketi. Ol temperaturanyň artmagy bilen artýar. 
Hadysa 1827-nji ýylda iňlis botanigi R.Broun tarapyndan 
öwrenilen.
Molekulýar 
güýçler
Molekulalaryň arasyndaky özara dartyş we itekleýji güýçleri. 
Örän gysga aralykda ýüze çykýar.
Massa
Maddanyň inertlik we dartylma häsiýetini aňladýan fiziki 
ululyk. Massa düşünjesini birinji bolup ylma I. Nýuton 
(1687) girizipdir. Birligi kilogram bolup, halkara birlikler 
sistemasynyň (HBS) esasy birligi. Nusgasy silindr şeklinde 
bolup, beýikligi we diametri 39 mm-e deň. Platina-iridiý 
garyndysyndan 1799-njy ýylda taýýarlanan.
Dykyzlyk
Jisimiň massasynyň onuň göwrümine gatnaşygy bilen 
ölçelýän fiziki ululyk. 
ρ =
m
V
. Dykyzlyk birligi kg/m
3
.


43

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   24   25   26   27   28   29   30   31   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin