44
GIRI
Ş
SÖHBETI
Biz gündelik durmuşda hereketlenýän örän köp jisimlere, maşyn
we mehanizmlere duşýarys. Awtomobiller, wentilýatorlar, asylýan
we ele dakylýan mehaniki sagatlary we ş.m. Awtomobiliň hereketine
üns bersek, onuň dürli bölekleriniň dürlüçe hereketde bolýandygyny
görýäris. Awtomobiliň korpusy, ýüki, sürüjisi bilen öňe ýa-da yza
hereket etse, onuň tigirleri, dwigatelini sowadyjy perrigi aýlanma
hereket edýär. Mundan beýläk biz öňe, yza, ýokary, aşaga, saga ýa-
da çepe edilýän hereketleri umumy aýagdaýda
öňe gidýän hereket
diýýäris. Diwara asylan mehaniki sagadyň maýatnigi bolsa gaýtalanyp
durýan hereketi edýänligi sebäpli onuň hereketine
yrgyldyly
hereket
diýilýär.
Şeýlelikde, bizi gurşaýan älemdäki ähli jisimleriň hereketini üç
görnüşe bölmek bolar.
1. Öňe gidýän hereket.
2. Aýlanma hereketi.
3. Yrgyldyly hereket.
Jisimleriň hemmesi-de hemişe hereketde bolmaýar. Meselem,
asylyp goýlan ýük, ymaratlaryň sütüni, kir serilýän ýüp we ş.m.
Bir seredende olarda hiç hili kanunalaýyklyklar ýok ýaly duýulýar.
Aslynda olara deňagramlylyk ýagdaýynda bolup, mälim bir kanunlar
we kadalar ýerine ýetirilýär.
Dostları ilə paylaş: