19-njy TEMA JISIMLERIŇ GEÇEN ÝOLY WE OŇA GIDEN WAGT. GEÇILEN ÝOL (ARALYK) WE WAGT BIRLIKLERI Mehaniki hereketde jisimiň ýagdaýy wagtyň geçmegi bilen
üýtgeýändigini bildiňiz. Bu özgerişi häsiýetlendirmek üçin
geçilen ýol we
wagt düşünjeleri girizilýär.
Geçilenýol diýip jisimiň hereket traýektoriýasynyň uzynlygyna aýdylýar. Ýoly ölçemek üçin uzynlyk birligi metrden peýdalanylýar. Ýol
iňlisçe
space – aralyk,
length – uzynlyk sözleriniň baş harpy
s ýa-da
l harplary bilen bellenýär
1
.
Jisimiň hereketi mälim bir wagtyň dowamynda bolýar. Wagt
düşünjesiniň örän çylşyrymlydygy üçin oňa ýönekeý kegitleme berip
bolmaýar. Şoňa görä-de özümiziň öwrenişen düşünjämiz boýunça
ulanýarys.
Meselem: Awtobus Gülüstan şäherinden Daşkende 2 sagatda
gelip ýetdi. Wagty iňlisçe
time sözüniň baş harpy
t bilen belleýäris.
Diýmek,
t = 2 sagat.
Geçilen ýol metrden daşary köp ýa-da kemligine seredip, amatlylyk
üçin
km, dm, sm we
mm lerde hem ölçelýär.
Meselem: Ýerden Güne çenli bolan ortaça aralyk 150 000 000 km,
Ýerden Aýa çenli bolan ortaça aralyk 384 000 km, Ýeriň radiusy
~ 6400 km, Ürgençden Nukus şäherine çenli ýoluň uzynlygy ~ 170
km, mekdebiň ylgaýan ýodasynyň uzynlygy 100 m, ulitkanyň geçen
aralygy 15 sm we ş.m.
1 km = 1000 m; 1 m = 10 dm; 1 dm = 10 sm; 1 sm = 10 mm.
Jisimleriň hereketlenme wagty
sekuntlarda ölçelýär. Zerurlyga görä
wagty millise kunt, minut, sagat, sutka we ş.m. bellemek mümkin.
1 sutka = 24 sagat; 1 sagat = 60 minut; 1 min = 60 sekunt.
Jisimleriň hereketlenýän wagty we geçen ýollaryny deňeş -