58
tapmak üçin aýakgabyňyzy gözenek depderiň üstüne goýup, gyrasyny
çyzyp alyň. Bütin gözenekleriň sanyny sanaň. Oňa
bütin bolmadyk
gözenekleriň sanynyň ýarysyny goşuň. Emele gelen sany 0,25 sm
2
-a
köpeldiň.
1. Gündelik durmuşda basyşa degişli gözegçilik eden
tejribeleriňizi aýdyp beriň.
2. Näme sebäpden ýeňil awtomobil şüdügärde batyp galýar-da,
agyr traktor arkaýyn ýöreýär?
3. Biçmek-tikmek işlerinde ulanylýan oýmagyň wezipesini
bilýäňizmi?
4. Adam ýere haýsy wagtda köpräk basyş edýär: duran
wagtymy ýa-da ýörän demi?
5-nji gönükme
1. Jisimiň gyrlygy we daýanja edýän basyşy mälim bolsa, üstüň
meýdanyny nähili hasaplamak bolar?
2. 0,02
N
sm
2
näçe paskala deň?
3
*
. Öýüň eýwany 8 sany sütünli edilip gurlupdyr.
Her bir
sütüniň kese kesiginiň meýdany 400 sm
2
. Eýwanyň üçegine ýapylan
materiallaryň massasy 1500 kg bolsa, her bir sütün takmynan ýere
nähili basyş edýär? (
Jogaby:
45937,5 Pa).
4. Üstüniň meýdany 0,1 sm
2
bolan çüýe 20 N güýç bilen täsir
edilse, basyşy näçä deň bolýar?
5. 5 Pa näçe
N
sm
2
-e deň?
6. Pariždäki Eýfel minarasynyň agyrlygy 5000
kN bolup, esasy
450 m
2
. Onuň Ýere edýän basyşyny hasaplaň.
59
24-nji TEMA
PASKALY
Ň KANUNY WE ONUŇ ULANYLYŞ
Y
28- nji surat.
Aşakdaky tejribäni geçirip görüň. Peýda lanylan bir
gezek ulanylýan şpris we çaga laryň çişirip
oýnaýan şarjagazyny alyň. Şprisiň iňňesini birnäçe
gezek şara sanjyň. Şaryň içine suw guýup, agzyny iňňesi
alnan şprise geýdiriň. Şprisiň porşenini assa-ýuwaş basyň.
Şonda şaryň içindäki basyş artýar. Şaryň deşijekleriniň
hem mesinden suw atylyp çykyp başlaýar. (28-nji surat).
Diýmek, porşen arkaly edilen basyş suwuklyk ýa-da
gazda diňe bir porşeniň ýönelişinde däl, eýsem hemme
tarapa geçirilýän eken. Bu kanunalaýyklygy 1653-nji
ýylda
fransuz alymy
Blez Paskal
öwrenipdir. Kanunyň
kesgitlemesi aşakdaky ýalydyr.
Dostları ilə paylaş: