Maddany ň gurlu


-nji TEMA JISIMLERIŇ ÖZARA TÄSIRI BARADA



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə37/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   131
fizika 6 turkman

21-nji TEMA
JISIMLERIŇ ÖZARA TÄSIRI BARADA 
 
MAGLUMATLAR. GÜÝÇ
Daş-töweregiňize seretseňiz, hemme zat bir-birine täsir edýändigini 
görýäris.
Asmana zyňlan daş ýene gaýdyp düşýär. Çünki ony Ýer özüne 
gardyp durýar. Demriň bölegine magniti ýakynlaşdyrsak, ony çekip 
alýar. Pökgini diwara atsak, ondan serpilip gaýdýar. Ýöräp barýan 
awtomobiliň motory öçürilse, bir sellemden togtaýar. Munda ýol 
bilen tigirleriň arasyndaky täsir sebäpli tizligi kemelýär. Şu täsir etme 
zerarly jisimiň tizligi üýtgeýär.
Plastilini ýa-da sakgyjy alyp, barmaklarymyz bilen gyssak, onuň 
şekli özgerýär. Edil şeýle mis teňňäni çekiç bilen ursak, 
ýasylanyp
şekli üýtgeýär.
Bir jisimiň ikinji jisime täsiri sebäpli tizligi ýa-da şekliniň 
üýtgemegine sebäp bolýan ululyga 
güýç
 diýilýär.
Tebigatda güýçler dürli görnüşde ýüze çykýarlar (22-nji surat). 
Jisimleri Ýer özüne dartyp durýanlygy sebäpli agyrlyk güýji peýda 
bolýar. Bir jisimiň üstünde ikinjisi hereketlense, üstleriň büdür-
südürligi sebäpli sürtülme güýji emele gelýär. Sozulan ýa-da gysylan 
puržinlerde we rezinlerde maýyşgaklyk güýçleri emele gelýär. 
Çagalaryň oýnawaç tüpeňjiklerinde köplenç gysylan puržinden 
peýdalanylýar.
Bir jisim ikinjisine täsir edende, ikinji jisim hem birinjisine täsir 
edýär. Gahar edip stola ýumruk bilen ursaňyz, stoluň üsti birneme 
egrelýär. Şonuň bilen birlik de ondaky ruçka we galamlar ýokaryk 
böküp düşýändigini görersiňiz. Munda eliňiz hem agyrar, elbetde. 
Diýmek, iki jisimiň arasynda özara täsir bolýan eken.
Başlangyç geografiýa kursundan Ýeriň Günüň töwere ginde 
hereket edýändigini, Aýyň bolsa Ýeriň daşynda hereketlenýändigini 
bilýärsiňiz. Beýle hereketiň sebäpçisi olaryň arasyndaky dartylma 
güýçleriniň bolmagydyr.
Saç daralandan soň, daragy maýda ýyrtylan kagyz bölejiklerine 
ýakyn laşdyrylsa, olary dartýar. Oňa elektrik güýji diýilýär. Nal 
şekilli we göni görnüşdäki hemişelik magnitler demirden ýasalan 


52
zatlary özüne dartýar. Oňa magnit güýçleri diýilýär. Maddalary 
düzýän bölejikleriň arasynda hem, bölejikleriň içinde olary düzýän, 
ondan hem maýda bölejikleriň arasynda hem güýçler bar. Bu güýç ler 
hakynda ýokary synplarda maglumat alarsyňyz.
Güýç birligi hökmünde 

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin