49
Muňa mysal edip howada ýaýraýan sesi, radiotolkunlary almak bolar.
Sagat strelkalarynyň ujy deň ölçegli hereket edýär. Awtomobiller gysga
wagtyň dowamynda deň ölçegli hereket etmegi mümkin.
Gündelik durmuşda hereketlenýän jisimlere gözegçilik etsek, olaryň
deň ölçegsiz hereket edýändigini görýäris. Meselem, duralgadan
çykyp hereketlenýän awtobus öz tizligini barha artdyrýar. Duralga
golaýlaşanda bolsa tizligini peseldip togtaýar.
Tizligi hereket traýektoriýasynyň dürli böleginde dürlüçe bolan
herekete
deň ölçegsiz hereket
diýilýär.
Şeýle ýagdaýlarda
ortaça tizlik
düşünjesinden peýdalanylýar.
Ortaça tizlik
diýip
jisimiň geçen ähli ýoluny şu ýoly geçmek üçin
sarp edilen ähli wagta gatnaşygy bilen ölçelýän ululyga aýdylýar.
Ähli geçilen ýol
Ýoly geçmek üçin giden ähli wagt
Ortaça tizlik =
.
υ
or
=
s
t
.
Amaly ýumuş
Öýüňizden mekdebe
çenli aralygy ölçemekde, sagada seredip
näçe wagtyň geçendigine üns beriň.
Aralyk we ony geçmek
üçin giden wagtdan peýdalanyp, ortaça tizligiňizi tapyň.
Mesele çözmegiň nusgalary
1. Elektrik otly Ýangiýer şäherinden Daşkende 3 sagatda gelip
ýetdi. Eger şäherleriň arasyndaky aralyk takmynan 150
km bolsa,
otlynyň ortaça tizligini tapyň.
B e r l e n :
F o r m u l a s y:
Ç ö z ü l i ş i :
s
= 150 km
t
= 3 sagat
or
=
Dostları ilə paylaş: