53
Esbap tagta ornadylan puržin, puržiniň ujuna berkidilen görkeziji
sim hem-de şol ýerdäki şkala boýunça süýşüp bilýän sterženden
ybarat. Sterženiň
ujunda ilgençek bolup, oňa ýük asylýar. Ilgençege
m
= 102 g massaly ýük asylsa, puržin sozulýar. Puržiniň içindäki
görkeziji sim 1 sifrinde togtaýar (24-nji surat). Şonda puržiniň
sozulmagyndan emele gelen maýyşgaklyk güýji,
ýüküň agyrlyk güýjüne deň bolýar.
Dinamo-
metriň strelkasy 1 N güýji görkezýär. Oňa
ýene 1 N agyrlykdaky ýüki assak, dinamo-
24-nji surat.
m
= 102 g
metriň puržini sozulyp, görkeziji simiň ujy aşak
süýşýär. Ol ýerde 2 sifri goýulýar. Ýükleri şeýdip
köpeldip
barmak bilen, dinamometrde 3, 4, 5 we
ş.m. sifrleri goýmak mümkin. Umuman alanda
jisimiň massasy
m
mälim bolsa, oňa täsir edýän
agyrlyk güýjüni
F
agyr. güýç.
(ef) bilen belgiläp,
F
agyr. güýç.
=
m
·
g
formula arkaly hasaplap tapmak mümkin.
g
=
9,81
N
kg
-e deň bolup, Ýeriň
üstünde takmynan hemişelik
ululykdyr.
1. Töweregiňize seredip özara täsir edişýän jisimlere mysallar
getiriň.
2. Maýyşgaklyk güýçlerinden nirelerde peýdalanmak bolar?
3. Sürtülme nirelerde peýdaly, nirelerde zyýanly?
Öý işi
Puržinden, ildirgiçli simden, millimetrli kagyzdan peýdalanyp
dina mometr ýasaň we kitabyňyzyň, depderiňiziň, okuw
gurallaryňyzyň agyrlygyny ölçäň.
4-nji gönükme
1. Okuwçyny terezide ölçänlerinde massasy 32 kg çykdy. Onuň
agyrlygy näçe N -a deň? (
Jogaby:
314 N.)
2. Dinamometre ýük asylanda, onuň görkezijisi 24,5 N -a deň
boldy. Oňa nähili massaly ýük asylan? (
Jogaby:
2,5 kg.)
54
3. Daýhan egninde 50 kg käşir salnan gaby göterip dur. Daýhanyň
massasy 70 kg. Daýhan ýere nähili güýç bilen basýar? (
Jogaby:
1176
N.)
4. Bir jisimiň massasy ikinjisinden iki esse uly. Olara täsir edýän
agyrlyk güýçlerini deňeşdiriň.
5. 480 mN güýji N-larda aňladyň.
Dostları ilə paylaş: