64
34-nji surat.
Atmosfera basyşyny anyklamak üçin
p
=
ρ
gh
formulasyndan
peýdalanyp bolmaýar. Çünki atmosferanyň düzümi dürli gazlaryň
garyndysyndan ybarat bolup, anyk beýiklige eýe däldir. Howanyň
düzüminde 78% azot, 21% kislorod we başga gazlar bar. Ýeriň
üstüne golaý ýerde 0°C tempera turada ölçelen howanyň dykyzlygy
1,29
kg
m
3
-a deňligi anyklan an. Howa gatlakla rynyň dykyzlygy
beýikligiň artmagy bilen barha tiz kemelýär. Meselem, Ýeriň
üstünden 5,4 km beýiklikdäki howanyň dykyzlygy onuň Ýeriň
üstündäki dykyzlygyndan 2
esse kiçi, 11 km beýiklikde 4 esse kiçi
bolýar. Ýokary göterildigi saýyn howanyň seýrekleşmegi, assa-
ýuwaşdan howasyz giňişlige geçýär. Atmosferanyň anyk çägi ýok.
Howany düzýän bölejikler agyrlyga eýe bolsa, näme sebäpden olaryň
hemmesi Ýeriň üstüne düşüp galmaýar? Sebäbi, olar dyngysyz
herekete bolýar. Onda näme sebäpden raketa ýaly açyk kosmosa
uçup gitmeýär? Sebäbi, howanyň bölejikleriniň tizligi Ýeriň dartyş
güýjüni ýeňmäge ýetmeýär. Munuň üçin olaryň tizligi 11,2
km
s
-dan
kem bolmaly däldir.
Atmosfera basyşynyň bolmagyna aşakdaky tejribede göz ýetirmek
mümkin.
Ulanylan şepagat şprisini alyp, porşenini iň aşaky
ýagdaýyna getirip, iňňesini suwa sokýarys. Porşen ýokary
göterlende, suw hem porşeniň yzyndan göterilýär (35-nji surat).
Suw näme sebäpden göte rildi? Göze derman damdyrylýan pipetkanyň
ujuny suwa sokup, yzyndaky
rezini bir gezek gysylsa, pipetkanyň
içine suw girýär. Pipet ka suwdan alnanda, ondaky suw dökülmän
durýar. Näme üçin suwuň agyrlygy bolsa-da suw dökülmeýär?
65
Bularyň sebäbi, atmosfera basyşynyň täsiridir. Şprisdäki porşen
göterilende, suw göterilmese, porşen bilen suwuň
arasynda boşluk
peýda bolardy. Boşluk suwa hiç hili täsir etmeýär. Aşaky gapdaky
suwa atmosfera basyşy täsir edip, suwy porşeniň yzyndan göterilmäge
mejbur edýär. Pipetkadaky suw hem atmosfera basyşy sebäpli
dökülmeýär.
36-njy surat.
35-nji surat.
p
2
1
p
p
Atmosfera basyşyny ilkinji bolup italiýaly
alym E. Torriçelli (1608–1647) ölçäpdir. Şonuň
üçin uzynlygy 1 m bolan bir ujy ýapyk çüýşe
turbajygy alnyp, ol simap bilen doldurylýar. Soňra
açyk ujuny el bilen ýapyp, düňderilen ýagdaýda,
simaply gaba sokulýar (36-njy surat). Barmak
aýrylanda çüýşe turbajykdaky simabyň bir
bölegi dökülýär. Turbajygyň ýokarky böleginde
howasyz
boşluk galyp, dökülmedik böleginiň
beýikligi takmynan 760 mm bolýar (aşaky
gapdaky simabyň derejesi ölçenende). Munda-da
turbajykdaky simabyň dökülmezliginiň sebäbi,
simap sütüniniň gapdaky simaba eden basyşynyň,
atmosfera basyşy bilen deňagramlaş magydyr.
Diýmek, atmosfera basyşyny turbajykdaky simap
sütüniniň edýän basyşy bilen ölçemek mümkin
eken. Häzirki wagtda 0°C da duran beýikligi
760 mm bolan simap sütüniniň basyşyny
Dostları ilə paylaş: