Maddany ň gurlu


normal  atmosfera basyşy



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə47/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   131
fizika 6 turkman

normal 
atmosfera basyşy
hökmünde kabul edilen. Onuň 
bahasy 1 atm = 101325 Pa-ga deň. Radio ýa-da 
telewideniýede howa maglumatlary berlende, 
atmosfera basyşyny 
mm. sim. süt.
lerinde aňladylyp aýdylýar. 1 
Pa = 0,0075 mm. · sim.süt ýa-da 1 mm.sim.süt = 133,3 Pa.
Torrichelli öz tejribesinde turbajykdaky simap sütüniniň howa 
ýagda-ýynyň özgermegi bilen üýtgeýändigine üns beripdir. Mundan 
başga-da atmosfera basyşynyň beýikliginiň artmagy bilen hem barha 
kemelýär. Onçakly uly bolmadyk beýikliklerde her 12 m göterlende, 
basyş 1 mm. sim. süt. -e kemelýän digi anyklandy.
Atmosfera basyşyny ölçeýän gurala 
barometr
diýilýär. Torriçel-
liniň tejribe sini simabyň ýerine başga suwuklyk bilen geçirilse näme 


66
bolar? Başga suwuklyk laryň dykyzlygy simabyňkydan ep-esli kiçi 
bolanlygy üçin, suwuklygyň sütüniniň beýikligi uly bolýar. Şeýle 
suwly barometrde suwuklygyň sütüniniň beýikligi 10 m-den köp 
bolýar.
37-nji surat. 
38-nji surat.
Atmosfera basyşyna garanda ulurak ýa-da kiçiräk basyşlary 
ölçemekde manometrden peýdalanylýar. Mano metrler suwuklykly we 
metally bolýar.
Suwuklykda işleýän ýönekeý manometr 
U
görnüşdäki turbajykdan 
ybarat bolup, onuň ýarysyna çenli suwuklyk guýulýar (37-nji surat). 
Turbajygyň bir ujy açyk, ikinjisi bolsa basyşy ölçenýän gaba rezin şlang 
arkaly birikdirilýär. Şlangyň ujuna silindr şeklindäki gap geýdirilip 
ýüpe rezin plýonka bilen örtmek hem bolar. Plýonka basylanda, 
turbajyklardaky suwuklygyň sütünleriniň tapawudy emele gelýär.
Metal manometriň esasy elementi (1) ýaý şekilli truba bolup, bir 
ujy ýapykdyr (38-nji surat). Ikinji ujy (4) kran arkaly basyşy ölçenýän 
gaba birikdirilýär. Kran açylanda trubanyň içindäki basyş artyp 
egilýär. Egilme dişli tigirler (3) arkaly strelka (2) berilýär.
Amaly ýumuş
Stakana ýarym edip suw salyň. Agzyny kagyz bilen ýapyp, 
el bilen kagyzy tutup stakany agdaryň. Eliňizi kagyzdan 
aýyrsaňyz stakandaky suw dökülmeýär. Sebäbini düşündiriň.
1. Atmosfera basyşynyň barlygyny ýene nähili tejribeler 
tassyklaýar?
2. Näme sebäpden atmosfera basyşy üýtgäp durýar?
3. Atmosfera basyşy Ýerden ýokary göterildigi saýyn nähili 
üýtgeýär?


67

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   43   44   45   46   47   48   49   50   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin