70
1. Gämiler haýsy suwda köp ýük göterip bilýär, derýanyň
suwundamy ýa-da deňziň suwundamy? Näme üçin?
2. Jisimleriň ýüzuş şertlerini aýdyp beriň.
3. Nähili suwda adam gark bolmaýar?
4. Howa şarlarynyň göterilýän beýikligi çäklendirilenmi?
5. Ýumurtga arassa suwda çümýär, ýöne şor suwda ýüzüp
ýöreýär. Sebäbini düşündiriň we tejribede barlap görüň.
6
*
. Deňiz suwuna doly batyp duran adamyň burny çykyp
durýar. Adamyň dykyzlygy nämä deň?
• Arhimed barada rowaýat. Sirakuzanyň patyşasy Giýeron
özüne altyndan täç ýasatdyrypdyr. Ussanyň ýasan täjiniň sap
altyndan ýasalandygyny barlamagy Arhimede buýrupdyr.
Patyşa täji döwmezden onda garyn dynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny
barlamagy tabşyrýar. Şonuň üçin täjiň dykyzlygyny sap altynyň
dykyzlygy bilen deňeşdirmek ýeterlidi. Massa terezide ölçenýär. Ýöne
täjiň göwrümini nähili anyklamak bolar? Oýlanyp-oýlanyp ýadan
Arhimed hammama barýar we suwly howuzjyga düşüp, suwuň daşyp
gidendigini görýär we «Ewrika! ýagny «Tapdym» diýip gygyryp şu
halatda laboratoriýasyna ylgap gidipdir. Tapan usuly 16-njy temadaky
19-njy suratda gör kezilendir.
28-nji TEMA
I
Ş WE ENERGIÝA BARADA DÜŞÜNJE
Siz ir bilen turup mekdebe howluksaňyz, ata-enäňiz «iş»e barýar-
lar. Mekdep den gaýdyp gelip, ata-enäňiziň öý-hojalyk «iş»lerine
kömekleşýärsiňiz. Eýsem «iş» diýende nämäni düşünýäris?
Gündelik
durmuşdaky «iş etmek» diýende, biz «zähmet çekmegi» nazarda
tutýarys. Fizikada bolsa «iş» düşünjesi «zähmet»
bilen hemişe gabat
gelibermeýär.
Dostları ilə paylaş: