energiýa
diýilýär.
45-nji surat.
Ony düşünmek üçin aşakdaky ýagdaýa
seredeliň. 45-nji suratda kerpijiň çüýe görä
iki ýagdaýy görkezilen. Birinji ýagdaýda
çüýe urulan kerpijiň täsiri juda kiçi bolan lygy
üçin çüý tagta girmeýär diýen ýalydyr. Ikinji
ýagdaýda bolsa kerpiç ep-esli belentden çüýe
urulýandygy üçin çüýi tagta girizip goýberýär.
Diýmek, ikinji ýagdaýda kerpijiň işi ýerine ýetirijilik ukyby
köp.
Energiýa hem iş ýaly joullarda ölçenýär.
Mesele çözmegiň nusgasy
Arabajyk gorizontal ugurda 50 N güýjüň täsirinde 20 m süýşýär.
Edilen işi hasaplaň.
72
B e r l e n :
F o r m u l a s y:
Ç ö z ü l i ş i :
F
= 50 N
s
= 20 m
A
=
F
·
s
A
= 50 N · 20 m = 1000 J.
Tapmaly
A
= ?
Jogaby: A
= 1000 J.
Pikirleniň!
Haýsy ýagdaýda mehaniki iş ýerine ýetirilýär?
Pikirleniň!
Haýsy ýagdaýda mehaniki iş ýerine ýetirilýär?
46-njy surat.
7-nji gönükme
1. Massasy 1250 kg bolan granit plitasyny 20 m belentlige
götermek üçin edilen işi hasaplaň. (
Jogaby:
245 kJ).
2
*
. Jisime süýşmek ugrunda 20 N, süýşmä dik ugurda ýokardan 10
N güýç täsir edýär. Şonda jisim 10 m-e süýşýär. Edilen işi hasaplaň
(
Jogaby:
200 J).
3. Massasy 50 kg bolan oglan her bir etažynyň beýikligi 2,5 m
bolan jaýyň 4-nji etažyna çykdy. Oglanyň eden işini hasaplaň.
g
≈ 10
N
kg
diýip alyň (
Jogaby:
3750 J).
4
*
. Arabajyk we ondaky ýüküň massasy bilelikde 100 kg. Ony
500 N güýç täsirinde 10 m -e süýşürildi. Ýerine ýetirlen iş nämä deň?
(
Jogaby:
5000 J.)
5. 2 kJ, 0,3 mJ, 350 mJ-a deň bolan işleri joullarda aňladyň.
Amaly ýumuş
1. Öýüňizden mekdebe gelýänçe näçe mehaniki işi ýerine
ýetirendigiňizi hasaplap görüň. Ýoly gorizontal deň ölçegli
diýip hasaplaň.
2. Üzeňňä ýa-da stoluň üstüne çykyň. Şonda ýerine ýetiren
mehaniki işiňizi hasaplap, depderiňize ýazyň.
|