Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə55/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   131
fizika 6 turkman

1W = 1
J
s
.
Bu birlik bug maşynyny birinji bolup oýlap tapan iňlis oýlap 
tapyjysy J. Uatt (Watt) hormatyna goýlan.
Gündelik durmuşda awtomobil dwigatelleriniň kuwwatyny 
at güýji 
(a. g.)
diýlip atlandyrylýan birlikde-de ölçeýärler. Bu bilen maşynyň 
motorynyň kuw waty ýük daşaýan atyň güýji bilen deňeşdirilýär.


75
1 a.g. = 735,5 W.
Adamyň 
kuw-
waty
70–80 
W
«Neksiýa» 
awtomobili
75 kW
TE 10 L
teplowozy
2200 kW
IL–62
samolýoty
30600 kW
Kosmiki 
gämini uçurýan 
«Energiýa» raketasy 
125 000 000 kW
1. Maşynyň dwigateliniň kuwwatyny bilmek bilen, onuň 
berlen wagtda näçe işi ýerine ýetirip bilýändigini nähili 
hasaplamak bolar?
2. Günuň energiýasyndan peýdalanyp işleýän nähili gurluşlary 
bilýärsiňiz?
3. Gündelik durmuşdan kuwwata degişli mysallar getiriň.
8-nji gönükme
1. Suwuň düýbünden agyrlygy 3000 N bolan daşy götermek üçin 
nähili güýç gerek? Daşyň göwrümi 120 dm
3
. (
Jogaby:
1800 N.)
2. Gäminiň suwa batýan böleginiň meýdany 2000 m
2
. Oňa nähili 
goşmaça ýük ýüklense, gämi suwuň içine ýene 1 m batar. Deňiz 
suwunyň dykyzlygy 1,03 g/sm
3
. (
Jogaby:
2060 tonna.)
3. Jisimiň howadaky agyrlygy 196 N, kerosindäki agyrlygy 180 N. 
Jisimiň göwrümini tapyň. (
Jogaby:
2000 sm
3
.)
4. Alýuminiýden ýasalan jisim kerosine batyrylanda oňa 136 N 
itekleýji güýç täsir edýär. Jisimiň howadaky agyrlygyny tapyň. (
Jogaby: 
459 N.)
5
*
. Metal böleginiň suwdaky agyrlygy 850 N, kerosindäki agyrlygy 
950 N. Jisimiň dykyzlygyny tapyň. (
Jogaby:
2700 kg/m
3
.)
6
*
. Bir şary wodorod gazy bilen, ikinjisini geliý gazy bilen 
dolduryldy. Eger olaryň gaz bilen doldurylmazyndan öňki agyrlyklary 
we göwrümi birmeňzeş bolsa, haýsysynyň göterme güýji uly bolýar? 
Wodorod gazynyň dykyzlygyny 0,00009 g/sm
3
, geliýniňkini 0,00018 


76
g/sm
3
we howanyňkyny 0,00129 g/sm
3
diýlip alynsyn. (
Jogaby:
Wodorod gazy doldurylanda 1,08 esse uly.)
7. Göwrümi 20 m
3
bolan şar wodorod gazy bilen doldurylan. Şar 
nähili ýüki göterer? (
Jogaby:
≈24 kg.)
8
*
. Kese kesiginiň meýdany 1 m
2
, galyňlygy 0,4 m bolan buzuň 
bölegi suwda ýüzüp dur. Buzy doly suwa batyrmak üçin iň bolmanda 
näçe iş ýerine ýetirmeli? Buzuň dykyzlygy 900 kg/m
3
. (
Jogaby:
80 J.) 
9. Gyzan howa ýokary göterilýär, sowanda pese düşýär. Sebäbini 
düşündiriň.
10. Öýüňizdäki tozan sorguç, sowadyjy, telewizor we şuňa meňzeş 
esbaplaryň pasportyna seredip, ulanýan kuwwatyny anyklaň. Olaryň 
bir günki işledilýän wagtyna görä ýerine ýetiren işini hasaplaň.
11. Otagdaky wentilýatoryň kuwwaty 35 W. Onuň 10 minutda 
ýerine ýetiren işi nämä deň? (
Jogaby:
21 kJ.)
12. Ylgamak boýunça ýaryşa gatnaşyjynyň kuwwaty 700 W -a deň 
boldy. 100 m aralygy 15 sekuntda geçse, ýerine ýetiren işi nämä deň 
bolýar? (
Jogaby:
10500 J.)
13. Özbegistanda öndürilýän «Epika» awtomobiliniň dwigateliniň 
kuwwaty 156 a.g. deň. Awtomobil bir sagat hereketlense näçe iş eder?
14
*
.10 km beýiklikde 360 km/sagat tizlik bilen uçýan samolýotyň 
potensial energiýasy, onuň kinetik energiýasyndan näçe esse köp 
(
Jogaby:
20.)
15. Uzynlygy 20 sm, massasy 30 g bolan galam stoluň üstünde 
ýatyr. Ony wertikal ýagdaýa getirilse, potensial energiýasy nähili 
üýtgär?
16. Eger jisimiň tizligi 4 esse artdyrylsa, onuň kinetik energiýasy 
nähili üýtgär?
17. Gidroelektrostansiýa gurmak üçin derýanyň suwy bent bilen 
beklendi. Bent nähili wezipäni ýerine ýetirýär?
18. Suwuň düýbünden göterilýän köpürjigiň potensial energiýasy 
nähili üýtgär? Kinetik energiýasy nähili?
19. Awtomobiliň dwigateli 86 a. g.-e deň. Ony W-larda aňladyň. 


77

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   51   52   53   54   55   56   57   58   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2025
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin