31-nji TEMA GÜÝÇ MOMENTI. RYÇAG WE ONUŇ DEŇAGRAMLYLYK ŞERTI 54-nji surat.
Aşakdaky ýaly tejribe geçirip göreliň. Tigiri alyp,
ondan goz ganmaýan oky geçireliň. Tigiriň okuna
F güýji 54-nji suratda görkezilişi ýaly täsir etdireliň.
Tigir hereketlenmeýär. Indi şu güýji 2 nokada
bereliň. Tigir herekete gelýär.
F güýji aýlanma
okundan ýene-de uzagrakda täsir etdirsek, tigir
şonça-da çalt aýlanýar.
Diýmek, aýlanma okuna eýe bolan jisimleriň hereketi, diňe bir oňa täsir edýän güýjüň ululygyna bagly bolman, eýsem güýji aýlanma okundan näçe uzaklykda täsir edilendigine bagly bolýan eken. Aýlanma okundan güýjüň täsir etdirilen nokadyna çenli bolan iň gysga aralyga güýjüň egni diýilýär. Munda güýjüň ugry
bilen egin dik hasaplanýar.
Aýlanma okuna eýe bolan jisimlerde hereket täsir edilen
F güýje hem-
de
l egne bagly bolanlygy üçin
güýç momenti diýlip atlandyrylýan
fiziki ululygy girizýäris,
M = F · l. Onuň birligi
M = 1 N · m. Siz gündelik durmuşda agyr daşy ýa-
da ýüki ýerinden gozgajak bolanlarynda onuň aşagyna lom sokup
göterýändiklerini görensiňiz (55-nji surat). Şonda lomuň ujuna
F 1
güýç bilen täsir edip, ikinji ujundan
F 2
güýç alynýar.
F 2
güýç
F 1
den
birnäçe esse uly bolýar. Diýmek, bu gurluşda güýç den utuş gazanmak
mümkin eken.
Gozganmaýan daýanjyň töwereginde aýlanyp bilýän gaty jisime ryçag diýilýär. 55-nji suratdaky ryçagyň aýlanyşy
O nokadyň daşynda bolýar.
Aşakdaky tejribäni geçireliň. Şta tiwe galyň çyzgyjy
O nokadyň
töwereginde aýlanyp biler ýaly edip ornadalyň. Ryçagyň sag tarapyna
alty birlik aralyklda (
A ) bir sany ýüki asalyň. Ikinji tarapynda bolsa
üç birlik aralyga (
B ) bir sany ýüki asyp goýsak, deňagramlylykda
bolmaýar. Deňagramlylygyň bolma gy üçin iki sany ýüki asmaly
88
bolýar.
A nokada ikinji ýüki assak, deňagramlylygy saklamak üçin
B nokada dört sany ýüki asmaly bolýar (56-njy surat). Diýmek, ryçagda
täsir edýän güýçler we güýjüň eginleriniň arasynda aşakdaky ýaly
gatnaşyk bolýar: