Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə1/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM



Mekdebe çenli 
çagalarda sözleýiş 
dilini ösdürmegiň 
usulyýeti 
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI 
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi 
 

MUGALLYMÇYLYK MEKDEPLERI ÜÇIN 
OKUW GOLLANMASY 
TAÝÝARLAN: TÜRKMEN DILI WE EDEBIÝATY 
MUGALLYMLARY U.SEÝITGULYÝEWA WE 
M.DÖWLETOWA
AŞGABAT | 2019ý. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk 
mekdebiniň mugallymçylyk geňeşinde tassyklandy 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI 
ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
dersinden mugallymçylyk mekdepler üçin okuw gollanmasy 
 
 
 
 
 
Taýýarlan: türkmen dili mugallymlary U.Seýitgulyýewa we 
M.Döwletowa
 
 
 
 
 
 
 
 
Aşgabat-2019ý. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 

Giriş 
 
Mekdebe çenli çagalar edaralar bilim ulgamynda çagalara bilim-
terbiýe bermegiň ilkinji hem-de iň wajyp basgançagy bolup durýar. Bu 
ýerde bellenen dersler boýunça işlenen ýörite okuw maksatnamalaryna 
laýyklykda ilkinji düşünjeler berilýär, başarnyklar we endikler kemala 
getirilýär. bu iş çagalara terbiýe bermek bilen berk utgaşyklykda alnyp 
barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň 
hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetiniň kemala gelmek binýadynyň düýbi 
tutulýar. 
Çagalarda sözleýiş dilini ösdürmek kiçi ýaşlarynda has oňat ýüze 
çykýar. Şonuň üçin hem kiçi ýaşly çagalaryň duýgularyny oýarmakda, 
pikirlenmek ukyplaryny kemala getirmekde, olary akyl taýdan 
ösdürmekde sözleýiş diliniň ähmiýeti örän uludyr. Ylmyň ösmegi, 
innewasion tehnologiýalaryň giňden ulanylyp başlanmagy ösüp gelýän 
ýaş nesliň sözleýiş dili boýunça taýýarlygynyň ýokary bolmagyny talap 
edýär. 
Çagalaryň mekdepde üstünlikli okamagy üçin olaryň irki ösüş 
döwrinden başlap alan bilimleriniň kesgitli derejede bolmagy talap 
edilýär. Şonuň üçin hem guralýan her bir sapakda çagalaryň öň alan 
düşünjeleriniň üsti ýetirilýär. Şeýle hem olaryň sözleýiş dili ösdürilýär. 
Halk döredijiligi (ertekiler, rowaýatlar, sanawaçlar, matallar) 
çagalaryň sözleýiş başarnygynyň kemala gelmegine oňat täsirini ýetirýär. 
Olary peýdalanyp, çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek mümkin. 
Ertekilerdäki gahrymanlaryň üsti bilen berilýän düşünjeler çagalaryň 
ýadynda oňat galýar. Dürli häsiýetli gahrymanlaryň hereketleri çagalarda 
dogry dünýägaraýşyň kemala gelmegine, olaryň pikirlenmesiniň, 
ýadynyň ösmegine ýardam edýär. 
Okuw kitabynda berilýän goşgular terbiýeçiler tarapyndan okalyp 
berilse ýerlikli bolar. Çünki şygyrýet, isle, uly adam bolsun, isle, kiçi 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 

ýaşly çaga, olarda içki joşguny döredýär. Şahyrana döredijilikli aýdylýan 
zada gyzyklanmany hem-de höwesi oýarýar. 
Ertekileriň gahrymanlary arkaly hödürlenýän ýumuşlar çagalar 
üçin has täsirli bolup, işiň netijeliginiň artmagyna, baglanşykly 
sözleýşiniň ösmegine ýardam berýär. Çaganyň sözleýşi her bir ders arkaly 
ösdürmelidir, kämilleşdirmelidir, baglanşyklt sözläp bilmek berk ýola 
goýmalydyr. Terbiýeçiniň döredijilikli çemeleşmesi şu ýerde aýdyň ýüze 
çykmalydyr. Terbiýeçiniň her bir maglumaty öwredende sözleýşiň 
täsirliligi çaganyň sözleýşi medeniýetiniň kemala gelmeginiň ösmeginine 
ýol açmalydyr. 
Okuw kitabynda sözleýiş dilini ösdürmek suratlar arkaly 
tanyşdyrmaga uly üns berilýär. Bu bolsa diňe ir çagalaryň ünsüni kitaba 
gönükdirmegi gazanmaga ýardam bermän, olaryň okuwa bolan 
gyzyklanmasynyň, aň-düşünjesiniň ösmegine kitaba bolan söýgüsiniň 
artmagyna hem ýardam berýär. Suratlar, oýlanyşykly pikirlenmäge 
degişli ýumuşlar, gyzykly oýunlara çaganyň diňe logiki pikirlenmesini 
ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň döredijilikli göz öňüne 
getirmesini ünsüni bir ýere jemläp bilmek ukybyny kemala getirer. 
Sapaklaryň gyzykly ýumuşdyr oýunlar arkaly geçilmegi az 
wagtyň içinde köp maglumatlaryň özleşdirilmegine kömek edýär. Çaga 
bilen ýekelikde işlemek olaryň özbaşdak işläp bilmek mümkinçiligini 
ösdürse, toparlar boýunça işlemek birek-birege bolan hoşmeýilli 
dostlukly garaýşy ösdürýär. 
Sözleýiş dilini ösdürmekde kompýuter, interaktiw tagatany 
ulanyp öwredilmegi çaga üçin has-da gyzyklydyr we özüne çekijidir. 
Şonuň üçin-de okuw kitabynyň maglumatlary esasynda slaýdlary, 
öwrediji kompýuter oýunlarynda taýýarlanmak we olary sapakda 
ulanmak maksada laýykdyr. 
Çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş topary üçin sözleýiş dilini 
ösdürmek okuw maksatnamasy esasynda taýýarlanan “Mekdebe çenli 
ýaşly çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek usulyýeti” kitabynyň esasy 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 

maksady çagalaryň sözleýşini aňly-düşünjeli özleşdirmeklerine ýardam 
etmekdir, olary mekdep okuwyna taýýarlamakdyr. 
Okuw kitabynda türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplaryndan, 
awtoryň goşgudyr, hekaýalaryndan we gazet-žurnallardan peýdalanyldy. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin