MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
13
gymmatlyklarymyz sapaklarda öwredilýän düşünjeleriň üsti bilen
çagalaryň aňyna siňdirilýär.
Türkmenistanda birnäçe
dialekt
bolup, ýerli ilat şol dialektde
gepleşýär. Köp terbiýeçiler hem şol ýerde ýaşap, şiwe diline öwrenişip
gidýärler. Emma terbiýeçi çagalar bilen sapak geçende edebi diliň
derejesinde sözlemäge we ony çagalara hem öwretmäge borçludyr.
Terbiýeçi öz sözleýşinde her bir sözi, sesleri ýerli-ýerinde goýup, degişli
basym boýunça geplemegi başarmalydyr. Durmuşda käbir terbiýeçiler
aýdýan sözleriniň soňuny doly eşitdirmeýärler, örän ýuwaş ýa-da çalt
gepleýärler Bu ýagdaýy olaryň özleri bilmeýär. Şonuň üçin geljekde
terbiýeçi bolmagy ýüregine düwen adamlar pedagogik okuw jaýlaryna
girmekçi bolan ýagdaýlarynda ilki bilen olaryň arassa, sada, düşnükli
gürlemek ukyby barlanyp görülmelidir. Okuwa girmek isleýänleriň
sözleýiş dilinde käbir ýetmezçilikler bolsa, ýagny edebi dilde gürläp
bilmese, käbir sesleri aýdyp bilmese, sakynyp geplese, onda hemme
talaplary ödeýän hakyky terbiýeçi bolmaz. Irki ýaşly çagalaryň sözleýiş
medeniýetine eýe bolmagy ene-atalar bilen bilelikde terbiýeçilere hem
baglydyr. Ýene-de göz öňünde tutulmaly zatlaryň iň esasylarynyň biri
sözüň basymynyň dogry goýulmagydyr. Çagalaryň, uly adamlaryň
arasynda hem basymy talabalaýyk edip aýtmaýanlaryna köp duş gelmek
bolýar. Mysal üçin
, "meýlis’’, “surat”
ýaly sözlerde ikinji bogny
sokduryp, uzyn aýdýarlar. Bu sözüň aýdylyş talabyny ödemeýär. Ýene bir
mysal: terbiýeçi çaga bilen işlände bir agajy görkezip bu näme diýip sorag
berende, çaganyň “bag” diýip beren jogabyny düzetmegiň ýerine üns hem
bermeýär. Bir agaç bag bolmaýar. Çaga şu ýerde gödek ýalňyşlyk
goýberýär.
Mugallymçylyk mekdebiniň talyplaryndan edilýän esasy talaplar:
Dostları ilə paylaş: