Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə2/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
 
1.
 
Mekdebe çenli ýaşda ene diliniň orny. 
 

Mekdebe çenli ýaşly çagalara ene dilini öwretmek.
 

Ene dilim eziz dilim zybanym.
 
 
Biz Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimizde mekdebe çenli 
ýaşly çagalar öz ene dillerinde, ýagny türkmen dilinde bilim we terbiýe 
alýarlar. Döwletimiz öz Garaşsyzlygyny alandan soňra türkmen dili 
Türkmenistanda esasy döwlet dili diýlip ykrar edilidi. Indi türkmen dilini 
öwrenmeklige bolan talap has-da güýçlendi. 
Adamyň dil öwrenýän döwri onuň mekdebe çenli döwrüdir. Çaga 
mekdebe barýança öz dilinde arkaýyn geplemegi öz pikirini sada we 
düşnükli yzygider beýan etmegi başarýarlar. Şonuň üçin bu işleri çaga 
öwretmek zerurdyr. 
Dil – çaganyň özara biri-birileri bilen, ulular bilen aragatnaşyk 
etmeginiň esasy serişdesidir. Şonuň üçin çaga dil öwretmegiň ylmy esasy 
ýörite işlenen usullar we ýörelgeler esasynda alnyp barylmalydyr. Biz şu 
öwrenýän sözleýiş dilini öwretmegiň usulyýeti dersimiz çagalara irki 
döwürden ilkinji sesleri, bogunlary we sözleri aýtmakdan, tä mekdep 
okuwyna gidýänçä öz ene dilinde sada we düşnükli geplemegiň tärlerini 
öwreneris. Çaga öz ene dilinde gowy gepläp bilse öz ýoldaşlary we ulular 
bilen aragatnaşykda bolýar. Çaganyň ulular bilen aragatnaşykda bolmagy 
täze bilim täze düşünje toplamagyna kömek edýär. Gowy gepleşip 
bilmeýän çaga ýoldaşlary bilen ýakyn aragatnaşykda bolup gowy oýnaýar 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 

we gowy gepleşmegi öwrenýär. Çaganyň dil öwrenmegi öz-özünden 
bolmaýar. Çaganyň dil öwrenmegine ulular ýolbaşçylyk etmelidir. Biz şu 
zatlar barada öwrenýän dersimiziň dowamynda durup geçeris. 
Çaga ilkinji sözleri 1 ýaşyň ahyrynda aýdyp başlaýar. Ol kadaly 
ösen ýagdaýynda 10-15-e çenli söz aýdyp bilýär. Çaganyň söz baýlygy 
her ýaşynda köpelip barýar. Ol 5 ýaşaýança öz ene dilinde, öz içki oý-
pikirini, eşidenlerini beýan etmegi başarýarlar. Şonuň üçin çaga 5 
ýaşaýança diňe bir dili öwretmeli. 5 ýaşyna çenli çaga 2 dili gatyşdyryp 
öwretmek onuň sözleýşiniň, pikirlenmeginiň yza galmagyna eltýär. 
Psihologiýanyň aýtmagyna görä hem-de durmuş tejribeçiliginiň 
görkezilişine görä çagalara öz ene dillerinden başga 2-nji dili 
öwretmeklige diňe 5 ýaşdan soň başlamaly. Çaganyň öz ene dillerini 
bilmeklige bolan, biri-biri bilen gowy aýtmagyna hereket etmeklige, 
fiziki taýdan ösmeklige kömek edýär. Çagalar biri-birleri bilen oýnap 
dostlaşýarlar. Olar erteki, hekaýa, goşgy öwrenýärler. Şu zatlar çagany 
akyl taýdan ösdürýär. 
Diliň aragatnaşyk serişdesidigi hemmämiz üçin mälim zat. Dil 
jemgyýetiň döremegi, ösmegi üçin zerur şertleriň biri bolup durýar. Dil 
bolmasa adamzat aragatnaşygy amala aşmaýar. Bu ýagdaý, hakykatdan-
da, örän haýal, kem-kemden kämilleşme ýoluny geçip, adamyň 
intellektiniň (akyl ýetirişiniň) ösmeginde uly özgeriş geçirmek bilen biziň 
döwrümize gelip ýetipdir. 
Adamzat dörän günlerinden biri-biri bilen gatnaşykda bolup, fiziki 
taýdan biri-birini goldap gelipdirler. Sözleýşiň döremegi bilen olarda 
birek-biregi ruhy taýdan goldamak kemala gelipdir. Sözleýiş arkaly 
adamlar öz pikirini-duýgusyny beýan etmek bilen hoşniýetli 
aragatnaşygy ýola goýupdyrlar. Dil arkaly adamzat siwilizasiýasy 
ösüpdir, tapgyr-tapgyr döwürleri başdan geçiripdir. 
Her bir milli dil öz ösüş derejelerine ýetip, edebi formalara eýe 
bolandan soň, onuň aýdylyşyna talap, üns güýçlenip ugraýar. Dogry 
sözleýiş bilen bilelikde sözleýşiň äheňine adamlaryň dogry düşünmegi 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 

hem zerurdyr. Bu lingwistikanyň derwaýys meseleleriniň biridir. Sözleýiş 
äheňi dil hadysasy bolup, sözden ähmiýeti pes däldir. Sözleýiş hakykaty 
şöhlelendirmegiň adama mahsus bolan görnüşidir. Dil bu instinkt däl-de. 
Köp ýyllaryň dowamynda zähmetiň netijesinde, nesilleriň akyl-
paýhasynyň tagallasy bilen gazanylan medeniýetdir. Dil we sözleýiş aň 
we pikirlenme bilen göniden-göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni 
beýan edýär. 
Sözleýiş pikiriniň kesgitli mazmunyna we adamyň ýagdaýyny 
aňlatmagyna laýyklykda iki hili görnüşde ýüze çykýar. Şu ýagdaýlardan 
many çykaranymyzda sözleýiş adamyň pikirini we duýgusyny aýan 
edýän serişde bolup durýar. Sözleýiş pikiriň mazmunyny söz üsti bilen, 
duýgusyny özboluşly äheňiň üsti bilen berýär.
Äheň - sözleýişde aýdylýan manyny emosional aýratynlyklara, 
aýdylýan zada, waka laýyklykda many bermekde uly rol oýnaýar. Sesiň 
täsirliligi şygryň, okalýan eseriň, berilýän gürrüňiň täsirliligini artdyrýar. 
Diliň indiwidual häsiýetde bolmaýşy ýaly, äheň hem indiwidual häsiýetde 
bolmaýar. Psihologiýa dil sözleýşiniň we onuň aýdylyşynyň 
arabaglanyşyklydygyny has öňräk subut etdi. Biz bu zatlary aýtmak bilen 
maksadymyz ösüp gelýän ýaş nesle diliň öwredilişine ünsi güýçlendirmek 
bilen sözleýiş medeniýetiniň kämilligini gazanmakdyr. Diňe adama 
sözleýiş mahsus häsiýetdir, ol tebigatyň talabydyr, adama beren 
peşgeşidir. 
“Kowusnama” eserinde şeýle diýilýär: “Bilgin ki, hemme hünärden 
soz hünäri ýagşy, çünki başga jandarlardan adam on derejede artykdyr we 
bu artykmaçlyk adamyň bedeninde bardyr: bäşisi daşarda görnüp durýar 
we bäşisi içinde gizlenendir. Ol bäş gizlin duranlar şular: pikirlenme
hatyra, hyýal etmek, tapawudyny bilmek we nutuk; bäşisi (adam teniniň) 
daşarky tarapynda görünýär: eşitmek, görmek, ys almak, tagam duýmak, 
syzmak. Bular başga jandarlarda hem bar. Emma adamdaky ýaly däl. 
Şoňa görä-de adam jandarlaryň üstünden hökmürowanlyk ediji patyşadyr. 
Şuny bildiňmi, diýmek, ýagşy sözlemegi öwren”. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 

Türkmen halkynyň taryhy ýoluna nazar aýlasak, müňýyllyklaryň 
dowamynda dilimizi ösdürmek bilen baglanyşykly köp işleriň 
edilendigini görmek bolýar. Halkymyz adamzadyň medeni we ylmy 
genji-hazynalaryna saldamly goşantlaryny goşan halklaryň biri. 
Jemgyýetiň düşünje baýlygy dilde jemlenýär. Diliň ösmegi jemgyýetiň 
ösmegi bilen baglanyşyklydyr. 
Biz şu öwrenýän sözleýiş dilini öwretmegiň usulyýeti dersimiz 
çagalara irki döwürden ilkinji sesleri bogunlary we sözleri aýtmakdan tä 
mekdep okuwuna gidýänçä öz ene dilinde sada we düşnükli geplemegiň 
tärlerini öwreneris. Çaga öz ene dilinde gowy gepläp bilse öz ýoldaşlary 
we ulular bilen aragatnaşykda bolýar. 
Çaga ilkinji sözleri 1 ýaşyň ahyrynda aýdyp başlaýar. Ol kadaly 
ösen ýagdaýynda 10-15-e çenli söz aýdyp bilýär. Çaganyň söz baýlygy 
her ýaşynda köpelip barýar. Ol 5 ýaşaýança öz ene dilinde, öz içki oý-
pikirini, eşidenlerini beýan etmegi başarýarlar. Şonuň üçin çaga 5 
ýaşaýança diňe bir dili öwretmeli. 5 ýaşyna çenli çaga 2 dili gatyşdyryp 
öwretmek onuň sözleýşiniň, pikirlenmeginiň yza galmagyna eltýär. 
Psihologiýanyň aýtmagyna görä hem-de durmuş tejribeçiliginiň 
görkezilişine görä çagalara öz ene dillerinden başga 2-nji dili 
öwretmeklige diňe 5 ýaşdan soň başlamaly. Çaganyň öz ene dillerini 
bilmeklige bolan, biri-biri bilen gowy aýtmagyna hereket etmeklige, 
fiziki taýdan ösmeklige kömek edýär. Çagalar biri-birleri bilen oýnap 
dostlaşýarlar. Olar erteki, hekaýa, goşgy öwrenýärler. Şu zatlar çagany 
akyl taýdan ösdürýär. 
Her bir milli dil öz ösüş derejelerine ýetip, edebi formalara eýe 
bolandan soň, onuň aýdylyşyna talap, üns güýçlenip ugraýar. Dogry 
sözleýiş bilen bilelikde sözleýşiň äheňine adamlaryň dogry düşünmegi 
hem zerurdyr. Bu lingwistikanyň derwaýys meseleleriniň biridir. Sözleýiş 
äheňi dil hadysasy bolup, sözden ähmiýeti pes däldir. Sözleýiş hakykaty 
şöhlelendirmegiň adama mahsus bolan görnüşidir. Dil bu instinkt däl-de. 
Köp ýyllaryň dowamynda zähmetiň netijesinde, nesilleriň akyl-


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 

paýhasynyň tagallasy bilen gazanylan medeniýetdir. Dil we sözleýiş aň 
we pikirlenme bilen göniden-göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni 
beýan edýär. 
Her bir başlangyç ilki binýatdan başlanýar. Sözüň binýady hem 
çaganyň dil biten günlerinden başlanyp, ulularyň tagallasy bilen goýulýar. 
“ Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti “ 
dersi çagalara irki döwürde sesleri, bogunlary we sözleri aýtmakdan tä 
mekdep okuwa gidýänçä öz ene dilinde sada we düşünikli tärlerini 
öwretmegi göz öňünde tutýar. 
Birinjiden, jemgyýetimiziň şu günki we ertirki zerurlyklary 
hökmünde, ikinjiden, çaganyň sözleýiş medeniýetini kemala getirmek 
bilen, olaryň öz ene dilini öwretmegi çuňňur gazanmaly. 
Çaganyň ene diline talaba laýyk gepläp bilmegi öz deň-duşlary, 
ulular bilen gowy aragatnaşykda bolmagy täze bilim, täze düşünje 
gazanmagyna uly mümkinçilik döredýär. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz 
çykyşynda: 
“Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalary terbiýelemek we 
mekdepde okamaga taýýarlamak, olarda öz-özüne hyzmat edip bilmek 
hem özüňi alyp barmak endiklerini kemala getirmek, türkmen dili we 
beýleki dilleri, bilimleriň ilki başky esasyny öwrenmek ýörite taýýarlanan 
milli maksatnamalar esasynda amala aşyrylyp, ol türkmen halkynyň 
asyrlaryň dowamynda emele gelen däp dessurlaryna laýyklykda, 
çagalaryň içki dünýäsini baý ene dilimiziň şertlerinde kemala getirmäge 
gönükdirilendir. “ diýmek bilen bilim-terbiýeçilik işleriniň mekdebe çenli 
çagalar edaralarynda başlap kämilleşdirilmegini göz öňünde tutulýar. Bu 
günki körpe geljekki bilimli, ylymly, intellektual taýdan ösen, dünýä 
garaýyşly, hünärine ökde, döwletimiziň ykbalyny kesgitlejek, onuň 
ösmegine öz goşandyny goşjak hünärmen bolup ýetişmeli. 
Ussat şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň döredijiliginde söz 
barada şeýle diýilýär: 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 


Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin