Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə7/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

Irki çagalyk döwri. 
Irki çagalyk döwri onuň ösüşiniň 1-3 ýylyny 
öz içine alýar. Çaganyň daş-töweregindäki zatlardyr adamlar onuň 
ösüşini kesgitleýär. Ol zatlar iki görnüşde bolup biler: gap-çanaklar, öý 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
18 
goşlary, okuw esbaplary (ertekiler, hekaýalar, reňkler, reňkli galamlar we 
ş.m.) we olary çalşyrýan zatlar: oýnawaçlar, oýunlar. 
Olaryň häsiýetleri, görnüşi, ululygy, reňki. agramy, gyzgyn-
sowuklygy we şuňa meňzeşler çagada daşky dünýä akyl ýetirmegiň 
başlangyjyny döredýär, olar bilen oýnamak, olary ulanmak we olaryň 
seslerini eşitmek çaganyň hemmetaraplaýyn ösmegine täsir edýär. Şeýle 
usullar bilen zähmet gurallary hem özleşdirilýär. Bu iş hem çaganyň 
ulular bilen bilelikdäki işlerinde bolup geçýär: ulular çagany adamzadyň 
döreden gurallar dünýäsine aralaşdyrýar. Şol hem ösüşe getirýär. 
Çaganyň özleşdirmeli başlangyç gurallary çemçe, okaradyr käseden 
başlanýan bolsa, ol ulalanda çylşyrymly tehniki gurallary özleşdirýär. 
Gurallaryň dürli häsiýetlerini: ululygyny, görnüşini, çuňlugyny, 
reňkini we ş.m. ýüze çykarmaga gönükdirilen täsirler olary öwreniji, olara 
akyl ýetiriji täsirlerdir. Meselem, şeýle täsir çaga tegelek, dörtburçly, üç 
burçly, dürli ululykly, reňkli gaplary görkezmek, olaryň gapaklary we her 
bir gaby öz gapagy bilen ýapmagy tabşyrmak arkaly özleşdirilýär. 
Çaganyň özbaşdak dik durup ýöremegi onuň üçin täze, näbelli, 
özüne çekiji çuňňur gyzyklanma we duýgy döredýär. Beýle täsirler 
“barlag-synag” täsirleridir. Olar howply häsiýete eýe bolsalar-da çaganyň 
bilesigelijiligini ösdürýär. 
Çommalyp oturmak, eglip, öwrülip, yzyňa ýöremek, ýere taşlanan 
taýajyklaryň üstünden ätläp geçmek, belli bir beýiklikde goýlan tagtanyň 
üstünde ýöremek çaganyň hereketleriniň ösüşini kemala getirýär. 
Zatlaryň daşky alamatlaryny - görnüşini, ululygyny, reňkini we ş.m. 
tapawutlandyrmak başarnygyny emele getirmek körpäniň duýuş 
häsiýetini ösdürýär. 
El-ýüzüni ýuwmak, süpürinmek. nahary özbaşdak iýmek, köwşüni, 
eşigini, jorabyny geýmek, çykartmak ýaly başarnyklaryň yzygiderli 
öwredilmegi çagada öz-özüne hyzmat etmek endigini döredýär. Çaganyň 
her bir hereketindäki täzelik sözleýiş bilen baglanyşyklylykda amala 
aşyp, onuň sözleýşine täze sözleriň goşulmagyna getirýär. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
19 
Çaganyň sözleýşiniň ösüşinde onuň aragatnaşyk ukyplary üç ýaşa 
çenli döwürde kemala gelýär. Sözleýşiň kemala gelmegi her çagada bir 
hili geçýär. Çaganyň bir ýaşa çenli döwri ol heniz bir sözi aýdyp bilmese 
hem onuň sözleýşiniň ösmeginiň we ulular bilen aragatnaşyk açmagynyň 
möhüm döwri hasaplanýar.. Sözleýşe çenli döwürde çaga dürli sesleri 
seslenmek bilen sesler we hereketler arkaly uly adamlar bilen 
aragatnaşyga girýär. Çaga doglandan eýläk onuň beýnisi we duýuş 
agzalary dili özleşdirmäge taýýar bolýar. 
Ene dilini özleşdirmek çaganyň seslenip, ýagny kepderileriň, 
gumrularyň guguldysyna meňzeş sesleri çykarmagyndan başlanýar. Çaga 
öz guguldylaryndan lezzet alýar. Üç aýa çenli bu guguldylar ýetjek 
derejesine ýetýär. Bu enäniň çaga bolan gatnaşygyna hem bagly. Sebäbi 
enäniň çaganyň guguldysyny goldamagy çaganyň sözleýşe taýýarlygyny 
has kämilleşdirýär Bu ene bilen çaganyň arasyndaky ilkinji sözleýiş 
aragatnaşygydyr. Soňra çagada wüjürdi başlanýar. Çaganyň bir zady 
düşündirjek bolup çykarýan düşnüksiz seslerine "Be, bujagaz çaganyň 
wüjürdäýşini” diýýändirler. Wüjürdiler çaganyň ýagdaýynyň, keýpiniň 
gowulygyny aňladýar. Wüjürdemek alty aýlyk döwründen başlanýar. Bu 
ir hem, gijiräk hem bolup biler. Çaga ilki çekimsizden çekimlä gidýän 
gysga sesleri çykarýar. Kem- kemden wüjürdi çylşyrymlaşýar. Alty-ýedi 
aýlyk çaganyň wüjürdisinde äheň duýlup ugraýar. 
Çaganyň sözleýşi barlananda alymlar şeýle kanunalaýyklyga gabat 
gelipdirler: wüjürdide sesleriň ýüze çykmagynyň yzygiderligi dil 
sözleýşindäki sesleriň yzygiderliligine laýyk gelipdir. Muňa seredip 
otursak çaga sesleri özleşdirmegi iki gezek geçen ýaly bolýar. Ilki oýun, 
güýmenje, taýýarlyk görnüşinde soňra çylşyrymly we iň kyn etapy bolan 
sözüň düzümindäki sesleri özleşdirmek. Bu çaganyň wüjürdeýän 
döwründe hiç bir kynçylyksyz dürli sesleri aýdyp bilmegi, soňra bolsa şol 
sesler öwredilende uly kynçylyklaryň gabat gelmegidir. 
Bir ýaşyna golaýlanda çaga wüjürdisi täze tapgyra geçýär. Ony 
gürrüň wüjürdisi ýa-da çaga sözleýşi diýip ýöne ýere atlandyrmaýarlar, 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
20 
çaga öz dilinde jümleleri döretmek bilen soraglar berýär. 
Çaga dünýä inen gününden başlap, ony hemmetaraplaýyn 
terbiýelemek işi başlanýar. Şeýle terbiýeçilik çäreleriniň biri-de olaryň 
görüş, eşidiş organlaryny formirlemekden, duýgy ýagdaýlary 
döretmekden ybaratdyr. Çagada duýgy ýagdaýy bolanda, ol ýylgyrýar, 
gülýär. Bu hem onuň ösüşine örän gowy täsir edýär. Çagalaryň 1-nji 
ýaşynyň ösüşini döwürlere bölüp öwretmek maksadalaýykdyr. 
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2008-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky 
43-nji belgili buýrugy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman 
senagaty ministrliginiň 2008-nji ýylyň 5-nji martyndaky 69-njy belgili 
buýrugy bilen tassyklanylan "Çagalaryň irki ösüşiniň we çaganyň 
mekdebe taýýarlygynyň ölçeglerinde bu döwürler giňişleýin açylyp 
görkezilýär. Bu resminamada uly we mekdebe taýýarlaýyş toparlaryny 
tamamlan çagalaryň ukyplarynyň, başarnyklarynyň we bilimiň minimal 
çägi beýan edilýär. 
Öňki geçirilen tejribelik işleri dowam edýär. Görüş, eşidiş, kabul 
etmeklik ösdürilýär. Bu döwürde esasy maksat uly adamyň, terbiýeçileriň 
sözüne, gepleşigine düşünmek hem-de olara öýkünip gaýtalamak işleri 
geçirilýär. Çagalaryň sözleýşini ösdürmek çagalar bilen alnyp barylýan 
işleriň esasyny tutýar. Çaga sözleri ýat tutýar. Ilkinji sözleri peýda bolýar. 
Bu döwürde çagalar bilen örän gyzykly meşgullanmalar guralmalydyr. 
Onda surat we oýnawaçlardan peýdalanylýar. Çaga ilkinji sözleri 1 
ýaşynyň ahyrynda aýdyp başlaýar. Ol kadaly ösen ýagdaýynda on iki 
aýlykda on-on bäş söz aýdyp bilýär. Söz baýlygy ýaşyna görä köpelýär, 
bäş ýaşaýança öz ene dilinde oý-pikirini, gören-eşidenlerini beýan etmegi 
başarýar. Şol sebäpli çaga 5 ýaşaýança diňe bir dil öwretmeli. 5 ýaşa çenli 
çaga 2-3 dili gatyşdyryp öwretmeklik onuň sözleýşiniň, pikirlenmeginiň 
yza galmagyna eltýär. Psihologlaryň aýtmagyna görä we durmuş 
tejribesiniň görkezişine görä, çagalara öz ene dillerinden başga 2-nji dili 
öwretmekligi diňe 5 ýaşdan soň başlamaly. 
Çagalar bagynyň wezipesi çaga aragatnaşykda bolmagy 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
21 
öwretmekden, onda islegi emele getirmekden, islegi amal etmek üçin 
bilimleri başarnyklary döretmekden ybarat. Şoňa görä-de şu meselede ene 
diliniň ähmiýeti örän uludyr. 
Çaga bir ýaşynyň ahyrynda özüni nähili alyp barmalydygy 
baradaky ýöneköý zatlara göz ýetirip başlaýar. Bu döwürde çagalar 
öwredilýän zatlara göz ýetirip başlaýar. 
Olar bir ýaşynda 10-12 sözi, iki ýaşynda 200-300 sözi, üç ýaşynda 
1500-e çenli söz öwrenýar. 

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin