At ýortuşda belli, gurt-ýyrtyşda, är-göreşde, batyr-söweşde.
Ata dünýäsi ogla gönezlik.
Ata-enesini tanamadyk, Taňrysyny tanamaz.
Ata gören ýol keser, ene gören don keser.
Ata ogly ata çeker.
Atam öýünden alanym baýynmak däl nagtamak.
Tapmaçalar
Kim biler, haçan ýeter,
Entek ýol kän aşmaga.
Haýwanlaryň içinde,
Iň haýaly...
Gyzyl hem-de mämişi
Sary reökde kä güller
Seçilip dur meýdanda
Hoşboý ysly...
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
28
5.
Çaga ösüşiniň birinji ýaşy. Çaganyň birinji aňynyň
ösüşine çenli döwrüň ähmiýeti.
Çaganyň birinji ýaşynyň dowamyndaky ösüş ýagdaýy .
Çaganyň birinji aňynyň ösüşine çenli döwrüň ähmiýeti.
“Meniň balajygym. Meniň körpejäm!" ýaly mylaýym sözleri ene öz
ogluna ýa-da gyzyna aýdýar. Çaga ilki heň boýunça düşünýär. Soňra
bolsa ýüz keşbinden şol sözleriň gowy sözlerdigine düşünýär.
Çaga hüwdüler arkaly mähir berilýär, goşgy erteki okap berlende
şol çagada şatlanmak, begenmek ýaly duýgulary döreýär. Munuň
hemmesi ene dili bilen baglanyşyklydyr.
Sözleýiş diýip leksiki we grammatiki belgileriň dogry ulanylyşyna,
olaryň söhbetdeşlikde akyl ýetirmegine, ulanylyşyna aýdylýar. Leksiki
we grammatiki diliň belgileriniň kesgitlemeleriň ulanylyşyna diliň
möçberi diýilýär. Meselem: Diliň möçberini bilýän adamlara sözleýişde
hem hiç hili kynçylyksyz geplemeklerine, dil bilmeklikde sözleýişde bir
tekstiň dowamynda şol bir sözi ulanmazlygyna ýardam edýär.
Ene dilini gowy öwrenmeklik üçin, onuň däp-dessurlaryny,
arabaglanyşygyny, ses we grafiki bezegi ýatda saklanmalydyr.
Çagalaryň labyzly sözleýşi çaganyň fonetikany, leksikany we
grammatikany kabul etmegine bagly bolup durýar. Çagalara ene dili
öwredilende, olara gapdaly bilen şol sözleriň leksikasy, grammatikasy
öwredilýär. Çagalar grammatikany we leksikany öwrenmek bilen
adamlar sözleri aýdanlarynda nähili duýgulary başdan geçirýändiklerini
duýýar. Çagalaryň başga adamlaryň ýüzlenmeklerine dogry
düşünmeklerine we içki duýgularyny dile getirmeklerine ene diliniň
sinonimleri uly rol oýnaýar. Labyzly sözleýşi bilmek üçin çagalar ilki
umumy sözleýşi gaýtalap bilýän bolmaly.
Çaga bäbeklik döwründe hiç hili söze düşünmese hem ulularyň heň
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
29
bilen aýdan sözlerini ýalňyşman bilýärler: mähremlik, kanagatlanmak,
mähirli gürläňde gülýär, belent ses bilen ýüzleneňde aglaýar.
Çagalar kiçi we irki ýaşda sözlere aýdylyşy boýunça düşünýärler.
Eger-de çagada kiçi ýaşynda duýmak başarnygy bar bolsa, onda ol
ulularyň giň manyly sözlerine düşünýärler. Çaga labyzly sözleýşe,
sözleriň manysyna düşünmegi öwretmeli. Her dürli keşbe girip, çagalara
duýmagy başartmaly.
Çagalaryň sözleýiş dillerini ösdürmegiň esasy şertleriniň biri olaryň
saglygyny gorap saklamak we ösdürmekdir. Çagalaryň daşky durmuşyny,
duýuş organlaryny (gözüni, gulagy) gorap saklamaly. Eger-de şu
ýokardaky duýuş organlary ösdürülmese, onda olaryň sözleýiş dillerini
ösdürmek mümkin däl. Biz bilýäris, eger-de çaga hiç zat eşitmese ol lal
galýar. Eger-de pes eşitse, ol haýal sözleýşi öwrenip başlaýar. Şonuň üçin
esasy mesele, çagalaryň duýuş organlaryny gorap saklamaly we
ösdürmeli.
Çagalar ýaş wagtynda olaryň gulagy çalt-çaltdan agyryp durýar.
Şonda ata-eneler öz çagalarynyň gulagyna birnäçe bilmeýän zatlaryny,
olaryň mukdaryna we näçe gezek duýmalydygyna seretmän guýýarlar.
Ine, şu ýagdaýlarda ata-eneler ýygnaklarynda şu zatlar barada ýörite
lukmanlaryň gürrüňini diňlemeli.
Çagalaryň öýken hem-de dem alyş organlarynyň saglygy barada
aladalanmaly. Bularyň hem çagalaryň sözleýiş dilleriň ösmeginde roly
uludyr. Şonuň üçin çagalar baglary arassa, wagtly-wagtyna ýelejidiren
bolmaly. Bu işleri hem müdir gurnaýar.
Ýaşlykdan çagalaryň görüş organlaryny gorap saklamaly. Toparda
hem-de çagalar bagynyň hemme otaglarynda ýagtylyk ýeterlik derejede
bolmaly. Ýagtylyk çep tarapdan düşmelidir. Bu hat ýazanda, okanda bir
zada syn edende örän zerurdyr.
Lukmanlar çagalary wagtly-wagtynda barlagdan geçirip durmaly.
Çagalaryň saglygyna zyýan berýän zatlary müdire aýdyp durmaly.
Müdir
çagalaryň
sözleýiş
dillerini
ösdürmekde
esasy
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
30
terbiýeçidigine gowy düşünmeli. Terbiýeçiniň ýörite bilimi, onuň
ussatlygy, çagalaryň sözleýiş dillerini ösdürmegiň esasy şertidir.
Müdir çagalar bagyndaky işleýän ähli işgärleriň edebi dilde arassa
geplemekleri üçin degişli iş alyp barmalydyr. Käbir pedagogik işgärler
bilen aýratynlykda işler guramalydyr. Çagalar bagynyň usul otagynda
“Sözleýiş dilini ösdürmek” boýunça ýörite burç döredip, onda çagalaryň
hem-de uly adamlaryň sözleýiş dillerini ösdürmeklige degişli dürli usul
gollanmalar, dürli sözlükler, dürli ýygyndylar (matallar, nakyllar,
ertekiler we ş.m.) goýulmalydyr. Usul burçunda dürli gazetler, žurnallar
hem bolmalydyr.
Çagalar bagynyň müdiri terbiýeçileriň öz toparlaryndaky ata-eneler
bilen hem degişli iş geçirmekleri üçin kömekler berip durmalydyr.
Terbiýeçiler çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek boýunça ata-enelere
birnäçe usuly gollanmalary hödürlemeli, aýratynlykda işleri bermeli.
Müdir çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek boýunça toparyň
enekeleri bilen hem degişli iş geçirmeli. Eneke terbiýeçiniň ýakyn
kömekçisidir. Häzir durmuşda bulara eneke diýilmän
terbiýeçiniň
kömekçisi
diýip aýdylýar. Ýagny ol diňe toparyň otagyny arassa
saklamak, çagalara nahar bermekden başga-da gerek wagty terbiýeçä
ýakyndan
kömek
berýär.
Meselem,
çagalary
meşgullanma
taýýarlamakda, gezelenje gitmäge taýýarlamakda, baýramçylyklary
guramakda we ş.m.
Şonuň üçin terbiýeçiniň kömekçisiniň dili hem arassa we sada dilde
bolmalydyr. Terbiýeçiniň kömekçisi hem çagalar bilen gürleşýär.
Soraglaryna jogap berýär.
Her bir çagalar bagynda “Sözleýiş dilini ösdürmegiň usuly” diýen
burç usuly otagynda bolmalydyr. Onda usula degişli dürli kitaplar,
gollanmalar, žurnallar goýulýar.
Usul burçda konspektler, doklatlar, nutuklar, dürli görkezme
esbaplar goýulýar.
5-6 aýlykdan 9-10 aýlyga çenli döwri girýär. Bu döwürde öňki
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
31
geçirilýän terbiýeçilik işleri dowam edýär. Görüş, eşidiş kabul etmeklik
ösdürilýär. Bu döwürde esasy maksat uly adamlary, terbiýeçiniň sözüne,
gepleşigine düşünmek hem-de olara öýkünip gaýtalamak işleri geçirilýär.
Maksatnama çagalar bilen oýun görnüşli meşgullanmalary geçirmekligi
talap edýär.
9-10 aýlykdan 1-ýaşa çenli döwri öz içine alýar. Çagalaryň
sözleýşini ösdürmek bilen alnyp barylýan işleriň esasyny tutýar. Çagalar
sözleri ýat tutup başlaýar. Çagalaryň sözleýşinde ilkinji sözler peýda
bolup başlaýar. Ka-ka, eje, ene-ata we ş.m. Bu döwürde çagalar bilen örän
gyzykly meşgullanmalar guralmalydyr. Onda dürli oýnawaçlardan,
suratlardan peýdalanylýar.
Çagalar bagynyň wezipesi çaga aragatnaşykda bolmagy
öwretmekden, onda islegi emele getirmekden, islegi amal etmek üçin
bilimleri, başarnyklary döretmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, şu
meselede ene diliň ähmiýeti biçak uludyr.
Mugallym, terbiýeçi çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny we olaryň
öwrediljek maglumatlaryny kabul etmek taýýarlygyny, olara öwretmek
usulyny bir saýlamaly, sebäbi bir ýaşdaky çagalar üçin gyzykly beýleki
bir ýaşdaky çagalary gyzyklandyrmazlygy mümkin.
Şol bir usuly dürli mugallym, dürli terbiýeçi dürli hili ulanmagy
tebigydyr, sebäbi bu ýagdaý terbiýeçiniň, mugallymyň şahsy ähmiýetine
baglydyr.
Ene dili çagada ilkinji gözellik terbiýesini berýän sapak bolup
hyzmat edýär.
Rowaç
Rowaçlygyň buşlap gelen
Ýyllaryň salamy Rowaç!
Göwünleri hoşlap gelen
Ýollar kemaly Rowaç!
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
32
Pederleň tagzym-togaby,
Geçmişiň ertä dowamy,
Kişňeýşiň – arşyň owazy,
Kalbymyň senasy Rowaç!
-Watanyň beýik gelejege, halkyň bagtyýar durmuşy üçin halal
zähmet çekmek uly bagtdyr.
-Biz ýurdumyzyň ýazyjy şahyrlaryndan durmuş hakykatyny çuň
beýan edýän, çeperçilik taýdan ýokary hilli ýazylan, adamyň ruhuna oňyn
täsir edýän, halyny baýlaşdyrýan romanlara, powestlere we hekaýalara
garaşýarys.
Dostları ilə paylaş: |