11.
Çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmak we sözlük goruny
ösdürmek boýunça guralýan sapaklaryň görnüşleri.
Çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmak
Sözlük goruny ösdürmek boýunça guralýan sapaklaryň görnüşleri.
Mekdebe çenli çagalar deň-duşlar we ulular bilen aragatnaşyk
saklar ýaly, sözlük gory bolmalydyr, şonuň üçin pedagogika çagalaryň
sözlük goryny baýlaşdyrmaga wajyp serişde hökmünde seredýär.
Sözleýiş gory diýip halkyň öz taryhynda uzak wagtyň içinde
sözleýiş gory bilen baýlaşdyrmagyna aýdylýar. Bu prosesiň mukdar we
hil tarapy bar. Çagalaryň sözleýiş mukdar tarapy has hem göze görünýär.
1 ýaşly çagalaryň işjeň sözleýişde 10-12 söz bolsa 6 ýaşynda 3-3,5
ýaryma çenli artýar.
Sözleýşiň hil tarapy diýip çagalaryň sözleriniň mazmuny bilen
tanyş bolmagyna aýdylýar. Her sözüň mazmuny düşündirmekden
durýandyr.
Sözlük işiniň wezipeleri:
Mazmunly aragatnaşyk saklamak üçin sözleri mukdar taýdan
üpjün etmek.
Sözüň mazmunyny öwrenmegi üpjün etmek.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
56
Sözleri aktiwleşdirmek, ýagny sözleri diňe bir öwrenmän, eýsem
durmuşada geçirmek.
Sözlük işiniň bu ugurlary ähli ýaş aýratynlyklaryna degişli we dürli
mazmunda bolup biler:
Tebigatyň obýekti we hadysalary bilen tanyşdyrmakda maddy we
medeniýeti jemgyýetçilik durmuşy hadysalary bilen tanyş bolmak we
ş.m.
Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sözlük gorynyň daş-töwerek bilen
tanyşdyrmakda artdyrylmagynyň gysgajyk analizine seredeliň: Dürli ýaş
toparlarda bu hili mazmun dürli-hilidir.
2-3 ýaşly çaga çagalar bagynda, öýünde görýän we gyzyklanýan
zatlaryny:
Egin-eşikleri, mebelleriň, gap-gaçlaryň zatlaryny özleşdirýär. Ol
şol predmetler bilen hereketlerde özleşdirilýär.
4 ýaşly çagalar predmetleriň atlaryny öwredilýär. Çaga sözleri
aýtmakda ýalňyşlyk goýbermegi mümkin. Bu bolsa çaganyň kabul ediş
derejesiniň pes bolandygyndandyr.
Mekdebe çenli ýaşly çagalara predmetiniň atlary, ähmiýeti
zerurlygy, gurluşynyň aýratynlygy, materialy tapawutlandyrmagy, olaryň
hilini öwretmelidir.
5 ýaşly çagalarda çagalaryň işjeň sözlüginde ähli predmetleriň
atlaryny öwretmek, predmetler, gök önümler we miweler, iýmit, önümler
material kagyz, mata öwredilýär. Uly mekdebe çenli ýaşly çagalaryň işi
dowam edilýär. Esasy üns işjeň sözlügi baýlaşdyrmaga hil we sypat
tapawutlary öwredilýär.(açyk gyzyl, açyk ýaşyl we ş.m) ýönekeý
düşünjeler öwredilýär. Sözlügi kämilleşdirmek işi daş-töwerekdäki
predmetler bilen tanyşdyrmaklyga ugrukdyrylan sapaklara baglaýar.
Bu sapaklaryň esasy maksady çagalara predmetleriň atlaryny we
olar bilen hereketi öwretmekdir. Bu wezipesi dogry kabul edişi
guramaklyk esasynda amala aşyryp bolar. Sözlük goruny artdyrýan
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
57
sapaklaryň biride predmetleriň hili we sypaty bilen tanyşdyrýan
sapaklardyr.
Çaga dünýä inende onuň kalbam, ýüregem edil ak kagyz ýaly arassa
bolýar. Ýüregi päk, gylyk-häsiýeti gowy adama baha berlende “onuň
ýüregi edil çaganyňky ýaly” diýilýär. Onuň içki dünýasi boşluk. Onda
geçmiş ýok, ol diňe geljege ymtylýar. Ol ymtylyşyň talabalaýyk amala
aşmagy, öz manysyna eýe bolmagy üçin bilim-terbiýäniň dogry berilmegi
ilkinji zerurlyk bolup durýar. Çaga gören, eşiden, duýan zatlaryny
deňeşdirer ýaly içki dünýäsinde, ýadynda hiç zat bolmandygy üçin bolşy
ýaly kabul edýär. 6-7 ýaşyna ýetende gören, eşiden, duýan zatlaryny öň
ýadynda galan, duýan zatlary bilen deňeşdirip kabul edip başlaýar. Soňra
onuň kalby, ýüregi, mähri umuman ahlak ýagdaýy daşky dünýäden kabul
eden ýagdaýyna, alan terbiýesine bagly bolýar. Çagany doglanyndan
başlap, gurşap alýan daşky dünýäde onuň ahlak derejesini ýokary
galdyrjak, oňat terbiýelejek zatlara dogry düşünmekleri, dürli
düşünjelerden dogry baş alyp çykmaklary üçin ony akylly-başly,
hoşniýetli, päk ýürekli, içki dünýäsi baý adam edip terbiýelemäge
çalyşmaly. Ol ene-atanyň, terbiýeçiniň, mugallymyň öňünde durýan
mukaddes borç. Rus pedagogy W. A. Suhomlinskiý “Terbiýeçilik işi
dykgatly, akylly-başly, paýhasly pikirlenip ýaş ýüreklere galtaşmakdyr.
Çaganyň ýüregine mähir bilen galtaşmaly” diýýär. Çagalary mylakatly,
hoşniýetli, päk ýürekli edip terbiýelemekde tebigatyň orny uludyr.
Tebigata söýgini döretmekde, daşky gurşawy goramagy
öwretmekde okuw gezelençleriniň ähmiýeti has-da uludyr. Bu
gezelençler okuw- terbiýeçilik işleriniň bir görnüşi we usuly bolmak
bilen, tebigy şertlerde dürli zatlary öwrenmäge we syn etmäge
mümkinçilik döredýär. Tebigata guralýan gezelençler çagalaryň arassa
howada wagtyny gyzykly geçirmeklerine, daş-töwerek bilen içgin
tanyşmaklaryna, tebigat täsinliklerine düşünmeklerine, olary öz
aňlarynda ornaşdyrmaklaryna ýardam edýär. Tebigat, daş-töwerek
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
58
duýgularyň çeşmesidir. Çagada duýgulary terbiýelemek ruhy we beden
taýdan sagdyn nesliň kemala gelmegine ýardam edýär.
Maksatnamanyň maglumatlary esasynda mekdebe çenli döwürde
çagalary daş-töwerek bilen tanyşdyrmak bilen birlikde sözlük goruny
baýlaşdyrmaklyga hem uly üns berilýär. Mekdebe çenli döwürde çaga irki
ýaşlaryna garanda daş-töwerege bolan düşünjesini sözlük goruny
baýlaşdyrmak bilen özleşdirýärler.
Çaga her gün zatlar we hadysalar bilen gatnaşykda bolýar. Olaryň
biri çaga tanyş bolsa, biri nätanyş zatlardyr. Çagada “bu näme?” diýmek
bilen bilesigelijilik döreýär. Bu nähili atlandyrylýar? Näme üçin?
Nämeden edilen
?
Çaga özüni gurşap duran zatlary bilmek, elläp görmek,
anygyna ýetmek isleýär. Maşgalada ene-atalar düşündirse, çagalar
baglarynda terbiýeçi daş-töwerekdäki gurşaw bilen tanyşdyrýar, çaganyň
täsirlenmelerini baýlaşdyrýar, düşünjelerini tertipleşdirýär. Çaga durmuş
tejribesine akyl ýetirme arkaly eýe bolýar. Akyl ýetirme name? Çaga
görýär, eşidýär, duýýar. Ol özüniň duýgy agzalary arkaly görýän
zatlaryna düşünýär.
Akyl ýetirme - bu duýgy agzalaryna täsir etmek bilen hakykatyň
adam aňynda şöhlelenmesidir.
Akyl ýetirmäniň ösüşi -bu duýgularyň ösüşi. Şonuň netijesinde hem
çagada daş-töwerege bolan düşünje kemala gelýär, ösýär.
Daş-töwerek bilen tanyşlyk diňe akyl ýetirmek arkaly
tanyşdyrylanda öz manysyna doly eýe bolup bilmez. Çaganyň durmuş
hakykatyna göz ýetirmeginde sözüň güýjüniň täsiri uludyr. Durmuş
hakykaty bilen tanyşlyk, oňa düşünmek söz arkaly beýan edilende,
duýgularyna täsir etmek bilen çagada daş-töweregine, adamlara bolan
guwanç duýgularyny oýarýar hem-de sözlük goruny baýlaşdyrýar.
Daş-töwerek bilen tanyşlyk boýunça alnyp barylýan işler çagada
adamlara, öz ýaşaýan ýerine, mähriban tebigatyna bolan söýgi
duýgularyny oýarmaly, daş-töwerege akyl ýetirmeli, çaga şatlyk
getirmeli. Çagalar baglarynda çagany daş-töwerek bilen tanyşdyrmak
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
59
maksatnama esasynda sapaklar arkaly amala aşyrylýar. Terbiýeçi bu işleri
yzygiderli meýilnamalaşdyryp durýar. Bu sapaklaryň gidişinde sözlük
bilen işlemek alnyp barlyp, ol işler çaganyň sözlük gorunyň
baýlaşmagyna, geriminiň giňemegine ýardam edýär.
Sözleýşi ösdürmek boýunça ýörite sapaklar çagalaryň üç ýaşyndan
başlap geçirilip başlanýar. Munuň maksady çaganyň erkin gepleşip
bilmegini, sözleýşi gepleşigiň hem-de düşünjäniň serişdesi hökmünde
şeýle hem özüni alyp barşyny sazlap bilmegini gazanmakdan ybarat.
Sapakda çagalar terbiýeçi bilen iş alyp barýarlar, görkezme esbaplar
esasynda gürrüň edip bilýärler (kinofilmleri gürrüň edip bermek,
diňlemek, gürrüň bermek). Öwrediji oýunlary oýnamak bilen bilelikde
aýdym aýtmak bilen olar gezekli-gezegine geplemegi öwrenýärler.
Sapaklarda çagalar täze düşünjeleri alýarlar (täze söz, onuň grammatik
gurluşy hem-de aňladýan manysy), söz üsti bilen berlen ýumuşlary ýerine
ýetirýärler, öz işlerini bahalandyrmagy öwrenýärler. Sapaklarda çagalara
tertipli bolmagy öwredýärler. Maksatnamada dürli ýaş toparlarynda
sözleýşi ösdürmek boýunça ýörite sapaklar berilýär: “Daş- töwerek bilen
tanyşdyrmak we sözleýşi ösdürmek”, “Çeper edebiýat”, “Ene dili”.
“Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak” sapaklarynda çagalara
predmetler, olaryň işi, alamatlary, beýleki zatlar bilen gatnaşygyna syn
edilýär, sorag-jogap alyşylýar. Terbiýeçiniň we ata-eneleriň sözleýşinde
çagalaryň görýän zatlaryny atlandyrmagy olaryň söz baýlygyny, dialogik
we monologik sözleýşini ösdürýär. Çeper edebiýat sapagynda çagalaryň
sözleýşiniň esasy çeşmesi terbiýeçiniň olara okap berýän ýa-da aýdyp
berýän çeper eserleri bolup durýar.
Çagalar
bagynda
okatmagyň
we
terbiýelemegiň
maksatnamasyndaky “Sözleýşi ösdürmek sapagy” çagalaryň sözleýşine
üns bermegi, ýuwaş- ýuwaşdan öz sözleýşiniň hilini bahalandyrmagy
maksat edinýär.
-Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsanjy, milli
häsýetleri, milli ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmenleriň ruhy älemi
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
60
siňipdir. Bu milli mirasyň gözbaşy dörän ilkinji gününden gözbaş alyp,
XX asyrda türkmen halkynyň bagtyýarlyk eýýamynda öz ösüşiniň ýokary
belentliklerine ýetdi.
Dostları ilə paylaş: |