lakgylyk
emele geler, sözüň
manysyna üns bermezden lakgyldar ýörer. Bu ýagdaýlaryň ikisi hem
çaganyň pikirlenmesiniň ösmegine ýaramaz täsir eder.
Çaganyň öwrenen sözleriniň düzümine onuň daş-töweregindäkiler
bilen aragatnaşykda bolmagyny üpjün edýän sözler bolmaly. Çaganyň
sözlügine olaryň düşünmejek sözlerini saljak bolmaly däl.
Çaganyň sözleriň ähmiýetine düşünmeginiň üstünde işlemek hem
möhüm işleriň biridir. Sesler diňe bir manyny aňlatmaýarlar. Olaryň
köpmanylylygyny heniz durmuş tejribesi bolmadyk çaga özleşdirip
bilmeýär. Munuň özi mekdebe çenli döwürde çözülmeýän iş bolup,
mekdep ýyllarynda ýuwaş-ýuwaşdan öz manysyna eýe bolýar. Çaga
düşünjesi anyk we göni manyly sözleri özleşdirýär. Çagalaryň sözlüginde
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
53
umumy düşünjäni aňladýan sözler bolsa-da, olara kesgitli derejede
düşünýärler. Käbir ýagdaýlarda terbiýeçiniň ulanýan sözlerine hem
çagalaryň düşünmeýän ýerleri bolýar. Terbiýeçiniň borjy çaga sözüň
manysyna dogry düşünmegi we ony dogry ulanmagy öwretmekdir.
Çagalar wagt düşünjelerinde köp ýalňyşlyklar goýberýärler.
Çaganyň “Şu gün gitdim” diýmegiň ýerine “ertir gitdim”, “irden”
diýmegiň ýerine “agşam” diýen düşünjeleri ulanýanlygyna gabat gelmek
bolýar.
Terbiýeçi çaganyň diňe söz gorunyň gerimini giňeltmek bilen
çäklenmän, ondan peýdalanmagy öwretmelidir, sözleýşiň manyly
bolmagyny gazanmalydyr.
Sözlügiň baýlaşmagynyň esasy çeşmesi ulularyň sözleýşidir, ilkinji
nobatda bolsa çaga bilim-terbiýe berýän terbiýeçiniň sözleýşidir. Çagalar
sözleri we ony peýdalanmagy terbiýeçiden öwrenýärler. Olaryň özi näme
gowy, näme dogry saýgaryp bilmeýärler, eşiden sözlerine öýkünýärler.
Şonuň üçin terbiýeçiniň sözleýşi çagalar üçin nusga bolmalydyr. Ol öz
sözleýşiniň, sözlük goruny baýlaşdyrmagyň üstünde işlemelidir.
Çaganyň sözlügini baýlaşdyrmagyň ýene-de bir çeşmesi halk
döredijiligi we çeper edebiýat bolup, ol ulularyň okap bermegi arkaly
özleşdirilýär. Sözlük bilen işlemek daş-töwerekdäki durmuş ýagdaýlary
bilen tanyşdyrmagyň aýrylmaz bölegi bolup, ol dürli usullardyr tärler
arkaly amal edilýär. Şoňa görä-de, şu meselede ene diliniň ähmiýeti biçak
uludyr.
Mugallym, terbiýeçi çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny we olaryň
öwrediljek maglumaty kabul etmek taýýarlygyny, olara öwretmek
usulyny saýlamaly, sebäbi bir ýaşdaky çagalar üçin gyzykly zat beýleki
bir ýaşdaky çagalary gyzyklandyrmazlygy ähtimal.
Şol bir usuly her mugallym, her terbiýeçi dürli hili ulanyp biler,
sebäbi bu ýagdaý terbiýeçiniň şahsy häsiýetine baglydyr. Islendik
adamyň özüne mahsus ýetmezçiligi-de, artykmaçlygy-da bolup biler.
Mundan başga-da şol usuly tapanyň özi-de dürli toparda dürli hili
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
54
peýdalanar, sebäbi bu ýagdaý toparyň taýýarlygyna baglydyr. Şeýlelikde,
islendik usuly durmuşa geçirmek üçin ony toparyň zerurlygyna
uýgunlaşdyrmaly, köp halatda weli, güýçli ýa gowşak çaga görä ulanmaly
bolýar. Şoňa görä-de usul elmydama maýyşgak bolmalydyr. Okatmagyň
şertini üýtgetmek bilen usul hem üýtgäp biler. Usul dürli tärlerden
ybaratdyr.
Şoňa görä-de, çagalara turuwbaşdan ene dilimiziň aragatnaşyk
serişdesidigini her bir sapakda düşündirmek möhümdir. Jemgyýet
ösdügiçe, adamyň talaby hem özgerýär. Işe bolan yhlasy artýar, zehini
daş . Adam mydama gözlegde. Dürli usullar peýda bolýar. Şol usullaryň
biri-de multimedia tehnologiýalary arkaly okatmagyň interaktiw
usullaryny ulanmakdyr. Bilim ulgamyna multimedia tehnologiýalarynyň
ornaşdyrylmagy
özüniň netijeli taraplaryny görkezip ugrady.
Tejribelerden görşümiz ýaly, tehnologiýalar bilim ulgamynda
maglumatlary düşündirmekde, öwretmekde täze-täze mümkinçilikleri
açyp görkezýär. Multimediýa tehnologiýalary dürli görnüşdäki
maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär we sapagyň gidişiniň has
netijeli bolmagyny üpjün edýär. Bu ýagdaýda sapagyň gurluşy
üýtgemeýär, gaýta mazmuny güýçlenýär, öwredilýän düşünjäniň bilim
berijiligi, terbiýeleýjiligi, ösdürijiligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, okatmagyň
netijeli tarapy ýüze çykýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda-da,
başlangyç synplarda-da her bir sapakda berilýän maglumatlary
öwretmekde tehnologiýalaryň ulanylmagynyň uly ähmiýeti bar.
Tejribeler
sapaklarda
kompýuterden,
interaktiw
tagtalardan
peýdalanylmagynyň berilýän maglumatlaryň özleşdirilişiniň has netijeli
bolýandygyny görkezýär.
Mekdep ýaşyna ýetmedik çaga öz deň-duşlary, uly adamlar bilen
aragatnaşyk etmek mekdepde gowy okamak, çeper edebiýata,
telewizorda we radioda berilýän gepleşiklere gowy düşünmek üçin belli
bir derejede söz öwrenýär.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
55
5 ýaşly çagalara öwredilmeli aktiw sözleriň hataryna: gök önümler,
miweler, iýmit, durmuşda ulanylýan zatlar, matalar, kagyzlar, agaçlar we
ş.m. Çagalar öwrenen sözlerini terbiýeçiniň kömegi bilen topara bölmegi
we dogry atlandyryp bilmegi başarmalydyr.
Sözlik gorunyň germiniň giňemegi sözligiň baýlaşmagyna
baglydyr. Çaga zatlar bilen tanyşmak arkaly atlar, sypatlar, işlikler bilen
hem tanyşýar.
Dostları ilə paylaş: |