Sözleýiş medeniýetiniň başlangyjyny özleşdirmegiň ýagny
sypaýy gatnaşygyň sözleýişiň görnüşlerini öwretmek.
Sanlary, wagty aňlatmak üçin atlaryň, sypatlaryň goşulmalaryny
ulanmak başarnyklaryny ýola goýmak.
Sözüň aňladýan şekilini göz öňüne getirmegi öwretmek.
Morfologik sözüň ilkinji görnüşini özleşdirmegi özünde täsir
galdyran hadysa barada 2-3 sözleýişden ybarat gürrüň bermegini
öwretmek.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
48
Çeper eseri diňläp, onuň mazmunyna düşünmegi, goşgyny dogry
äheňde ulanmagy öwretmek.
Baglaýjylary we labyzly sözleýşi ösdürmek.
Çagalar bagynda durmuşda, gezelenç wagtynda oýun döwründe,
daş-töwerek bilen tanyşdyrylanda zähmet işlerinde we baýramçylykda,
göwünaçmalar wagtynda çagalaryň söz baýlygy has-da artýar.
Biziň Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde mekdebe çenli ýaşly
çagalar öz ene dillerinde, ýagny türkmen dilinde bilim we terbiýe alýarlar.
Döwletimiz Garaşsyzlygyny alandan soňra, türkmen dili döwlet dili
diýlip ykrar edildi. Türkmen dilini öwrenmeklige bolan talap has-da
güýçlendi. Adamyň dil öwrenýän döwri onuň mekdebe çenli döwrüdir.
Çaga mekdebe barýança öz dilinde arkaýyn geplemegi, öz pikirini
yzygider beýan etmegi başarýar. Şonuň üçin bu işleri çagalara ýörite
öwretmek zerurdyr. Dil çagalaryň özara biri-birleri bilen, ulular bilen
aragatnaşyk etmeginiň esasy serişdesidir. Şonuň üçin çagalara dil
öwretmekligi ylmy esasda ýörite işlenen usulda alyp barmalydyr. Biz
öwrenýän «Sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti» dersinden çagalara irki
döwürden ilkinji sesler, bogunlary we sözleri aýtmakdan tä mekdep
okuwyna gidýänçä öz ene dilinde sada we düşnükli geplemegiň tärlerini
öwrederis. Çaga öz ene dilinde gowy gepläp bilse, öz ýoldaşlary we ulular
bilen gowy aragatnaşykda bolýar. Çagalaryň ulular bilen aragatnaşykda
bolmagy täze bilim, täze düşünje toplamagyna kömek edýär. Gowy
gepläp bilmeýän çaga gowy oýnap bilmeýär. Çagalaryň dil öwrenmekligi
öz-özünden bolmaýar. Onuň dil öwrenmekligine ulular ýolbaşçylyk
etmelidir. Çaga ilkinji sözleri 1 ýaşyň ahyrynda aýdyp başlaýar. Ol kadaly
ösen ýagdaýynda
on iki
aýlykda
on-on bäş
söz aýdyp bilýär. Söz baýlygy
ýaşyna görä köpelýär,
bäş
ýaşaýança öz ene dilinde oý-pikirini, gören-
eşidenlerini beýan etmegi başarýar. Şol sebäpli çaga 5 ýaşaýança diňe 1
dil öwretmeli. 5 ýaşa çenli çaga 2-3 dili gatyşdyryp öwretmeklik onuň
sözleýişiniň, pikirlenmeginiň yza galmagyna eltýär. Psihologlaryň
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
49
aýtmagyna görä we durmuş tejribesiniň görkezişine görä, çagalara öz ene
dillerinden başga 2-nji dili öwretmekligi diňe 5 ýaşdan soň başlamaly.
Çagalaryň öz ene dillerini bilmekligine, biri-biri bilen gowy
oýnamaklygyna, fiziki taýdan ösmekligine kömek edýär. Çagalar öz
aralarynda oýnap dostlaşýarlar. Erteki, hekaýa, goşgy öwrenýärler. Şu
zatlaryň hemmesi çagalary akyl taýdan ösdürýär.
Çaga mekdebe barýança öz dilinde arkaýyn geplemegi, öz pikirini
yzygider beýan etmegi başarýar. Şonuň üçin bu işleri çagalara ýörite
öwretmek zerurdyr. Dil çagalaryň özara biri-birleri bilen, ulular bilen
aragatnaşyk etmeginiň esasy serişdesidir.
Okuw maksatnamasynda aşakdaky wezipeler kesgitlenýär.
Täze bogunly ses utgaşdyrmalaryny we sesleri aýtmakda
öýkünmegi ýüze çykarmak.
Bir ýaşynyň ahyryna çenli çagalara 10-12-i sany aňsat söz
ulanmagy öwretmek.
Haýwanlara we ösümliklere mähirli garaýyşy terbiýelemek.
Çagalaryň özüne ýüzlenilen söze dönmegi oňa elýeterli sözleýiş
serişdesine görä jogap bermegi öwretmek, ulular bilen gepleşmäge meýil
döretmek.
Çaganyň ses baýlygny ösdürmek.
Ýöneköý sesleriň gurluşyny ösdürmek.
Sözleýşiň ses medeniýetini ele almak.
Çaganyň deň-duşlary we özge adamlar bilen aragatnaşygy
giňeltmek.
Çaganyň geplemek meýlini, islegini, gepe goşmak ymtylmasyny
gollamak.
Sözleýiş medeniýetini başlangyjyny özleşdirmegiň ýagny sypaýy
gatnaşygynyň sözleýiş görnüşlerini öwrenmek.
Sanlary, wagty aňlatmak üçin atlaryň sypatlaryň goşulmalaryny
ulanmak başarnyklaryny ýola goýmak.
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
50
Dostları ilə paylaş: |