6.
Sözleýşiň taýýarlyk etapyna degişli sapaklary guramagyň we
kem-kemden çylşyrymlaşdyrmagyň usuly.
Çagalaryň sözleýşe taýýarlyk döwrüne degişli sapaklary
guramak.
Olaryň kem – kemden çylşyrymlaşdyrylmagy.
Iki ýaşly çagalar üçin:
“Aýdylan zady görkez” - çaga terbiýeçiniň aýdan predmetini
görkezmeli.
Terbiýeçiniň oturan stolunyň öňündäki stolda çagalara tanyş bolan
oýnawaçlar goýlan. Mysal üçin: aýyjyklar, maşynlar, piller, kubikler,
gaýyklar, toplar we her oýnawaçdan dört sany bolmaly hem-de hersi dürli
ölçegde we dürli reňkde bolmaly. Çagalar stoluň öňünde öz ýerlerinde
oturýarlar. Terbiýeçi olara gezek-gezegine ýüzlenýär:
Maýsa, meniň ýanyma gel we çagalara hemme pilleri görkez.
Terbiýeçi onuň hereketini beýan edýär.
Ine, kiçijik çal pil, ine ullakan çal pil. Maýsa bize pilleriň
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
33
hemmesini görkezdi.
Parahat, indi bolsa sen bize hemme syçanlary görkez.
Oglanjyk stoluň ýanyna barýar-da, maşyny garbap alýar.
Sen bize ilki maşynlary görkezjekmi? Parahat, gyzyl maşyny
görkez. Ine, seniň eliňde kiçijik gyzyl maşyn bar, indi bolsa bize ullakan
gyzyl maşyny alyp görkez. (Çaga ýerine ýetirýär). Ýene-de bir maşyny
al, ol kiçijik gök maşyn, sen ýene birini ýadyňdan çykardyň, çagalar
haýsyňyz Parahada ýene bir maşyny görkezmäge kömek etjek. Şirin,
senmi? Dogry. Parahat, bu kiçi çal maşyny hem al! Indi Parahat bize
hemme maşyny görkezdi.
Sapakdan soňra terbiýeçi Parahat bilen ýekelikde iş geçirýär.
Şu ýerde gadymyýetde ene-mamalarymyzyň öz çagalary bilen alyp
baran işlerini hem ýatlap geçsek artykmaçlyk etmese gerek. Türkmen
zenanynyň baý ruhy dünýäsi ene dilimiziň baýlaşmagyna uly täsir
edipdir. Diliň has kämilleşmegine, çeperleşmegine öz goşandyny
goşupdyr. Türkmeniň halk döredijiligini alyp görsek, onuň agramly
bölegini
türkmen
zenanynyň
döreden
hüwdüleri,
läleleri,
monjugatdylary, öleňleri, aýdymlary tutýar. Şirin hüwdüler çaganyň
dünýä inen gününden onuň gulagyny gandyryp, gepe-söze düşünip
ugrandan soň ertekilerdir rowaýatlar edermen, ruhubelent, türkmen
häsiýetli nesliň kemala gelmegine ýardam edipdir. Uýanyň jigisine,
enäniň perzendine bolan soýgüsi, süýji arzuwlary hüwdülerde beýan
edilipdir. Ene-mamalaryň arzuwlary ertekilerdir rowaýatlar arkaly öz
manysyna eýe bolupdyr. Hüwdülerdir lälelerde, monjugatdylardyr
öleňlerde türkmen zenany öz ruhy dünýäsiniň inçe duýgularynyň
owazyny beripdir. Ertekilerdir rowaýatlarda ýagşyny ýaýyp, ýamany
ýazgaryp, terbiýelemegiň serişdesi hökmünde ulanypdyr. Dürli milli
oýunlarymyzyň üsti bilen çagalarda batyrgaýlygy, dogumlylygy,
ugurtapyjylygy, ünslüligi terbiýeläpdir. Çaganyň sözleýşiniň ösüşi, özüni
alyp barşy ene-ata terbiýesinden, onuň görüm-göreldesinden gözbaş alyp
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
34
gaýdypdyr.
Edep-terbiýe meselesi her bir döwürde-de, eýýamda-da üns
merkezinde bolupdyr. Gorkut ata öz döwründe çaga terbiýesi barada
“Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa,
saçak ýazmaz” diýen bolsa, Muhammet pygamberimiz Hadyslarynda “Öz
perzentleriňize hormat goýuň, olara gowy edep öwrediň, oňat terbiýeläp
ulaldyň” diýipdir. Öwüt-ündewler bilen terbiýelenen ene-mamalarymyz
perzentlerini hem şeýle ruhda terbiýeläpdirler. Olaryň öz ruhy dünýäsiniň
baýlygy bilen nesilleriniň kalbyna guýan edep-terbiýesi, arzuw-islegleri
şineläpdir, gögeripdir, gülläpdir. Enesinden nusga alan gyzlar, ata kesbine
mynasyp ogullar kemala gelipdi.
Zenanyň ruhy dünýäsiniň töründe ene mähri uly orny eýeleýär.
Hindi ýazyjysy Rabindranat Tagor “Hüwdüler eneleriň ýüreklerinden
akyp gaýdýarlar”, “Zenan ýüreginiň mährinden doly jaý ajaýyp bolýar”
diýip, ene hüwdüsini, zenan mährini öz döredijiliginde uly sarpa bilen
belläpdir. Dünýä edebiýatyna ser salsak, ýene-de ene baradaky mähirli
sözleri okaýarys. Fransuz şahyry Pýer Zan Beranžýe “Ene ýüregi
täsinlikleriň çeşmesi” diýip belläpdir. Çaganyň irki ösüşinde terbiýäniň
gymmatly taraplaryna biz geçmişimize nazar salanymyzda hem görýäris.
Ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesil üçin
terbiýeçilik ähmiýetli döredijiligi bolupdyr. Olar çagany akyl, sözleýiş
taýdan ösdürmek, elleriniň ownuk damar hereketini kämilleşdirmek
maksady
bilen
dürli
oýunlary,
sanawaçlary
döredipdirler,
peýdalanypdyrlar. Bu alnyp barlan işler çaganyň bedeniniň daýanç-
hereketleniş taýdan kemala gelmegini üpjün edipdir. Dürli oýunlar
barmaklaryň ownuk hereketleriniň täsiri astynda çaganyň beýnisindäki
sözleýiş merkeziniň ösmegine, kämilleşmegine ýardam edipdir. “Gele-
gele” (hereketlendiriji, çaganyň ilkinji ädimlerini ýüze çykaryjy), „Gujak-
gujak” (ilkinji ädimi dowam etdirmek üçin hereketlendiriji, pikirleniş
işjeňligini ösdüriji, joşgunly duýgulary kemala getiriji), “Çapak-çapak
elleri” (çaganyň elleriniň ownuk damar hereketini ösdüriji), “Herek maýa
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
35
münjekmi” (sözleýşini, elleriniň ownuk damar hereketini, aňyny
ösdüriji), “Bäşdaş”, "Üçem” (elleriniň ownuk damar hereketini, sanlar
bilen baglanyşykly düşünjeleri ösdüriji) ýaly milli oýunlarymyz,
sanawaçlar, körpäniň doglandan eýläk gulagy ganýan şahyrana setirler
bolan şirin owazly hüwdüler, durmuşy-ahlak ertekiler çagalaryň
terbiýesinde uly hyzmaty ýerine ýetiripdir. Dürli maşklar arkaly el
hereketleriniň barha kämilleşmeginiň sözleýşiň ösmegine täsir
edýändigine ata-babalarymyz gowy düşünipdir. Halk pedagogikamyz uly
ähmiýete eýe bolupdyr. Çünki şol alnyp barlan işler çaganyň ýadynyň,
ünsüniň, döredijilikli hyýalynyň we pikirlenmesiniň işjeň ösmegine
ýardam beren işlerdir. Şirin owazly hüwdüler, dürli oýunlar ýaş
aýratynlyklaryna görä aýdylypdyr, oýnalypdyr. Bu döredijilik ösüp
gelýän çagalar üçin belli bir derejede terbiýe mekdebi bolupdyr, olaryň
hemmetaraplaýyn terbiýelenmegini üpjün edipdir. Interaktiw usullar
arkaly okatmak hemmetaraplaýyn bilim bermegiň maksatlaryny öz içine
alýar. Hemmetaraplaýyn bilim bermek diýmek - bu çagalara berilýän
ýumuşlaryň üsti bilen akyl, duýgy, ahlak, beden we ruhy taýdan
ösdürmek üçin toplumlaýyn bilim beriş usulyny ulanmak bolup, olary
bilim-terbiýe arkaly kämil durmuşa ýokary hilli taýýarlamaklygy
aňladýar.
Geliň,
çaga
terbiýesi
barada,
onuň
hemmetaraplaýyn
terbiýelenmegi barada gadymy eserlerimize ser salyp göreliň. Beýik
türkmen alymlarynyň biri Mahmyt Zamahşary özüniň “Ýagşyzadalaryň
bahary”
atly eserinde özüniň syýahat eden wagtynda gören-eşiden, halk
arasyndan ýygnap alan maglumatlaryny ýerleşdiripdir. Ol kitabyň edep,
tälim-terbiýe, medeniýet baradaky on üçünji babynda çaga edebi bilen
baglanyşykly şol döwrüň hadysçy alymlarynyň sözleri getirilýär: Abu
Sufýan ogluny terbiýeçisine gowşuranda “Seniň ogluma berjek ilkinji
terbiýäň, seniň öz nebsiňi terbiýelemegiň bolsun. Sebäbi olaryň gözleri
seniň gözleriňe daňlandyr. Sen nämäni gowy görseň, olar hem şony gowy
görerler, nämäni ýigrenseň, şony hem ýigrenerler. Sen olara hekimleriň
MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI
36
durmuşyny, akyldarlaryň ahlagyny öwret, olary men bilen gorkuz, meniň
arkam bilen edep ber, olara göýä dermany bilýän, ýöne dermana
howlukmaýan tebip ýaly bol. Meniň ötünjime daýanma, men seniň
ukyplylygyňa daýanýaryn” diýip tabşyran bolsa, Alyrn Abdylmälik
oglunyň terbiýeçisine “Olara Gurhany öwredişiň ýaly dogruçyllygy
öwret. Olary pes bolmakdan daşda sakla, sebäbi olarda gorky, edep we
ylym ýokdur. Olary belentlikden daşda sakla, sebäbi olar ýeňilkelledir,
duýgulary olar bilen gurşalandyr. Olara işleri wasp eder we haýry söýer
ýaly şygyr öwret” diýip sargapdyr. Şeýle sargytlar arassa ahlakly, belent
adamkärçilikli nesliň kemala gelmegini göz öňünde tutupdyr, öz
döwrüniň belli şahsyýetleriniň kemala gelmegine ýardam edipdir.
Çaganyň akyl terbiýesi ulular bilen gündelik aragatnaşygynda
amala aşýar. Haçan-da, gündelik ulular bilen bolýan aragatnaşyk öwrediji
oýunlar, gezelençler, gyzykly çäreler bilen utgaşdyrylanda, çagalar oýun
döwründe özlerine düşnükli bolan maglumatlary we başarnyklaryny akyl
taýdan özleşdirýärler.
Kiçijik çagalar joşgunly bolýarlar. Olarda biygtyýar üns
artykmaçlyk edýär. Şonuň üçin öwredilýän düşünjeleriň täsirli bolmagy
zerur. Çagalaryň akyl ýetirmesi we sözleýşi oýunjaklar bilen iş salşylanda
has ösýär.
Sözleýişi ösdürmek sapagynyň mazmunyna diňe bir sözleýiş dili,
sözlügi, ses aýdyşy, grammatika üsdünde işlemeklik degişli bolman
eýsem, beýleki okuw-terbiýeçilik wezipeleri umumylaşdyrmak,
derňemek şeýlede synçylygyny, bilesigeljiligini kämilleşdirmek
degişlidir.
Dostları ilə paylaş: |