Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti



Yüklə 1,2 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə6/60
tarix11.10.2023
ölçüsü1,2 Mb.
#153808
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60
Seýitgulyýewa U~Mekdebe çenli çagalarda sözleýiş dilini ösdürmegiň usulyýeti I-2019`AKAMM

 
 
Mugallymyň sözi 
Mugallymyň sözi – Watanyň sözi 
Ol söze ýerleşýär dünýä dek mazmun. 
Mugallymyň sözi kanun mekdepde, 
Mugallymyň sözi öýde-de kanun. 
 
“Mugallymym şeý diýdi!” diýer çagalar 
Mugallym diýdimi kesiler jedel. 
Mugallymyň aýdan sözüň gaýtalap, 
Çagalar daň bilen mekdebe gider. 
 
Mugallymyň aýdan sözüň gaýtalap, 
Çagalar ýene-de mekdepden gaýdar... 
Onsoň çagalar hem mugallym bolup, 
Ol sözi geljekgi nesile aýdar. 
 
Ýaşar, işlär ýörer mugallym sözi 
Mugallymyň sözi – Watana ömür. 
Şeýdip mugallymyň aýdan sözüni 
Asyrdan asyra äkider göwün. 
Kerim Gurbannepesow 
 
 
 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
16 
3.
 
Irki ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ösüşi

 
Irki ýaşly çagalaryň sözleýşi. 

 
Terbiýeçiniň çagalaryň sözleýşini ösdürmekde alyp barýan işleri. 
Çaga dünýä inen gününden başlap, ony hemmetaraplaýyn 
terbiýelemek işi başlanýar. Şeýle terbiýeçilik çäreleriň biride olaryň 
görüş, eşidiş organlaryny formirlemekde, olarda emosional ýagdaý 
döretmekden ybaratdyr. Çagalarda emosional ýagdaý bolanda ol 
ýylgyrýar, gülýär. Bu hem onuň ösüşine örän gowy täsir edýär. “Çagalar 
bagynda okatmagyň we terbiýelemegiň maksatnamasy” Çagalaryň 1-nji 
ýaşynyň ösüşi 4-döwre bölünýär. Her bir döwrüň öz terbiýeçilik wezipesi 
hem-de maksady we usullary bardyr. 
1-nji Döwür–Çaga doglanda 2,5-3 aýlyga çenli döwri öz içine alýar. 
Bu döwürde esasan, çagalaryň görüş we eşidiş organlaryny ösdürmekden 
ybaratdyr. Terbiýeçi çagalara bir ýyldyrawuk ýa-da açyk reňkdäki 
oýnawaçlara seretmekligi, ony hereketlendirip çaga öz gözi bilen 
yzarlamak işlerini edýär. Çagalara dürli sesleri eşitmegi onuň hereketini 
yzarlamagy öwredýär, munuň üçin adam sesinden, aýdym-sazdan ses 
çykarylýan oýnawaçlardan peýdalanylýar. Çagalar bilen yzygiderli iş 
geçirilende çagalaryň hereketi, ýüz mimikasy, ses çykarmak ukyby peýda 
bolýar. Hemde muňa “ Konpleks ezibeleniýa ” diýilýär. Bir aýyň içindäki 
çagalar bilen terbiýeçilik işleri olara seredilip otyrylan wagtynda alnyp 
barylmalydyr. Terbiýeçi çagalary rahatlandyrmak üçin onuň bilen örän 
mylaýymlyk bilen çagalaryň elini, aýaklaryny, arkasyny sypalaýar. 
Terbiýeçi hem ýene şeýle işleri ýerine ýetiren wagtynda onuň bilen 
gürleşýär. Gürleşmek örän ýönekeýdir. Esasy zat çagany 
rahatlandyrmaly. Öz söýgi duýguňy çagalara bildirmeli. Meselem: 
(Begençjik aglama, häzir saňa nahar berjek, sen garnyňy doýurarsyň, 
soňra uklarsyň men seniň üstüňi gowja ýapyp ýatyraryn). Terbiýeçi bu 
sözleri çyn ýürekden, örän süýji sözler bilen güler ýüz bilen aýtmalydyr. 


MEKDEBE ÇENLI ÇAGALARDA SÖZLEÝIŞ DILINI ÖSDÜRMEGIŇ USULYÝETI 
17 
2-nji Döwür–Çaga ösüşiniň 2,5-3 aýlykdan 5-6 aýlyga çenli döwri 
degişlidir. Çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşi dowam edýär. Çagalaryň 
ses çykarmagynda käbir sesleri aýtmagynda özbaşdaklyk peýda bolýar. 
3-4 aýlyk çagalar bogazdan peýdalanyp ses çykarýar. 5-aýlykda uzyn 
çekimli sesleri aýdyp başlaýar. Meselem: Ba-ba-ba, ka-ka-ka. 
Çagalaryň şu zatlary aýtmaklygynyň örän terbiýeçilik ähmiýeti 
bardyr. Maksatnama bu ýaşdaky çagalar bilen ýörite meşgullanmalary 
geçirmekligi talap edýär. Çagalar bilen meşgullanmalar her gün 5-6 minut 
3-4 çagadan toparlar boýunça geçirilýär. 
Çagalar bagynyň wezipesi çaga aragatnaşykda bolmagy 
öwretmekden, onda islegi emele getirmekden, islegi amal etmek üçin 
bilimleri, başarnyklary döretmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, şu 
meselede ene diliniň ähmiýeti biçak uludyr. 
Mugallym, terbiýeçi çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny we olaryň 
öwrediljek maglumaty kabul etmek taýýarlygyny, olara öwretmek 
usulyny saýlamaly, sebäbi bir ýaşdaky çagalar üçin gyzykly zat beýleki 
bir ýaşdaky çagalary gyzyklandyrmazlygy mümkin. 
Şol bir usuly dürli mugallym, dürli terbiýeçi dürli hili ulanmagy 
tebigydyr, sebäbi bu ýagdaý terbiýeçiniň, mugallymyň şahsy häsiýetine 
baglydyr. Islendik adamyň özüne mahsus ýetmezçiligi-de, artykmaçlygy-
da bolup biler. Mundan başga-da şol usuly tapanyň özi-de dürli toparda 
dürli hili peýdalanar, sebäbi bu ýagdaý toparbaşyň taýýarlygyna 
baglydyr. Şeýlelikde islendik usuly durmuşa geçirmek üçin ony toparyň 
zerurlygyna laýyklykda alyp barmaly. Usuly çaganyň fiziologik we 
psihologik aýratynlygyna görä, ýagny güýçli ýa gowşak çaga görä 
ulanmaly bolýar. Şoňa görä-de, usul elmydama maýyşgak bolmalydyr 
Okatmagyň şertini üýtgetmek bilen usul hem üýtgäp biler.

Yüklə 1,2 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   60




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin