Magtymguly söZÜn bilene söZDÜR



Yüklə 18,87 Kb.
tarix08.05.2023
ölçüsü18,87 Kb.
#109294
magtym


MAGTYMGULY SÖZÜN BILENE SÖZDÜR

Her bir halkyň akyl-paỳhasy, halkynyñ önünde bitiren işlerinin çäksizdigi bilen öz halkynyñ añyna mydamalyk giren şahsyyeti bolýar. Ol şahs yogalandan son hem halky öz yzy bilen alyp gidyär. Nesilden-nesillere geçip, adamlaryň yüreginde mesgen tutyar. Ol adama halkyň bolan söỳgüsine garrama, ölme yok. Türkmen halkynyň yaşap geçen şahslary barada gürrün edilende, başarjan terbiyeçi, wagyz-nesihatçy, beyik akyldar, filosof-gumanist şahyr Magtymguly göz önüne gelýär.


Türkmen halkynyñ bu genial şahyra bolan guwanjy yylsayyn möwę urỳar. Munun özi, esasan hem, şahyryn terbiyeçilik meseleleri baradaky öne süren progresiw ideyalary, v nesihatlary dine XIII asyra mahsus bolman, hut bizin şu günlerimize hem degişli bolup durỳanlygyndadyr. Şahyr geçene, geljege dogry baha kesip geçen arassa ahlakly, guỳma- gursak, dogry sözli şahs bolupdyr. li

Magtymgulynyn mekdebi - dogry sözlügiñ mekdebi.

Akyldaryň köp-köp goşgularynyñ setirleri çuñ manyly nakyl deregine kabul edilendir. Köpi gören yaşulularymyzy gepletsen, Magtymgulynyñ real durmuş berada bilmedik, aytmadyk zady yok. Olar häzirki zaman yaşulularyna öwüt- nesihat berenlerinde, iki sözüniñ birinde şahyryn goşgularyndan mysal getirýärler. Gör, ol setirlerde çuñ manyly, terbiyeçilik ähmiyetli, adamlary oỳlanmaga mejbur edýän uly ideya, uly güỳç bar!
Akyldaryñ goşgularynyň aglabasy terbiye meselesi bilen baglanşyklydyr we öwüt-nesihat häsiyetinde yazylandyr. Şahyr v terbiye meselesinde utuş gazanmak üçin şol wagt bar bolan mümkinçilikleriñ ählisinden yerlikli peỳdalanypdyr. Õñe süren ideỳasyny halkyñ añyna berk guỳmak, halkda goşgularda nygtalyan pikire uly ynanç döretmek ussadyñ elmydama üns merkezinde bolupdyr.

Magtymguly ençeme goşgusynda ölümin bardygyny, adam ömrünin çäklidigini yañzydyp, goşgynyñ ideya- mazmunyny has ynançly, täsirli yüze çykarypdyr. Ol yaşalyan dünyäni, "pany, bäş günlük, biwepa, yalançy" diyip atlandyrsa hem, ol atlandyrmalaryň goşgynyň düỳp ideỳasy bilen işi yok, olar diñe şol goşguda nygtalyan pikirlerin ynançly yüze çykmagyna yardam edýär. Umuman alanyñda bolsa, şahyr


adamyn ömrüni, yaşalỳan dünyäni manyly edip goyỳar we şol ömri göreşde geçirmeli diyen ideyany öne sürỳär.

Yalan dünyäde yörmäge,

Döwlet ber, eşret sürmäge. Ömür ekläp, gün görmäge,

Segsen yyl pursat islärin.

Indi şol ömür barada:

i

? Ömrüni geçirme beỳhuda, zaya.



Şahyryn ölümin bardygyny ỳatladyp, adamlary gowy gylyk- häsiyetlere, terbiyä çagyryşy has ynamly aýdylýar we nesihatyň häsiyetliligini has güỳçli duyulyar.

Zynhar, yaşulyñy syla, Bakyỳa barmazdan burun.

"Õter dünyä üçin ömrüñi satma", Ahyry bolar sen yerge barabar. Könlünde men-menlik satyjy bolma.

"Magtymguly, unutmagyl -

Gidejek sen, gidejek sen".
Söz ussady Magtymguly yaramaz häsiỳetli, ahlaksyz, açgöz, herhili bet işlere kowalaşỳan, ejize ganym, zat üçin adamkärçiligini yitiren, gybatkeş adamlary dowzahyn ody bilen bahalandyrypdyr. Tersine, oñat häsiỳetli, arassa ahlakly, il- gününe wepaly, halkyñ aladasyny edỳän, ynsaply, zähmet çekip, halal iyyän adamlary bolsa jennet bilen bahalandyrypdyr, olary hormatlapdyr we şu hili terbiyä çagyrypdyr:

Kyyamat güni jomarda Dowzahdan zyyan yetmezmiş. Bende, sen bet işe batyrlyk etme, Alnyñda goyarlar ol gün bu işi. Pakyra jebr eden zalymyn işi, Rozy magsar diwanynda bellidir.


Ýagsy bolsan jayyn jennet, hüỳr bolar.

Yaman bolsan köydürerler nar bile.

Diwan gurlan güni, hasap jaỳynda, Jogabyn nadir anda, çilimkeş?

Bulardan başga-da:

"Gybatkeşin baran yeri ot bolar".

"Iki dünya yagşylyk yok egriye".

"Galar dowzah içre läşiñ, nas atan".

"Munda bet iş etme anda utanma".

Umuman, şahyr o dünyä, dowzah, jennet yaly düşünjeleri köp-köp goşgularynda adamlaryň dinin borçlaryna boyun egip- etmeyändiklerini nazarda tutmak bilen bir hatarda olaryň jemgyyetde özlerini alyp baryşlaryny, adamkärçilik normalaryny berjaỳ edip-etmeyän işlerini nazarda tutup ulanypdyr. Şahyr "Zarlar içinde" goşgusyny halk dosty, watansöyer, batyr Çowdur hany ỳatlap döredýär. Goşgynyň mazmunynda oña halkynyñ önünde bitiren işleri üçin uly baha berilýär we onun ölümine çuññur gynanç bildirilỳär:

egmeýändiklerini, Gurhan wesyetlerini berjay edip-


Sözüm galat däldir, behiştdir jayyñ!

Şeyle baha Çowdur han il-gününiñ aladasyny edenligi, Watanyny söyenligi, goranlygy üçin mynasyp bolýar.

Her sözüni altyna gaplaỳmaly diỳilyän ajayyp şahyrymyz Magtymgulynyň baỳ döredijiliginiñ uly jemgyyetçilik ähmiyeti bar. Ol özüniñ altyna gaplaỳmaly öwütleri bilen halky terbiyelemekde abyrsyz uly işleri bitirendir.

++ MAGTYMGULY, SOZI DÜRDÜR BILENE

? +

Söz ussady Magtymguly durmyşda gabat gelyän yaramaz v endiklerin önüni almak barada yüreginden syzdyryp alada edipdir we ol endiklerin yaramaz taraplaryna hemmetaraplayyn seredip, goşgularynda häsiyetli beyan edipdir. Şahyr jany-teni bilen söyen halkyny, şeyle endiklerden el çekmäge çagyryp yiti pikirler yöredipdir. Õñi bilen bellemeli zat şahyryñ özüniñ diysen arassa ahlaklylygy, yaramaz endiklerden saplygy. Şonuñ üçin akyldaryň goşgularynda aỳdylyan öwütler gaty ỳakymly aýdylýar. Şahyryň bar aladasy özi görelde görkezip, halky gowulyga çagyrmak:



Owwal, Magtymguly, özün düzetgil, Özüñni sen özgelere göz etgil.
Magtymguly bütin ömrüni halkyñ aladasyny edip, begenjine begenip, gynanjyna gynanan adam. Şahyryñ aỳdyan nesihatlary bilen edýän işlerinin birligine hiç hili şek-şübhe yok. Bu onun döredijiliginden göz-görtele görnüp dur. Halkyň arasynda, geljekki nesillerin önünde ozone ynamy bar bolanson şahyr şeyle setirleri döredip:

Magtymguly, sözüm dürdür bilene, Başda huşun bolsa, söze gulak sal.

***

Aydar Magtymguly sözüm älemdir, Nesihatym uly ile ylymdyr.



***

m Magtymguly, sözün gysga, şerhi köp, Bilmeze hiç, bilen kişä nyrhy köp.


L

Ýaramaz endiklerin biri bolan çilim çekmek barada döredilen: "Çilimkeş", "Çilim", "Çilim çekmegil", "Munda çilimkeş" goşgularda çilim çekmegiñ zyỳany dürli nazarlardan seredilip, şahyr tarapyndan yiti terbiyeçilik ideyalary öñe sürülýär. Şahyr "Çilim çekmegil"goşgusynda:

Adamyn sütüni-bilgil, - imany - diyip aýdýar. "Çilimkeş" goşgusynda bolsa:

Iman bir tilkidir, göwre bir hinder, Tilki tüsä dözmez hinde, çilimkeş!

ya-da, "Jan eglenmez" goşgusynda:

Munda söz bersen çilime, Jesetde iman eglenmez -

diymek bilen, çilim çekmek we iman düşünjesini gapma-garsy goyup, täsir ediji setirlerin üsti bilen adamlary çilim belasyndan saplanmaga çagyrỳar.

Binamaza, gybatkeşe, ogryya, Yoldaş bolar yowuz günde çilimkeş.


Türkmenlerde binamaz, gybatkeş, ogry yaramaz gylyk- häsiyetli, endikli adam diyip hasap edilýär. Söz ussady yokardaky setirlerde çilimkeş binamaz, gybatkeş, ogry bilen bir hatarda goỳup, adamlara oylanmaga esas döredýär.

Şeytana yol berme, imanyñ öçer, Hayypdyr janyña, çilim çekmegil!



Bu yerde terbiyeçi şahyr: "Şeytana yol berme" diyip, adamlary bu yaramaz endikden dynmak üçin özlerine erk etmäge çagyrỳar we täsirli usulda olara yüzlenỳär.

Şahyr bulardan başga-da, çilim çekmegin dürli zyyanly taraplary barada agzalan goşgularynda durup geçýär.
Yüklə 18,87 Kb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin