Leksiýa: 6 Tema: Stilistikanyň görnüşleri Meýilnama: Teoretik stilistika we Funksional stilistika barada



Yüklə 18,81 Kb.
tarix25.12.2023
ölçüsü18,81 Kb.
#193812
Tema 6 Stilistikanyň görnüşleri


Leksiýa:6
Tema: Stilistikanyň görnüşleri
Meýilnama:

  1. Teoretik stilistika we Funksional stilistika barada.

  2. Deňeşdirme stilistika we Praktiki stilistika barada.

Teoretik stilistika.

Teoretik stilistika stilistikanyň ähli diller üçin umumy bolan meseleleri bilen iş salyşýar. Bu hili stilistikanyň wezipesi stil sözüniň manysyny, stilistikanyň predmetini, onuň beýleki ylymlaryň arasynda tutýan ornuny, stilistik derňewiň usulyýetini, dili stillere bölmegiň şertlerini we.ş.m. meseleleri işläp düzmekden ybaratdyr.


Funksional stilistika.
Funksional stilistika haýsy-da bolsa bir diliň jemgyýetde ulanylyş geriminiň giňemegi netijesinde stilleriň döreýşini, diliň ösüş taryhynyň dürli döwürlerinde dilde hereket edýän stilleriň mukdaryny, hilini, stiller bilen bagly ýüze çykýan özgermeleri, stilleriň ösüşini, kämilleşişini yzarlaýar.
Deňeşdirme stilistika (analitiki stilistika).
Deňeşdirme stitilistika haýsy-da bolsa bir milli diliň stilistik ulgamyna başga bir milli diliň eden täsirini, dürli dilleriň stilistik aýratynlyklarynyň deň gelýän we tapawutlanýan taraplaryny öwrenýär. Eger derňew dilleriň ösüş taryhy bilen baglanyşykly alnyp barylsa, onda oňa taryhy-deňeşdirme stilistika diýilýär.
Praktiki stilistika.
Praktiki stilistika dil birliklerini: sesleri, sözleri, frazeologizmleri, grammatiki şekilleri, sintaktik gurluşlary aragatnaşygyň maksadyna we şertine laýyklykda haýsy-da bolsa bir stilde olaryň ulanylyşyny öwrenýär. Praktiki stilistika dil serişdeleriniň stilistik funksiýasyny, ýagny beýan edilýän pikiriň ýa wakanyň aýdyň, düşnükli, dürs, täsirli beýan edilmegi üçin nähili we näderejede gatnaşýandygynyň bardygyny öwrenýär.
Edebiýatlar
1.Geldimyradow A.. Çeper edebiýatyň dili we edebi norma. – Aşgabat: Ylym, 1989.
2. Mesgudow W. Sinonimleriň çeşmeleri. TSSR-iň Dil bilimi institutynyň işleri. 4-nji goýberliş. Aşgabat, 1962.
3.Nepesow G. Metafora çeper diliň möhüm serişdesidir. -Aşgabat: Ylym, 1983.
4. Nyýazow S. Stilistikany öwretmegiň esaslary. – Aşgabat, Magaryf, 1994.
5. Tojiýew E. Mallaboýew M. Uzbek nutkt madaniýati wa uslubiýati asoslari. Toşkent, 2006
6. Türkmen sözleýiş medeniýetiniň käbir meseleleri. Aşgabat, 1977
Yüklə 18,81 Kb.

Dostları ilə paylaş:




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin