Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə2/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   131
fizika 6 turkman

Ş
ERTLI BELGILER:
– 
fiziki ululyklaryň kesgitlemesi; esasy kanunlar;
– 
möhüm formulalar;
– 
üns beriň, ýatda saklaň;
– 
temanyň tekstini okap çykandan soň, goýlan sorag lara jogap beriň;
*
– 
bu temalar fizikany çuň öwrenmäge meýilli okuwçy lar üçin niýetlenen;
– 
bu temalar öň geçilenleri gaýtalap, ýatlatmak üçin niýetlenen;
– 
pikirlenip jogap beriň;
– 
okuwçy tarapyndan ýerine ýetirilýän amaly iş;
– 
gyzykly materiallar.
«Respublikanyň ýörite kitap gaznasynyň şerişdeleri 
 
hasabyndan kärende üçin çap edildi».
ISBN 978-9943-4047-4-8
© N. Ş. Turdiýew, 2013, 2017
© Çolpan adyndaky neşirýat-
çaphana döredijilik öýi, 2013
© «Niso Poligraf» neşirýaty 
(original-maket), 2013, 2017


3
GIRI
Ş
1-nji TEMA 
FIZIKA NÄMÄNI ÖWRENÝÄR? FIZIKI HADYSALAR
Eziz okuwçylar!
Eliňizdäki kitap Siziň üçin täze okuw predmeti bolan «Fizika» 
dersliginiň birinjisidir. Soňky 7–9-njy synplarda hem «Fizika»dan 
okuw dersleri dowam eder.
Şu okuw predmetini öwrenmek näme üçin zerur?
Daş-töweregiňize seretseňiz, ýagýan gary ýa-da ýagyşy, süýşýän 
bulutlary, ýaplardan ýa-da derýalardan akýan suwy görersiňiz. 
Bularyň ählisi tebigat hadysalarydyr. Bizi gurşaýan tebigatdaky 
özgerişler ýaşaýşymyza gönüden-göni täsir edýär. Tebigatda bolup 
geçýän hadysalaryň kanunalaýyklyklaryny öwrenmek, ondan 
öndürijilikli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Kanuna laýyklyklary 
öwrenmek bilen ynsan öz zähmetini ýeňilleşdirýän maşynlary oýlap 
tapypdyr. Gündelik durmuşymyzy elektriksiz, ýangyçsyz, arassa 
suwsuz göz öňüne getirip bilmeýäris.
Elektrik energiýasyny emele getirýän maşynlar, elektrikden we 
ýangyçdan peýdalanyp işleýän gurluşlar fizika ylmyna esaslanyp 
döredilýär. Maşyn we mehanizmleri dolandyrmak, sazlaýyş işlerini 
ýerine ýetirmekde, öý-hojalyk tehnikasyndan önümli peýdalanmakda-
da fizikadan alan bilimleriňiz gerek bolýar.
Tebigatda bolup geçýän dürli hadysalary alamatlaryna görä 
mehaniki, ýylylyk, elektrik, ýagtylyk we ses hadysalaryna bölmek 
mümkin.
Bu hadysalary öwrenmek maddanyň gurluşyny öwrenmekden 
başla nýar.
6-njy synpda fizikanyň öwrenilýän ugurlary:

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin