13
hemişelik ýagdaýda ölçeg esbaplaryny barlap durýan metrologiýa
gullugy işläp dur.
3-nji surat.
Meselem,
Halkara
birlikler
sistemasynda
(HBS) da uzynlygyň birligi hökmünde ylalaşyga
görä metr (1 m), wagty ölçemek üçin sekunt (1 s),
massany ölçemek üçin kilo gram (1 kg) kabul
edilen. Uzynlyk nusgasy platina-iridiý garyn-
dysyndan (iki maddanyň garyndysy) ýasal-
an bolup, Fransiýada saklanýar (3-nji surat).
Gün delik durmuşda
uzynlygy metrden ep-esli uly ýa-da ondan ep-esli kiçi bolan jisimler
duşýar. Meselem, suwda ýaşaýan infuzoriýa diýlip atlandyrylýan
örän kiçi jandaryň uzynlygy 0,0002 m-e deň bolsa, Yer ekwatorynyň
uzynlygy 40075696 m. Bu ululyklary metrlerde aňlatmak amatsyz
bolanlygyndan, metre görä 10, 100 we ş.m. esse kiçi (olary ülüşleri
diýilýär), hem-de metre görä 10, 100 we ş.m. esse uly (olary kratny
diýilýär) birliklerden peýda lanylýar. Meselem, metre garanda
1000 esse uly bolan birlige 1 kilometr diýilýär. Munda «kilometr»
adynda peýda bolan «kilo» goşmaçasy bir ululygyň ikinji ululykdan
näçe esse uludygyny görkezýär. Metrlerde aňladylan ululygy
santimetrlerde aňlatmak üçin onuň bahasyny 100-e köpeltmeli.
Munda 100 sany köpeldiji diýilýär. Metre görä 1000
esse kiçi bolan
birligi – millimetr, million esse kiçi bolan birligi – mikrometr ýa-
da gysga ça – mikron, milliard esse kiçi bolsa – nanometr diýilýär.
Birlige degişli goşmaça
Köpeldiji
micro (μ)
milli (m)
santi (s)
deci (d)
deka (da)
hekto (h)
kilo (k)
mega (M)
0,000001
0,001
0,01
0,1
10
100
1000
1000000
Eger iki fiziki ululyk özara dürli birliklerde aňladylan bolsa,
olary deňeşdirmezden öň birmeňzeş birlige getirmeli. Meselem, bir
okuwçynyň mekdepden öýüne çenli bolan aralygy 1 km, ikinjisiniňki
1100 m bolsun. Olardan haýsysy uzagrakda ýaşaýar? Olary deňeş-
dirmek üçin, birmeňzeş birlige getirip alynýar:
14
1 km = 1000 m we 1000 m < 1100 m.
Bir jynsly bolmadyk ululyklary özara deňeşdirmek mümkin
däldigini nygtamak ýerliklidir! Meselem, uzynlyk bilen wagty ýa-da
massa bilen uzynlygy. şeýle deňeşdirmek hiç hili mana eýe däl.
Wagt etalony hökmünde ilki Ýeriň öz okunyň
daşynda bir gezek
aýlanmagy üçin giden wagtyň
1
86400
bölegini bir sekunt diýlip
kabul edilipdi. Häzirki günde bir sekunt hökmünde mad danyň kiçi
bölejigi – atom şöhlelenmesindäki mälim döw ri (ýokary synpda
getirilýär) almaga ylalaşylan. Gündelik durmuşda wagty görkezmek
üçin minut, sagat, sutka, hepde, aý we ýyl ýaly birlikler hem ulanylýar.
1. Fiziki ululyklar diýende nämäni düşünýärsiňiz?
2. Jisim fiziki düşünjemi ýa-da fiziki ululykmy?
3. Nähili ýagdaýlarda fiziki ululygy kratny ýa-da ülüşlerde
aňlatmak amatly?
4. Bir metr uzynlyga eýe bolan agaç çyzgyjy etalon hök münde
ulanmak mümkinmi?
5. 540 mm-i metrlerde aňladyň.
Dostları ilə paylaş: