Maddany ň gurlu



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə8/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   131
fizika 6 turkman

ölçeg esbaplaryn
dan peýdalanylýar (2-nji su
-
rat). Olardan käbirleri örän ýönekeý gurlan. 2-nji suratda getirilen es
-
baplardan biri ştangensirkul bolup, jisimleriň galyňlygyny ýa-da 
ýaryklarynyň giňligini ölçände peýdalanylýar.
Ölçeg lentasy 
Ştangensirkul
Terezi
Çyzgyç 
Menzurka 
Sekundomer
2-nji surat.
Örän takyk we çylşyrymly ölçemelerde çylşyrymly esbaplar ulanyl
-
ýar. Meselem, wagty, tizligi, howanyň basyşyny ölçeýän esbaplar.


12
1. Gipotiza diýende näme düşünilýär?
2. Gözegçilik eksperimentden nämesi bilen tapawutlanýar?
3. Ölçeg esbaplary nähili maksatlarda ulanylýar?
4. Siz ýene nähili ölçeg esbaplaryny bilýärsiňiz?
Amaly ýumuş
Sekunt strelkasy bar bolan sagat ýa-da mobil telefondaky 
sagat dan peýdalanyp bir minutda özüňiziň we ýoldaşyňyzyň 
ýürek urşuny sanaň.
6- njy TEMA
FIZIKI ULULYKLAR WE OLARY ÖLÇEMEK
Jisimleriň ýa-da fiziki hadysalaryň käbir 
parametrlerini
tejribäniň kömeginde ölçemek mümkin. Bu parametrler 
fiziki 
ululyklar
diýlip atlandyrylýar. Meselem, jisimiň 
uzynlygy, göwrümi, 
temperaturasy, massasy 
we ş.m.
Hut şol bir ululyk dürli fiziki hadysanyň we jisimleriň hut 
bir häsiýetini häsiýetlendirmek üçin ulanylýar. Meselem: ädimiň 
uzynlygy, stoluň uzynlygy, tanabyň uzynlygy. Ýöne bu ululyk 
ýokarda agzalan halatlar üçin dürli baha eýe bolýar. Fiziki 
ululygy mukdar taýdan kesgitlemek üçin onuň san bahasyny we 
birligini bilmeli. Meselem, mekdepde ders 45 minut dowam edýär 
diýlende «wagt» diýlip atlandyrylýan fiziki ululyk iki bölekden 
ybarat ýagdaýda aňladylýar. Birinji – 45 sifri onuň san bahasyny, 
ikinji – «minut» sözi birligini aňladýar.
Wagty minutdan daşary sagatlarda, sekuntlarda hem aňlatmak 
mümkin. Diýmek, her bir fiziki ululygy nähili birliklerde aňlatmagy 
kesgitlemeli. Onda fiziki ululygy ölçemek diýlende nämäni düşünmeli?

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin