8
Galileýdi. Ylaýta-da onuň jisimleriň erkin gaçmagyna degişli işleri
üns bererlikdir.
Beýik iňlis alymy
I. Nýuton
fizikanyň ösmegine çäksiz goşant
goşupdyr. Gün we planetalaryň hereketiniň sebäpleri, güýç we onuň
jisimiň hereketine täsiri, ýagtylygyň reňki baradaky ylmy açyşlar
onuň galamyna degişlidir.
XVIII–XIX asyrlar ylmyň gazananlaryny amalyýetde ulanmak
döwürleri boldy. Bu döwürlerde ylym bilen örän köp alymlar
meşgullanypdyrlar. Birinji bug maşynlarynyň ulanylmagy, harby
tehnikanyň ösüşi, elektrik togundan peýdalanmak ýaly ençeme işler
olaryň zähmetiniň netijesidir.
Şu döwürde ykrar edilen alymlara
J. Uatt, M. Lomono sow, L. Eýler,
T. Ýung, O. Frenel, A. Wolta, H. Ersted, A. Amper, G. Om, M. Faradeý,
E. H. Lens, W. Weber, J. Joul, W. Tomson, L. Bolsman, D. Mendele ýew
we beýlekiler degişlidir.
XX asyra gelip fizikada beýik açyşlar edildi. Bu açyşlaryň
netijesinde atom energiýasyndan peýdalanmak mümkin boldy. Ynsan
kosmosa çykdy. Şu döwrüň beýiklerine
G. Lorens, A. Eýnşteýn,
W. Rent gen, J. Tomson, M. Plank, E. Rezerford, N. Bar, A. Ioffe,
S. Wawilow, De Broýl
lar degişlidir.
Elbetde fizikanyň ösüşi endigan bolmady. Käbir döwür lerde
birnäçe açyşlar edilse, käbir wagtlarda ösüş peselipdir. Ýöne adam
elmydama kynçylyklary ýeňip, öňe tarap ymtylypdyr.
Dostları ilə paylaş: