Maddany ň gurlu


maddanyň  gurluşy, mehaniki hadysalar, elektrik, ýylylyk, ýagtylyk



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə3/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   131
fizika 6 turkman

maddanyň 
gurluşy, mehaniki hadysalar, elektrik, ýylylyk, ýagtylyk 
we ses hadysalary baradaky ilkinji maglu matlar
berilýär 
(1-nji surat). 


4
Maddanyň 
gurluşy
Mehaniki 
hadysalar
Ýylylyk 
hadysalary
Elektrik 
hadysalary
Ýagtylyk 
hadysalary
Ses 
hadysalary
1-nji surat.


5
Derslikde şu hadysalara degişli çylşyrymly bolmadyk we özüňiz 
ýerine ýetirip bilýän gyzykly ýumuşlar berilýär.
Welosipediň, awtomobiliň, adamyň hereketi, gaýçynyň gyrkyşy we 
ş.m. – bularyň ählisi mehaniki hereketlere mysaldyr.
Suwuň bugarmagy we doňmagy, metallaryň eremegi, tebigy gazyň 
we odunyň ýanmagyndan çykýan ýylylyk we ş.m. – bular ýylylyk 
hadysalaryna mysal bolýar. 
Ýagtylygyň ýaýramagy, onuň zatlardan we predmetlerden 
serpilmegi, howada älemgoşaryň peýda bolmagy ýalylar ýagtylyk 
hadysalaryna girýär. Nädip adam garaňky otagyny ýagty edip 
bildi, uzak ýurtlarda bolýan wakalary görüp durýan, azyklarynyň 
bozul mazdan saklanyşyny gazanýan boldy? Olaryň ählisi elektrik 
hadysalaryny öwrenmek sebäpli gazanyldy.
Näme sebäpden Günden ýagtylyk çykýar? Näme üçin suw 
bug ýa-da muz görnüşinde bolup bilýär? Nähili sebäbe görä otag 
temperaturasynda simap suwuk halynda bolýar, demri eretmek üçin 
örän ýokary temperatura çenli gyzdyrmaly?
Ynha şeýle soraglara jogap bermek üçin maddanyň gurluşyny 
öwrenmeli. Jisimleriň içki gurluşyny öwrenip, onuň ençeme 
häsiýetlerini düşündirmek hem-de gerekli häsiýetlere, ýagny ýylylyga 
çydamly, berkligi ýokary we ş.m.lere eýe bolan täze maddalary 
döretmek mümkin.
1. 1-nji surata garap fiziki hadysalara degişli özüňiziň mysalla-
ryňyzy getiriň.
2. Älemi öwrenmekde fizika nähili rol oýnaýar?
3. Doňdurmanyň eremegi nähili hadysa girýär?
4. Gündelik durmuşdan fiziki hadysalara mysallar getiriň.


6

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin