Maddany ň gurlu


-nji TEMA FIZIKADA ULANYLÝAN KÄBIR ADALGALAR



Yüklə 9 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə6/131
tarix25.09.2023
ölçüsü9 Mb.
#148386
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   131
fizika 6 turkman

4-nji TEMA
FIZIKADA ULANYLÝAN KÄBIR ADALGALAR
Fiziki jisimler
diýlip, tebigatda duşýan ähli jisimlere aýdylýar.
Meselem: gün, ýyldyzlar, planetalar, daşlar we ş.m.
Jisimler sistemasy 
diýlip, käbir fiziki hadysalar edil bir sany 
jisimdäki ýaly ýüze çykýan jisimler toplumyna aýdylýar. 
Meselem, 
awtomobil dürli böleklerden ybarat bolsa-da, edil bir bitewi bölek ýaly 
hereketlenýär.
Fiziki hadysalar
diýlip, maddany düzýän bölejikler üýtgemedik 
ýagdaýyn da bolup geçýän hadysalara aýdylýar. 
Meselem, daşyň 
ýere gaçmagy, tigiriň aýlanmagy, suwuň gaýnamagy we doňmagy, 
lampoçkadan ýagtylygyň bölünip çykmagy, radiodan sesiň çykmagy 
ýaly proseslerde ony düzýän bölejikleriň içki gurluşy üýtgemeýär.
Fiziki hadysalary gönüden-göni 
gözegçilik etmek we tejribede 
barlamak 
arkaly kanunlar açylýar.


10
Fiziki kanun
diýlip, hadysalary häsiýetlendiriji ululyk laryň 
arasyn daky mukdar baglanyşygyndan ybarat bolan aňlatma 
aýdylýar.
Gözegçilik etmek
diýlip, bolup geçýän hadysa täsir etmez den, 
onuň aýratynlygyny öwrenmäge aýdylýar.
Meselem jisimleriň Ýere 
gaçmagyny öwrenmekde, bu hadysany köp ge zek gözegçilik edilensoň 
kanunalaýyklyk tapylýar. Şonuň üçin 
tejribeler
geçirilýär. Tejribeleri 
geçirmekde 
ölçeg
işleri-de alnyp barylýar.
Meselem, suwuň gaýnaýşy öwrenilende, termometr bilen onuň 
temperaturasy ölçelýär.
Şeýlelikde, fiziki bilimleriň çeşmesi 
gözegçilikler we tejribe 
geçirmekden
ybarat eken.
1. 1-nji surata garap fiziki jisimleri we jisimler sistemasyny 
görkeziň.
2. Gözegçilik bilen tejribäniň nähili tapawudy bar?
3. Fizika degişli tejribelere mysallar getiriň.

Yüklə 9 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   131




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©azkurs.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin